TEATR REŽISSÝORY GELDI SEÝDIÝEW

    Biziň söhbedimiz tanymal teatr režissýory Geldi Seýdiýew hakynda. Ol 1940-njy ýylda Tejen şäherinde dünýä inýär. Orta mekdebi tamamlandan soň, Moskwanyň A.W.Lunaçarskiý adyndaky Döwlet teatral institutynyň teatr bölümine okuwa girýär. Öz döwründe ýurdumyzyň belli teatr we kino artistleriniň tälim alan institutynyň halypa mugallymlary B.Bibikow bilen O.Pižowanyň elinde okaýar. Halypa mugallymlar okuwyň ilkinji günlerinden güneşli Türkmenistandan gelen garaýagyz ýigidiň režissýorlyk hem-de artistlik hünärine bolan yhlasyny duýýarlar. Olar sungata yhlasly talyba teatr sungatynyň syrlaryny içgin öwredip, onuň geljekde tanymal sahna ussady bolup ýetişmegi üçin alada edipdirler. 

G.Seýdiýew talyplyk ýyllary Moskwa şäheriniň teatrlaryna ýygy-ýygydan baryp, tanymal artistleriň gatnaşmagynda sahnalaşdyrylýan spektakllara yzygiderli tomaşa edipdir. Moskwa şäheri hem-de bu şäherde ýerleşýän dünýä belli teatrlarda görkezilýän spektakllar onda ýatdan çykmajak täsir galdyrypdyr. Ol okuwyny tamamlap, dogduk mekanyna dolanyp gelensoň, türkmen teatrynda täsirli spektakllary sahnalaşdyrmagyň arzuwynda bolupdyr. 

Geldi Seýdiýew üçin 1964-nji ýyl ýatda galyjy wakalara baý ýyl bolýar. Şol ýyl ol okuwyny üstünlikli tamamlap, şol döwürdäki Aman Gulmämmedow adyndaky Ýaş tomaşaçylar teatrynda, soňra Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki teatrynda işe başlaýar. Ol işe başlan gününden režissýor hökmünde türkmen we daşary ýurtly dramaturglaryň pýesalaryny sahnalaşdyrmaga girişýär. Ýaş, öz kärine berlen režissýoryň erjelligi halypa artistlerimiziň, režissýorlarymyzyň ünsüni çekýär. 

Ol teatrda dramaturglar A.Mämiliýewiň «Söýgi duralgasy», B.Suhanowyň «Ýüregiň emri», «Täze öý» G.Muhtarowyň «Şeýtan zürýatlary», A.Agabaýewiň «Bir görlen tanyş», S.Myradowyň «Magtymguly» ýaly pýesalaryny sahnalaşdyrýar. Bu spektakllar tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylanyp, uzak ýyllar teatr sahnasynyň özboluşly bezegine öwrülýär. 

Onuň režissýor hökmünde dramaturg A.Agabaýewiň pýesasy esasynda sahnalaşdyran «Bir görlen tanyş» atly spektaklynda 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşuna gatnaşan, söweş meýdanlarynda edermenlik görkezen türkmen esgeriniň ejesi Bossan daýzanyň başdan geçirýän ruhy ahwaly gürrüň edilýär. Spektaklyň many-mazmuny, çeperçilik taýdan kämilligi hem-de onda baş keşpleri janlandyran halypa artistlerimiz Sabyr Ataýewanyň, Aman Gurbandurdyýewiň, Welmyrat Amanowyň ussatlygy barada öz döwründe ýurdumyzyň gazet-žurnallarynda giňişleýin syn ýazyldy. 1985-nji ýylda bu spektaklyň awtory, dramaturg A.Agabaýew hem-de onda baş keşpleri janlandyran halypa artistlerimiz S.Ataýewa, A.Gurbandurdyýew Magtymguly adyndaky Halkara baýragyna mynasyp boldy. 

Geldi Seýdiýewiň sahnalaşdyran, uzak ýyllaryň dowamynda tomaşaçylara görkezilen spektakllaryň biri-de, ispan dramaturgy F.G.Lorkanyň «Bernarda Albanyň öýi» atly dramasydyr. Ispan maşgalasynda bolup geçýän, ynsanyň ruhy-ahlak gymmatlyklary hakynda gürrüň berilýän bu spektakl oňa režissýor hökmünde uly üstünlik getirdi. Spektaklda öz döwründe milli teatr sungatymyzyň ösmegine saldamly goşant goşan S.Myradowa, F.Alyýewa, Ý.Garaýewa, G.Aşyrowa ýaly artistlerimiz baş gahrymanlaryň keşplerini ussatlarça janlandyrmagy başardylar. 

G.Seýdiýew kino sungatynda hem güýjüni synap, tanymal kino ussatlarymyz tarapyndan dürli ýyllarda surata düşürilen «Mukamyň syry», «Ýaşlygymyň dessany», «Öz obamyň adamlary», «Mollanepes», «Ene toprak» ýaly çeper filmlerde ýatda galyjy keşpleri döretdi. 

G.Seýdiýew ozalky Alty Garlyýew adyndaky «Türkmenfilm» kinostudiýasynyň terjime bölüminde işlän ýyllary daşary ýurtlaryň dünýä belli kinorežissýorlarynyň surata düşüren çeper filmlerini türkmen diline terjime etmekde-de köp işleri etdi. Halkara kinofestiwallarda baş baýraklara mynasyp bolan şol filmleriň türkmen tomaşaçylaryna has düşnükli bolmagy üçin ukyp-başarnygyny gaýgyrmady. 

Aramyzdan gideli bäri ençeme ýyllaryň geçendigine garamazdan, režissýor, artist, terjimeçi Geldi Seýdiýew baradaky ýakymly ýatlamalar biziň kalbymyzda ýaşaýar. Ýaşan manyly ömrüni milli teatr we kino sungatymyzyň ösmegine bagyş eden halypanyň geçen durmuş we sungat ýoly ýaş zehinler tarapyndan öwrenilýär. 

Öwezmyrat ÖWEZOW, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy.