Çary BERDIÝEW, Türkmenistanyň halk artisti

—    Sahnada «Alp Arslan» spektakly dowam edýär. Alp Arslan goşuny bilen barýarka ýolda olara türkmenler duşýar. Olaryň serdarlary beýik soltana tagzym edip:

—    Eý, beýik Soltan! Seret, bu dumanly daglara, bossanly baglara, ümmülmez sähralara! Bu daglar, bu baglar, bu sähralar biziň topra- gymyz, türkmeniň ýurdy. Olary goramak üçin, geliň, bir Tuguň daşyna jem bolalyň! — diýýär. Baýdaklar dikilýär, çadyrlar gurulýar, dabara asmana galýar. Şol wagt agzybirligiň, Watan mukaddesliginiň, bir tuguň daşyndaky jebisligiň heýjana getiriji täsiri seni gurşap alýar. Men döredip duran keşbimdäki Alp Arslanyň hut özi bolup, buýsanjyň, söýginiň goýnuna dolýaryn.

Tagzym edilýän mukaddeslikleri kalbyň bilen duýmaly, durkuň, ähli barlygyň bilen, ýürekden söýmeli. Biziň her birimiz öz hünärimiziň ussady bolup, zähmet çeksek, onuň datly hözirini şu Watana, şu topraga bagyş etsek, şol biziň bu mukaddesliklere bolan borjumyzy hakladygy- myzdyr.

Men artist hökmünde döredijilik ýolumda ençeme taryhy keşpleri ýerine ýetirdim. Şol wagtyň dowamynda bolsa, ata-babalarymyzyň Watany näderejede ezizläp saklandygyny bütin durkum bilen syzdym. Oguz han, Görogly, Alp Arslan, Derse han ýaly taryhy gahrymanlaryň keşplerini döredenimde, bu häsiýetiň türkmeniň aslyna, ganyna ene süýdi, ata pähimi bilen girendigine göz ýetirdim. Ýurt Baştutanymyzyň öňdengörüjilikli adyl syýasaty bilen bu gün milli medeniýetimiziň giňden dabaralanýan, kämilleşýän döwründe biz — artistleriň paýyna öz döredýän keşplerimiz bilen Watana bolan beýik söýgini, erkanalygyň aýdymy bolup pasyrdaýan ýaşyl Tugumyzyň mukaddesligini ýürekleriň töründe ezizläp saklamalydygyna ynandyrmak ýaly uly jogapkärçilik düşýär.

Meniň hut özümiň hem döredýän keşplerim mähňban halkymyza, ene topragymyza, Gahryman Arkadagymyza bolan çäksiz söýgimiň beýany. Men keşplerimde aýtmak, beýan etmek isleýän zatlarymy görkezip bilýän bolsam, ony tomaşaçy duýmagy başarýan bolsa, onda zähmetimiň ýerine düşdügi bolar.