Döredijilik adamlarynyň durmuşyndan

Türkmenistanyň halk artisti Alty Garlyýew diýseň talapkär adam bolupdyr. «Aýgytly ädim» kinofilmi surata düşüriljek bolnanda, Artyk Babalyň keşbine Türkmenistanyň halk artisti Baba Annanowy tassyklapdyr. Onuňam sebäbi Baba Annan ýaşlygyndan aty gowy gö- rüpdir. At münmegi diýseň halapdyr. At bakmagy, seýislemegi ilden soramaly bolmandyr. Babanyň şol wagtky atçylyk zawodyna baryp, özüne mynasyp at saýlaýşyna Alty Garlynyň göwni ýetipdir. Ady belli atşynaslar hem Babanyň at tanaýşyna haýran galypdyr. Baba ençeme atlaryň arasyndan özüne mynasyp bedewi saýlap, çapyp görkezip, eminleriň synagyndan, esasan hem, Alty Garlynyň talapkärliginden şowly geçipdir.

Ýöne Aýnanyň keşbine aktrisa saýlamaly bolanda, Alty Garly bir-
neme kürtdüripdir. Kämillik ýaşyna ýeten ençeme gyzlar synagdan geçirilende, birine-de göwni ýetmändir. Käbiriniň sözleýşine pisindi oturmandyr. Garaz, hiç bir gyz režissýoryň berk talabyndan geçip bilmändir. Şol günleriň birinde, agşam işden soň öýüne gaýtmak üçin awtobus duralgasyna baryp durupdyr. Awtobus kän garaşdyrman gelýär. Awtobusyň içinde kän adam bolmansoň, Alty Garly yzky oturgyçlaryň birine baryp ornaşýar.

Onuň bar oý-pikiri Aýnanyň keşbinde oýnajak ýaş gyz baradady.

Awtobus birki duralga geçip saklanýar. Şol wagt awtobusa 16-18 ýaşlaryndaky bir rus gyzy münýär. Boý-kamaty ýetik, owadan maş- galany görüp, Alty Garly edil çaga ýaly begenýär:

— Tapdym. Men Aýnany oýnajak gyzy gördüm — diýýär. 

Awtobusdaky adamlar ses gelen tarapa üşerilişip seredýärler. Ýaňky awtobusa münen gyz hem:

—    Maňa bir zat diýdiňizmi? — diýip, rus dilinde gürleýär.

Alty Garly sesini çykarman: «Nähili owadan maşgala ekeni. Ene-atasy bilen gürleşip görmeli. Olardan razylyk almaly» diýip, içinden pikir öwürýär.

Gyz öz duralgasyna ýetip, awtobusdan düşýär-de, öýlerine bakan gidýär. Alty Garly hem gyzyň yzyna düşüberýär. Gyz öýüne gelip, aş- hanadan bir käse suw alyp owurtlaýar. Gyzyň kakasy telewizorly jaýdan çykyp seretse, gyzynyň ýüzi öňküligi däl.

—    Saňa näme boldy? — diýip, rusça soraýar.

—    Kaka, ýaňy siz ýaşlaryndaky bir adam awtobusda otyrka «tap- dym» diýip, begençli gygyrdy. Men awtobusdan düşdüm welin, yzyma düşüp geldi — diýerine mähetdel gapynyň jaňy kakylýar.

Gyzyň kakasy gapyny açanda, ynha, bir nurana adam ýylgyryp dur.

—    Salawmaleýkim, giç ýagşy! - diýip, ol türkmençe salam berýär.

—    Salam — diýip, gyzyň kakasy çalgyrt dilde sözleýär.

—    Maňa Alty Garlyýew diýýärler. «Aýgytly ädim» kinofilmine Aýnanyň keşbine gyz gözläp ýörüs. Siziň gyzyňyz tüýs mynasyp maşgala. Men sizden razylyk almaga geldim — diýip, rus dilinde gürleýär.

Gyzyň kakasy belli kino ägirdini garsa gujaklaýar.

—    Bosagada durma, öýe gireli. Siz nire, bu ýerler nire? — diýýär.

—    Žanna jan, gör, bize kim gelipdir. Bu adam belli artist Alty Garlyýew ahyryn. Ýadyňa düşýärmi, «Çopan ogly» kinofilminde lukman ýigit Gadam Durdyýewin keşbinde çykyş edip, öz gandaryna ýagşylyk eden artist. Bu ýerde gorkar ýaly zat ýok. Sen gowusy, bize bir çäýnek gök çaý ber. Men artistiň haýyşyny diňläýin — diýip, rus dilinde aýdýar.

Ussat artist gyzyň kakasy bilen mesawy gürrüňleşip, ep-esli oturýar. Gaýtjak bolanynda hem gyzynyň ertir irden kinostudiýa barmagyny haýyş edýär. «Aýgytly ädim» kinofilminde surata düşürilen gyz şol wagtlar 16 — 17 ýaşlarynda ekeni. Ol gyzyň ady Žanna Smelýanskaýa bolmaly. Bu film uly şan-şöhrata eýe bolýar. Kinoda çykyş eden artistler bolsa sylag hormata, belent atlara mynasyp bolýarlar.

Taýýarlan M.GAÝYBOW.