Türkmenistanyň halk artisti Welmyrat Amanow bilen söhbetdeşlik

       Garaşsyz Diýarymyzyň Baş drama teatrynda biregne elli ýyla golaý işläp gelýän bu ýaşuly artist bilen duşuşyp, söhbetdeş bolmagy köpden bäri arzuw edip ýördüm. Ynha, günleriň bir güni meniň bu arzuwym hasyl boldy oturyberdi. Göwün güneşi ýüzünde ýylgyryp duran ýaşuly artist bizi türkmen açyk göwünliligi bilen garşylady.

— Welmyrat Amanowiç, çagalyk döwrüňiziň artist bolmaklyga imrinişiňiz beýleki teatr ussatlarymyzyň çagalyk ýyllaryna meňzeşräk bolsa-ha, onda başga sowala geçäýeýin...

—Teatr sungatyna ymtylyşym beýleki sahna ussatlaryna meňzeş däldi- gi üçin, ilkinji sowaly dowam edäýin. Men Aşgabatda doglan. 1956-njy ýylda daýym Baýram Orazow meni teatra alyp gitdi. Biziň tomaşa eden sahna oýnumyz «Bagbanyň gyzydy». Oýna çaga höwesim bilen sere- demsoň, çaga göwnümde sahnada oýnaýan artistleriň hereketi nagyş bolup galdy. Dogrusy, düýşümde-de, huşumda-da şol artistler. Göwnüme özümem olar bilen bile sahnada hereket edip ýören ýalydym. Sekiz ýaşymdakam Baýram daýym meni çagalar we ýetginjekler köşgüne äkitdi. Şeýdip dutarçylar gurnagyna gatnap başladym. Görsem, köşkde drama gurnagy hem bar eken. Derrew gurnak ýolbaşçysy Gyzyl Batyrowyň ýanyna baryp, şol günüň özünde drama gurnagyna gatnaşdym. Baýram daýym bu hakda eşiden ekeni. «Näme, ýegen, dutardan drama bökdüňmi? Indi özüm seni yzyňa bökdürerin» diýip, Gyzyl Batyrowyň ýanyna gitdi. Gyzyl Batyrow meniň çaga höwesime badak urmazlygy daýymdan uly haýyş edipdir. Daýym lapykeç öýe geldi-de, meniň deňimden elini silkip geçip gitdi. Pirli Körpäýewiň ýazan sahna oýnunda akyllyja oglanjygyň keşbinde çykyş edenimde, Gyzyl Batyrow daýymy tomaşa etmäge çagyrdy. Emma Baýram daýym oýny görmäge gelmedi. Maňa bolsa daýymyň meni gelip görmegi däl-de, özümiň sahnada oýnamagym diýseň hoş ýakýardy. 1961-nji ýyldan başlap, türkmen telewideniýesinde režissýor režissýor Aýnabat Amanlyýewanyň ýolbaşçylygynda geçirilýän okuw taýýarlyklaryna gatnap başladym. Şol ýerde Türkmenistanyň halk artisti Akmyrat Çaryýew bilen tanyşdym. Baýram daýym gözümi açyp görýänim teatr sahnasydygyny bilip, meni Nebitdagdaky (häzirki Balkanabat şäheri) ne- bitçilik tehnikumyna okuwa ugratdy.

Bu ýerde-de okuwdan soň, welaýat telewideniýesindäki teatr artistleriniň toparyna gatnaşdym. Teatra, sah- na ýüregim bilen berlemsoň, okuw ýadymdan çykan ekeni. Resmina- malarymy elime tutdurdylar. Menem Aşgabada — öýmüze gaýtdym. Ýöne bu ahwala asla gynanmadym, sebäp teatr sungatyna söýgim örän güýçlüdi. Meniň ömrüm, ykbalym şoldy. Ol ýerdäki welaýat telewideniýesinde Türkmenistanyň halk artisti Ogulgurban Durdyýewa dagy bilen tanşanyma diýseň begendim.

 Baýram daýymyň gahary gelip, «Gözüň işçilikden açylmasyn» di- ýip, Aşgabatdaky lokomotiw depo işçi edip ýerleşdirdi. Çünki ol meniň teatr artisti bolmagymy halamaýardy. Ýöne ykbal bu ýerde-de meni teatr sahnasyna baglady. Şeýdip çagalyk ýyllarym-da, ýetginjeklik ýyllarym-da sahna bilen geçdi, sahna zehinimi ýiteltdi, dura-bara taplady. Bu ýerdäki drama gurnagyna gatnadym. «Padymanyň gyzy» atly dramada baýyň keşbini ýerine ýetirdim.

1966-njy ýylda ykbalymda düýpli öwrülişik boldy. Şol ýyl Daşkendiň A.N.Ostrowskiý adyndaky teatr we çeperçilik institutynyň aktýorçylyk bölümine okuwa girdim. Synagdan geçenimde, beýlekileriňkä meňzemeýän bir görnüş taýýarladym, ýagny azerbaýjan şahyry Akram Naýybowyň Nobat bagşa bagyşlan goşgusy boýunça kiçijik sahna hereketleridi. Synagdan geçip, öýümize gelip, «Eje, men-ä teatr institutyna girdim, Daşkentde okamaly» diýenimde, ejem gözüne ýaş aýlap: «Oglum, seniň şeýle erjelligiňe men-ä haýran. Bar, balam, sag-aman okap gel» diýip, ak pata berdi. Baýram daýym hem bu gezek gaňryşyma gaýtmady. Daýym mähir bilen elimi gysdy-da: «Ýegen, sen utduň. Indi abraý bilen okap, üstünlik gazan» diýip sarganda, men «Daýy, siz bu gün däl-de, meni çagajykgam ilkinji gezek teatra äkideniňizde utulypdyňyz» diýip degşenimde, daýym meni gujaklap: «Ýegen, men oýunçy däl, utularym ýaly, oýunçy sen ahyryn» diýip, hezil edip güldi.

— Welmyrat Amanowiç, çagalykdaky, ýetginjeklikdäki «Daýy-ýe- gen» oýnuňyza tomaşa etdik. Indi Daşkentdäki teatr sahnasynda oý- nan bir sahna oýnuňyza-da gaýybana tomaşa edäýsek...

— Institutda meşhur rus şahyry A.S.Puşkiniň «Husyt rysar» atly pýesasynda husyt baý kişiniň keşbini ýerine ýetirdim. Tütçar baý garry rysaryň ogly Albert meniň ýanyma — husyt baý adamyň ýanyna karz pul sorap gelýär.

Ol şonda: «Kakam garry adam. Birden ýurduny täzeläýse ähli emlägi mirasdüşere — maňa galýar. Graflyk sözümi berýän, maňa ynanaýyň, men siz bilen hökman üzülişerin» diýende, husyt kişi: «Haý, akmajyk diýsänim, seniň bu sözleriňe kim ynanar. Käte ýaşyň garrydan öňürtiläýýän halaty-da bolýar. Hany, basym yzyňa dolan» diýip kowup goýberýär.

Instituty tamamlap, 1970-nji ýylda Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatryna (häzirki Baş drama teatry) işe geldim. Türkmenistanyň at gazanan artisti, režissýor Aman Kömekow meşhur amerikan ýazyjysy Ernest Hemingueýiň «Ret bol, ýarag!» eseri bo- ýunça goýan sahna oýnunda maňa lukman Emmerihiň keşbini ynandy. Ussat artistler bilen oýnamak mende çekinjeňlik döredýärdi. Režissýor muny duýdy-da, meniň bilen özbaşdak taýýarlyk geçmäge başlady. Ana, şol-da meni teatr dünýäsiniň kämilligine tarap alyp gitdi.

—    Kämillik sahnada ýüze çykýar. Artistiň zehini sahnada taplanýar. Artist öz zehin ussatlygyny sahnada tomaşaçylara görkezýär. Artist, ýagny siz bilen tomaşaçynyň arasyndaky gatnaşyk nähili bolduka?

—    Muňa ýönekeýje mysal aýdaýaýyn. Ýazyjy Hemra Şirowyň «Akpamyk we döwler» atly sahna eserinde men Akpamygyň pişigi bolup oýnadym. Bu pýesany Türkmenistanyň halk artisti halk artisti Kakajan Aşyrow sahnalaşdyrdy. Pýesanyň tomaşaçylara ilkinji görkezilişinde, Akpamyk ýedi doganyny gözläp ýola düşende, tigirlenip
barýan çöregi pişigi iýýär. Akpamyk «Çöregimi kim iýdi?» diýip aglanda, pişigi arkaýyn: «Men-ä iýemok» diýip ýalan sözlände, oturan tomaşaçylaryň biri özüniň teatrdadygyny unudyp, ýerinden turup batly sesi bilen gygyrdy: «Ynanma, gyzjagaz, ýalan sözleýär kezzap pişik, hakyt çöregi şol iýdi».

Gülküli sahna görnüşleri artistiň kalbyny joşdurýar. Türkmenistanyň halk artisti Annamyrat Berdiýewiň gaýtadan sahnalaşdyran «Söýgi duralgasy» atly pýesasynda çykyş edemde, özüm-ä şeýle duýgulary başdan geçirýärin. Duralgada ulaga garaşýan erkek hem zenan maşgala söhbetdeş bolýarlar. Netijede olaryň biri sallah, biri başy boş maşgala bolup çykýar. Zenan maşgala: «Adamymyň Meleguş atly aty bardy. Baý, şony men şeýle gowy görýärdim, şeýle gowy görýärdim» diýende, erkek kişi: «Şol Meleguş ýaly mele at — Meleguş mende-de bar. Ýörüň, öýe baryň, ol aty görkezeýin. Eger maňa durmuşa çyksaňyz, siz ol aty her gün görersiňiz» diýýär. Şonda aýal ýylgyrýar-da, şeýle diýýär: «Saňa durmuşa çykmasam hem çykmazdym, häýt, Meleguş diýdiň-dä» diýip, durmuşa çykmaga razylyk berýär. 

— Welmyrat Amanowiç, artistiň zehiniň sahnada taplanyşy ýaly, drama eseriniň sahnada, ýagny - teatrda taplanýan mahaly bolýarmy?

— Dagy näme, bir gezek belli şahyr, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Annaberdi Agabaýew teatra «Minaly meýdan» atly drama eserini getirdi. Belli režissýor Geldi Seýdiýew bilen birlikde teatryň artistleri Amangeldi Gurbandurdyýew, Sabyr Ataýewa hem-de özüm belliklerimizi — görnüşleri üýtgetmegi, sahna gelişýän wakalary seçip almagy, dartgynlylygy güýçlendirmegi awtora aýtdyk. A.Agabaýew gür gaşlaryny bürüşdirip, pýesanyň ýazgysyny myjyrdadyp, torbasyna salyp, gaharlanyp çykyp gitdi. Bir hepdeden hem pýesanyň düýbünden täze görnüşini getirdi. Pýesa «Bir görlen tanyş» diýip, täze at goýupdyr. Ine, teatrymyzda şeýdip sahna eserleri taplanýar. Şeýle taplanan drama eserleriniň biri bolan «Bir görlen tanyş» tomaşaçylaryň uly söýgüsini gazandy. 1985-nji ýylda bu drama oýny Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Döwlet baýragyna mynasyp boldy.

Şu pýesada men içi güjükli Şerip Taganowyň keşbini ýerine ýetirdim. Bir gezek Mary welaýatynyň Hanhowuz düzlüginde pagtaçylar arakesmä çykanda, bu oýny olara görkezdik. Gapdalymyzdan suwly ýap akyp ýatyrdy.

Oýun gidip durka meniň erbet häsiýetimi halamadyk iki ýaş ýigit wakany çyndyr öýdüp, galmagal etdiler. Hälem iş dolandyryjymyz Tylla Ýakubowa olara düşündirmegi başardy. Çyndanam olar meni gapdalymyzdaky suwly ýaba süsdürjek ekeni. Soňra olar: «Bagyşla, agam» diýip ötünç soradylar.

—    Welmyrat Amanowiç, siz Baş drama teatrynyň ýanynda açylan drama studiýasynyň okuw müdiri bolup işlediňiz. Bu ýerde, elbet-de, ýaş artistler taýýarlanyldy. Bular hakda-da aýdaýsaňyz.

—    Bu teatr studiýasynda okanlar, elbetde, teatr sungatyna ilkinji ädimleri ädýärler. Bu on aýlyk tölegli okuw. Teatr-studiýany tamamlan okuwçymyz Türkmen döwlet medeniýet institutyna okuwa girdi. Munuň özi bizi diýseň begendirýär. Şägirt ýetişdirmek — halypanyň daragtynyň gol ýaýmagy, köküniň çuňlaşmagy. Halypalyk, şägirtlik, umuman, artistlik juda kyn ýol. Mundan birnäçe ýyl ozal teatr studiýanyň çeperçilik maslahatynda okuwçylarymyzyň biriniň örän gowşak okaýandygy aýdyldy. Şonda men oňa özümiň halypalyk etjekdigimi, onuň zehininiň bardygyny, ýöne örän çekinjeňdigini aýtdym. Netijede onuň bilen özbaşdak sapak geçdim, ýörite taýýarlyklar bilen yzygiderli tälim berdim. Ol şägirdim, tüweleme, ussat artist bolup ýetişdi, «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ada mynasyp boldy.

— Welmyrat Amanowiç, siz «Magtymguly Pyragy» medalynyň eýesi.

—    Çagalykdan bäri Magtymguly Pyragy meniň kalbymda ýaşaýar. Akyldaryň şygyrlarynyň hersi bir uly danyşment. Ony labyzly okanymda, juda tolgunýan. Ol şygyrlaryň dünýäsine dolsaň, bir-de kalbyň gözýaşa ýuwulýar, birde hem göwnüň atbaşy dek batyra öwrülýär. (Ýaşuly artist Magtymgulynyň «Armanym galdy» şygryny şahyryň keşbine girip, aýralyk duýgusy bilen okady. Indi şahyryň «Türkmeniň» şygryny-da okaýaýyn.

(Artist şygry şeýle ruhubelentlik, uly hyjuw-hyruç bilen okady). Ine, gördüňizmi, «Beg, töre, aksakal ýurduň eýesi» diýýär. Hormatly Prezidentimiz dana ýaşulularymyza hemişe uly hormat goýýar. Olar bilen her ýylda Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatyny geçirýär. Sebäp biziň ýaşulularymyz — parasatlylyk eseriniň akyl hazynasy, geljegiň nazaryýeti.

Hormatly Prezidentimiziň özi-de akyldar şahyryň: «Göteriler ol ykbaly türkmeniň» diýen setirini uly joşgun bilen okaýar. Çünki onda dünýäniň uly manysy bar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyz diňe bir halkymyzyň däl, eýsem, ähli adamzadyň ykbalyny götermek, Ýer ýüzüniň ýaşaýjylarynyň bagtyýarlykda ýaşamagy ugrunda dünýä ähmiýetli beýik işleri amala aşyrýar.

Şu ýerde hormatly Prezidentimiziň milli teatr sungatymyza goýýan belent sarpasy bolan, ýakynda kabul edilen «Teatr we teatr işi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny hakynda aýdanymyzda, buýsançdan ýaňa de- päm gök direýär. Milli teatrymyzyň şu güni we geljegi hakyndaky beýik paýhas bilen gurşalan bu Kanun ýurdumyzyň ähli teatr işgärleriniň döredijilik ylhamynyň binýady bolup durýar. Ýurdumyzda we dünýäde milli teatr sungatymyzyň güýçli gülläp ösmegine aýdyň ýollary açýan, kanuny hukuga esaslanýan ajaýyp resminama biz teatr işgärleri üçin belent ruh bilen işlemäge we döretmäge ýol görkeziji çyrag bolar. Munuň üçin biz, teatr işgärleri Gahryman Arkadagymyza çäksiz alkyş aýdýarys.

—    Welmyrat Amanowiç, biz hem size dana Arkadagymyzyň beýik paýhas-parasadynyň saýasynda, bagtyýarlyk döwrümiziň nurana ýalkymynda hemişe ruhubelent we joşgunly zähmet çekmegi arzuw edýäris.

Söhbetdeş bolan Süleýman ILAMANOW