Döredijilik adamlarynyň durmuşyndan

    1967-nji ýylyň tomus aýlarynda belli kinorežissýor, Türkmenistanyň halk artisti Meret Atahanow özbegistanyň Hywa şäherinde belli dramaturg Guseýin Muhtarowyň «30-njy ýyllar» taryhy dramasy esa- synda «Ýanýan arabanyň ýoly» atly çeper filmi surata düşürýärdi. Şol filmde ussat artistler Artyk Jallyýew, Akmyrat Bäşimow, Şükür Kulyýew dagylar esasy keşplerde surata düşýärdiler.

Günleriň birinde aýlygyň ujundan birazrak sowalga pul berdiler. Biz Hywa şäheriniň myhmanhanasynda Artyk Jallyýew, Akmyrat Bäşimow filmiň ikinji režissýory Öwlüýäguly Kulyýew dagymyz gümür-ýamyr edip otyrdyk. Ine, birden hem gapydan Şükür aga girdi. Akmyrat bilen Şükür aga hemişe degişmäni gowy görerdiler. Akmyrat:

—    Şurik (ol oňa hemişe degşip Şurik diýip, ýüzlenýärdi), aýlyk berilýär, aldyňmy? — diýip sorady. Şükür aga-da:

—    Ýok, Patdym (Şükür aga-da Akmyrada şeýle diýip ýüzlenýärdi), heniz-ä alamok — diýdi. Akmyrat hem:

—    Beýle bolsa, pul gutarmanka ýet, Şükür — diýip, gyssap, Şükür aganam ugratdy Esli wagtdan soň keýpsiz, eline sähelçe pul alyp Şükürem gapydan girdi.  Men:

—    Näme, Şükür aga, keýpiň ýok-la — diýip, soradym. Şükür aga-da:

—    Näme, eýsem, keýpiň bolarmy? Aýlyk diýip, berýäni garawulyň aýlygy ýaly-la, bu kinoartistiň aýlygyna meňzänok ahyry, Oraz jan — diýip, zeýrendi. Akmyrat hem durup bilmän:

—    Näme, eýsem, bir gezekde ogluňy öýeräýjekmidiň? Bu «hamyr ujundan petir» diýen ýaly biraz sowalga üçin berilýär ahyry diýip, degişdi. Ynha aýyň ahyrynda jemläp lomaýja berler — diýip, kikir-kikir güldi. Hemmämiz gülüşdik. Şüküraga-da:

—    Aý, Patdym, sen hem bir zadyňy aýtmasaň hakyňy gidirýän ýaly — diýip güldi.
Söwda

Belli söz ussady, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Berdi Kerbabaýew wagtal-wagtal bazara aýlanyp, gerek zatlaryny özi alar ekeni. Şonuň ýaly günleriň birinde, ol bazara goýun almaga barýar. Bazarda bir goýny bahaladyp, satyjy bilen biraz çekeleşýär. Satyjy:

—    Berdi aga, siz, näme, çekeleşip dursuňyz, ogluňyz Baky käte gelip, goýun satyn alyp gidýär. Ýöne ol siz ýaly çekeleşip durman, näçe baha kessek, şol bahany  berip alyp gidiberýär — diýende, Berdi aga:

—    Wah, jan inim, oglumyň kakasy bar-da, meniň welin kakam ýok — diýip, ýylgyrýar.
Myhman

Türkmenistanyň at gazanan artisti Amannazar Ataýew bilen belli sazşynas, filologiýa ylymlarynyň kandidaty, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Akmuhammet Aşyrow biri-biri bilen gowy gatnaşýardy. Ikisi biri-birini görende degişmäni gowy görerdi. Käte Akmuhammediň öteräk geçýän pursatlary Amannazaryň öýkeleýän wagtlary hem bolýardy. Men hut şolar ýaly ýagdaýyň janly şaýady boldum. Bir şenbe güni Akmuhammet:

—    Ýör, öýe gideli, gelnejeň şu gün gowy hyzmat edäýmegi mümkin. Gowy tagamlar taýýarlaýan bolsa gerek — diýip, günüme goýman Berzeňňi şäherçesinde ýaşaýan öýlerine alyp gitdi. Barsak, olaryň öýlerinde Akmuhammediň çagalaryny daşyna üýşürip (onuň 14 töweregi çagasy bardy) Amannazar otyr ekeni. Akmuhammet hem begenip:

—    Boh-ow, Amannazar, hoş gelipsiň, «Ýagşy ýigit aş üstüne» diýipdirler — diýip, salamlaşmak üçin elini uzadanda Amannazar onuň elini kakyp goýberdi-de, beýlesine bakyp oturdy. Akmuhammet aňka-taňka bolup:

—    Amannazar, saňa näme boldy-how? — diýdi. Amannazar hem:

—    Men seniň bilen ters, gepleşemok, sen men barada bolar-bolgusyz degişmeler ýaýradyp ýörmüşiň. Geljek hem däldim welin, myhmanhanadan ýer tapmanymdan soň geläýdim, sen öz işiň bilen boluber. Men ýatylýança şu çagalar bilen güýmenerin, daň bilen sen turmankaň hem turup giderin. Iş-aladam ýeterlik — diýip, beýlesine bakdy. Akmuhammediň ogullary hem örän garagol-da. Olar öwrenişenlerinden soň, biri Amannazaryň gulagyndan çekse, ýene biri saçyndan çekýär. Beýlekisi bolsa, böküp boýnuna münýär. Biz hem bilmedik bolup, bir çetde gürleşip otyrys. Ahyry Amannazar çydaman:

—    A-how, Akmuhammet, çagalaryň örän ýakymsyz ekeni. Bolmasa men gidýänçäm Murgaba, atalaryna ugradaýsaň hem bolardy — diýip, dil açdy.

Hemmämiz hezil edip gülüşdik. Amannazaryň kem-kemden öýkesi ýazyldy. Soň hezil edip saz çalyp berdi. Biz hem gijäniň birwagtyna çenli lezzet alyp, saz dlňläp oturdyk.

 

Orazdurdy Hojaýew, Türkmenistanyň hal artisti.