ARTISTLERIŇ DURMUŞYNDAN

Günüme goyanog-a...

Gyş günleriniň birinde Türkmenistanyň at gazanan artisti Oguljan Bekiýewa gowja sowuklapdyr. Ol yzyny üzmän üsgürýärmişin. Edil bilgeşleýin bolýan ýaly, şol ýagdaýa onuň kärdeşleriniň biri hem düşüpdir. Olar sahna çykmazynyň öňýany gezekleşip diýen ýaly üsgürýärmişler. Bu ýagdaýa režissýor uzak çydam edip oturyp bilmän-dir. Ol ahyry: «Goýaýyň, ho-w. Siz-ä sözsüz habarlaşmanyň täze görnüşini tapdyňyz öýdýän?!» diýipdir.

Oguljanmy, oňa jogap bermän oturjak. Olam:

«Wah, men oňa şunça aýtdymam welin, meni halys günüme goýanog-a» diýip jogap beripdir.

Atan okuň nyşana degýärmi?

Bir gün sahnada spektakla taýýarlanyp ýören Oguljan Bekiýewa bir gyra çekilip, bir zatlar iýmäge başlapdyr. Şol wagt artistleriň biri sahnada aýtmaly sözlerini gaýtalap oturan eken. Ol: «Eý, keýijek, gökje otlary çürten bolýaňmy? Men häzir seni gäwüşemez ýaly ederin» diýip, tüpeňini atyp goýberipdir. Onuň aýdan zatlaryny özüne çeken Oguljan: «Aý, oglan, oky tüýs nyşanalap ataýýaň-la!» diýip, nägileligini bildiripdir.

Süýji gaty süýjüd-ä...

Köp iýmegi halaýan Oguljan horlanyp, syrdam bolmagy ýüregine düwüpdir. Özüne ynamy bolmansoň, jorasyna köp iýjek bolaýsa duýduryş bermegi tabşyrypdyr. Ol şol niýet bilen hem ep-esli wagtlap ujypsyzja iýmite oňňut edipdir. Emma bu ýagdaý gaty bir uzaga çek- meýär. Ine, bir günem gizlenip süýji iýip otyrka, duýdansyz jorasyna üs- tüni basdyraýýar. Jorasy: «Oguljan, edýäniň näme? Hany, basym goý eliňdäkileri» diýip, oňa gatyrganýar. Müýnli ýaly başyny aşak salyp oturan Oguljan: «Wah, jorajan, men iýjek däl-le welin, süýji gaty süýjü- dä!» diýip jogap berýär.