Halbike Dowyýewanyň Degişmelerinden

«Şemal gaýdyraýmasyn!..»

Bir gün Türkmenistanyň halk artisti Halbike Dowyýewa bir ýere howlugyp, hasanaklap barýan eken. Yanyndaky ýoldaşy onuň bolup barşyny synlapdyr-da: «Jora jan, beýdip top ýaly togarlanmasana!» diýip, ony ýaňsylapdyr. Oňem onuň ýuwaş ýöreýändigine gahary gelip barýan Halbike-de: «Men togarlanyp, sen ýaly peşmekleri alyp gitmesem, birden şemal gaýdyraýmasyn» diýip, jaýdar jogap beripdir.

«Ind-ä gitsemem bolar...»

Baýramçylyk günleri ýakynlansoň Halbike köp türgenleşik geçmeli bolupdyr. Taýýarlanyp gijede ukudan galansoň, ol bir gün işde  hiç zat etmän ukusyny almagy ýüregine düwüpdir. Şol maksat bilen kesellän bolup, mazaly ýatyp ukusyny almakçy bolupdyram welin, onuň ýagdaýyny soramaga gelen kärdeşleriniň biri: «Wah, şu gün gyzymyň doglan günüdi-dä. Men oňa Halbikäni hem äkidip, aýdym aýtdyrjakdym» diýip, gynanjyny bildiripdir. Doglan gün diýlenden pa-law, manty, buglanan towuk ýaly naharlar göz öňüne gelen Halbike birden: «Waý, meniň ýagdaýym gowulaşaýdy. Indi ýaş toýa gitsemem bolar» diýip, syçrap ýerinden turupdyr