Türkmenistanyň at gazanan artisti Amanbibi ABDYRAHMANOWA

Ynsanyň tebigatdan alan ajaýyp ukyplarynyň biri-de duýmak, akyl ýetirmek endigidir. Adam ogly bütin durmuşynyň dowamynda ýaşaýşyny gözelleşdirmegiň, bezemegiň gözleginde. Ajaýyp sungat dünýäsi hem şol gözlegleriň netijesi bolsa gerek. Ol bizi özündäki gözellik şalygyna durky bilen bendi edip goýýar. Sungaty döredijiler hem bu şalygyň gahrymanyna öwrülýärler. Käbir gahrymanlar bolsa, biziň ruhy dünýämizi tutus düýrmegi bilen gurşap alýar. Biz hem teatr sungatynda ynsan duýgularynyň has inçe syrlaryna aralaşmagy başarýan ajaýyp keşpleri döreden Türkmenistanyň at gazanan artisti Amanbibi ABDYRAHMANOWA bilen sahna dünýäsiniň täsinlikleri dogrusynda söhbetdeş bolduk.

—    Adatça, meşhur artistleriň hemmesi diýen ýaly bu käre ýaşlykdan höwesek bolýarlar. Ýöne biz siziň ilki mugallymçylyk kärini saýlandygyňyz hakynda-da eşidipdik.

—    Durmuşda ýürekde beslenen arzuwlara aňsatlyk bilen ýetip hem bolmaýar. Menem heniz artist bolmagyň nämedigine düşünmeýärkäm hem mekdepde goýulýan sahnalara uly höwes bilen gatnaşardym. Gözel

Hazaryň kenarynda deň-duşlarym bilen küşt depip, gazal aýdardyk. Ine, bir günem obamyza ejekem, Türkmenistanyň halk artisti Täçbibi Gafurowa dagy «Söýgi duralgasy» spektaklyny görkezmäge geldiler. Ol spektakla tomaşa etmegim mende sungat älemine bolan çäksiz höwesi oýardy. Şol günden soň diňe artist bolmak höwesi bilen ýaşadym. Emma bu amala aşmajak arzuwlaryň biri diýilýänidi. Sebäbi, kakam meniň artist bolmagyma düýbünden garşydy. Okuwçy döwrüm özüm pýesa ýazyp, mekdep sahnasynda sahnalaşdyrypdym. Ýadyma düşýär, maňa gahrymanlary saýlamak gaty kyn düşüpdi. Has hem gaýynenäniň keşbini janlandyrmaga hiç kim döwtalap bolmandy. Ahyryn ony özüm ýerine ýetirmeli bolupdym. Pýesany ilkinji gezek goýandygyma seretmezden, diýseň şowly çykypdy. Etrap bäsleşikleriniň hem ençe- mesinde ýeňiji bolmagy başarypdym.

Bu üstünligimden soň-a «Eýtmeli-beýtmeli, hökman artist bolmaly» diýip pikir etmäge başladym. Kakam artistçilige rugsat bermese-de, mugallym bolmagyma garşy bolup durmady. Şeýdip, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine okuwa girdim. Ol ýerde okaýarkam hem teatra yzygiderli gatnaýardym. Baş gahrymanlaryň ýerinde özümi goýup görýärdim. Ahyry arzuwlarym hemme zatdan üstün çykdy. Men uniwersitetden el çekip, şol wagtky Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatrynyň artistleri taýýarlaýan üç ýyllyk okuwyna girdim. Şeýdibem, tutanýerliligim bilen ýüregimde beslän arzuwlaryma ýetdim. 

— Teatra ýörite taýýarlyk geçmezden gelen bolsaňyz, ilki-ilkiler käbir kynçylyklar-a bolandyr?

— Teatrda «Bir görlen tanyş» spektakly goýlanda Türkmenistanyň halk artisti Sabyr Ataýewanyň janlandyrýan gahrymanynyň agtygy Keýik atly gyzyň keşbini janlandyrypdym. Sabyr Ataýewa menden beýleki jaýdan oglundan gelen haty getirmegi talap edýärdi. Ýöne ol sözüni jemlemänkä sahna çykypdyryn. Ol ýalňyşymy düzetmek maksady bilen: «Dur, gyzym! Sen entäk hatyň nirededigini bileňog-a?! Ol sandygyň içindedir» diýip, ýalňyşlygy ýapyp goýberdi. Şol bada ýalňyşanymy aňdym. Men ony gujaklap, dyzyma çökdüm-de aglap başladym. Bu meniň ondan ýalňyşym üçin ötünç soradygymdy. Ol başymy sypady-da: «Bar, gyzym! Aglama, goý, duşmanlar aglasyn» diýip, meni turzup goýberdi. Ol ötünç soraýandygyma düşünen eken. Sahnada beýle pursatlaryň ýokdugyna garamazdan, ussat halypa bilen ýalňyşlygy düzetmegiň hötdesinden gelipdik. Bu ýagdaýlar maňa ullakan sapak boldy. Soň sahna has hem jogapkärli, ünsli çemeleşmäge başladym.

—    Sahnada şeýle meşhurlyk gazanmakda halypa artistleriň hem täsiri bolan bolsa gerek. Sizi hem sahnada halypa gören artist hökmünde tanaýarlar.

—    Halypalaryň sapagyny alman, olaryň döredijilik tejribelerinde gazananlaryny özleşdirmän, hakyky artist bolmak mümkin däl. Bizi kämillige tarap äkidýän hem şolaryň nusgalyk ýoly. Men ilkinji halypamyň ussat artist Täçbibi Gafurowa bolandygyny aýdyp bilerin. Teatr sahnasyna-da hut şonuň öňüme düşmegi bilen gelipdim. Ol soň- soňlaram maňa bu käriň inçe syrlaryny öwretmekde zähmetini gaýgyrmaýardy. Türkmenistanyň halk artisti Yelizaweta Garaýewa hem «Gelin gelýär», «Bernardo Albanyň öýi» ýaly spektakllar sahnalaşdyrylanda, meni işden soňam öýüne äkidip taýýarlady. Şeýle-de halypalarym hökmünde ussa artistler Sona Myradowany, Alty Garlyýewi we beýlekileri agzasym gelýär.

—    Artistleriň kämilliginiň syry döredýän keşbiň sözlerini ýaltanman, hereketlerini dogry ýerine ýetirmekdemi ýa-da?

—    Teatr sungatynyň esasy aýratynlarynyň biri döredilýän keşpler ulgamynyň adamlaryň ýaşaýyş-durmuşy bilen berk baglanyşykly bolup, ähmiýeti uly hadasalaryň şol keşplerde giňden açylyp görke- zilýänligindedir.

Şeýle hakykylygyň beýan edilmegi tomaşaçynyň ruhy dünýäsinde artist bilen bile hereket etmegine getirýär. Şeýlelikde, tomaşaçy hyýalynda teatrda bolýan hadysalarda artistiň ýerine özüni goýup görýär. Ýüze çykan meseläni akyl derejesine laýyklykda çözýär. Emma artist onuň bilen bir hörpden gopmaýarda, has oňaýly çözgüt tapýar oturyberýär. Şeýdip, sahnanyň dünýäsine giren tomaşaçynyň dünýägaraýşy giňeýär. Artite geregem şol. Ol tomaşaçynyň gözýetiminiň giňemegine näçe goşant goşup bilse, şonça-da şat. Ine, hakyky artistiň ussatlygynyň syry nirede? Ol tomaşaçyny sahnanyň ruhuna salyp bilmekde

—    Biz Siz bilen eýýäm birnaçe wagtdan bäri söhbet edip otyrys. Siz diňe ýylgyryp gürleşýärsiňiz. Sahnada-da elmydama şadyýan keşpleri döredýän bolsaňyz gerek?

—    Dogrymy aýtsam, edil beýle-de däl. Men teatrda ilkinji gezek «Keýmir kör» spektaklynda Näzigiň keşbini döredipdim. Ol utanjaň häsiýetli türkmen gyzydy. «Horezmin» spektaklynda agras garry aýalyň, «Haram pul» spektaklynda dogumly, özdiýenli gyz bolan Gülbibiniň, «Gelinler» spektaklynda Satdynyň, «Sahawat derýasy» spektaklynda Gytjanyň keşbini we başga-da dürli häsiýetdäki zenanlaryň keşplerini döretdim. Sahnada saňa nähili keşp berilse-de, ýerine ýetirmeli bolýar. Ýöne durmuşda welin, mydama şadyýanlykda ýaşamagy halaýaryn. Sahnadaky häsiýetiň öz häsiýetiň bilen mydama gabat gelip durmaýar. Sen haýsy häsiýetli keşbi döretseň hem ony sahnada öz häsiýetiň ýaly edip görkezmeli bolýar. Durmuşda şadyýan ýaşamak welin, dünýäni gowy tarapyndan görmäge ýardam berýär.

—    Kino sungatynda-da ajaýyp artist hökmünde özüňizi tanatmagy başarypsyňyz.

—    Hawa, men kino sungatynda-da birnäçe keşpleri döredipdim. «Tapagan», «Duýgy», «Ykbal öwrümleri», «Haly hakynda rowaýat», «Talyp durmuşy» ýaly birnäçe filmlerde surata düşdüm. Kino surata düşmegiňem özboluşly gyzykly täsiri bar. Ýöne kinoda keşp döretmegiň teatrdakydan biraz ýeňilräkdigini aýdyp bilerin. Onda tomaşaçynyň öňünde däl-de, öz kärdeşleriň arasynda çykyş etmeli bolýar. Ýalňyşlyklaryňy hem düzetmäge mümkinçilik bolýar.

—    Häzirem täze spektakllarda, täze filmlerde keşp döretmäge taýýarlyk görýänsiňiz-le?

—    Bu günler teatrda G.Daňatarowyň “Yşgyň gämisi” atly sahna oýnuny sahnalaşdyrýarys. Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Nobatguly Rejebowyň «Dessemmil» pýesasy esasynda goýlan oýunda öwünjeň aýal Aýsuluwyň keşbini döretdim. Oýun diýseň gyzykly. Kinoda öňräň surata düşürilen «Buzly köşk» atly filmde Ogultäç daýzanyň keşbini ýerine ýetirdim. Wakalar döwrebap häsiýetliligi bilen tapawutlanýar. Onda hokkeýçi oglan bilen dokmaçy gyzyň söýgüsi hakynda gyzykly durmuş wakalary suratlandyrylýar. Bu film tomaşaçylarymyz tarapyndan gyzgyn garşylandymyka diýip umyt edýärin.

— Teatr sungaty, durmuş tejribeleriňiz hakynda beren gyzykly gür- rüňleriňiz üçin sag boluň. Geljekde-de has kämil keşpleri döredip, halkymyzyň söýgüsini gazanmagyňyzy arzuw edýäris.

— Sag boluň, bütin türkmen halkymyzyň asuda, parahat durmuşda, elmydama bagtyýarlyga beslenen günlerde ýaşamagyny, hormatly Prezidentimiziň belent başynyň dik, janynyň sag, il-ýurt ähmiýetli tutumlarynyň rowaç bolmagyny arzuw edýärin.

Söhbetdeş bolan Ýazbibi RASULOWA