Türkmenistanyň halk artisti Ýolaman Hummaýew

  Özümiň sungata dahyllylygym sebäpli, sungat wekilleriniň ömrüni, döredijiligini ýakyndan öwrenýärin.  Olaryň terjimehaly, bu uly ýolda bitiren hyzmatlary hakda içgin gyzyklanýaryn. Olaryň käbirleriniň ömri, döredijilik ýoly, halkyna hyzmaty sende ýatdan çykmajak yz galdyrýar. Nusga alarlyk höwes döredýär. Ine, şeýle adamlaryň biri hem Ýolaman Hummaýewdir.

Ýolaman Hummaýew 1921-nji ýylda Mary etrabynyň ikinji Goňur oba geňeşliginde dogulýar. Ol 1937-nji  ýylda obadaky ýediýyllyk mekdebi gutaryp, Mary etrabynyň şol wagtky Stalin adyndaky davhan birleşigindäki onýyllyk mekdebe okuwa girýär. Onda mekdepde okan döwründe aýdym aýtmak uky ýüze çykýar. Ol özi ýaly oglanlaryň arasynda daýhan birleşigiň meýdanynda aýdym aýdar eken. 

Aýdym ony birjik-de öz erkine goýmandyr. Ýaşlykdan sungata, aýdyma  dörän söýgi Ýolaman Hummaýewi 1939-njy ýylyň güýzünde Aşgabatda açylan opera studiýasyna alyp gelýär. Ol arzuwyna ýetdi, emma jogapkärli iş – ýadawsyz gözlegler öňdedi.  Ýolaman Hummaýew muňa gowy düşünýärdi. 

Şol ýyllary ýatlap, SSSR-iň halk artisti Hydyr Allanurow şeýle diýýär: “Aýdymçy hökmünde Ýolaman üýtgeşik bir tebigy zehindi. Onuň ýumşakdan ýakymly, milli öwüşgünlere diýseň baý liriki dramatik tenor sesi studiýa okuwa gelen günlerinden hemmeleriň ünsüni çekdi. Oňa tälim beren, studiýa okuwa getiren S.Bereznewem, soňra Moskwanyň uly teatrlaryndan gelip, uruş ýyllary bizde teatryň baş dirižýory we baş režissýory bolup işlän S.Ý.Orlanskiý, T.A.Şaraşidze ýaly güýçli hünärmenler Ýolamana “geljegi uly aýdymçy” diýip biçak gowy baha berdiler.

1940-njy  ýylda açylan sazly teatrynyň sahnasynda ýaş artist Ýolaman Hummaýew peýda bolýar. 1941-nji ýylda bolsa türkmen döwlet opera we balet teatry döredilýär. Şonuň üçin türkmen opera sungatynyň döremegi hut Ýolaman Hummaýewiň ady bilen gös-göni baglanyşyklydyr diýmäge hakldyrys. Ýolaman Hummaýew öz döredijiliginiň ilkinji günlerinden tabşyrylan keşpleri janlandyrmakda, aýdyň keşpler döretmekde irginsiz işleýär. Şol zähmet, gözleg ony täze üstünliklere getirýär. Ol gysga wagtyň içinde dürli operalarda birnäçe keşpleri ýerine ýetirýär.  

Elbetde, her keşp hem özbaşdak çemeleşmegi talap edýärdi. Opera teatrynyň açylmagy ýaş zehinlere uly ynam bildirilmegidir. Şolynamy ödemek bolsa Türkmenistanyň halk artistleri Maýa Kulyýewanyň, Annagül Annagulyýewanyň, Ýolaman Hummaýewiň, Hoja Annaýewiň, Hojaw Annadurdyýewiň we başgalaryň paýyna düşdi.

Tebigy zehinli ýaş sungat ussatlary bu ynamy doly ödemäge girişdiler we ödediler. Ýolaman Hummaýew bolsa şol kynçylyklary ýeňijileriň iň tapawutlylaryň biridir. Ol öz sesini türgenleşdirmekde studiýa okuwa gelen günlerinden başlap köp işläpdir. Şeýdip düýnki oba ýerinde, ekin meýdanynda aýdymy zowladýan Ýolaman indi pianinonyň gapdalynda aýdym aýdyp, sesini tertibe salýar we sungatyň ak ýoluna ykjam düşýär. Özüne bolan ynamy berkeýär.

Baş keşpler ilkinji nobatda Ýolaman Hummaýewe tabşyrylypdyr. Ine olaryň birnäçesi: Şahyrana batyr ýürekli Tahyr (“Zöhre-Tahyr”), yşk diwanasy Mejnun (“Leýli-Mejnun”), doň ýürekli kapitan Pinkerton (“Çio-çio-San”), edermen esger Batyr (“Abadan”), alçak ýigit Ilmyrat (“Şasenem-Garyp”) operasynda Ýolaman Hummaýewiň janlandyran bu keşpleri tomaşaçylaryň şu günki ýaly ýatlarynda. Emma Watan üstüne abanan nägehan uruş, Aşgabatda duýdansyz ýer yranma, uruşdan soňky açlyk uly ilde bolşy ýaly, döredijilik işgärlerine hem has agyr degdi. Şeýle-de bolsa döredijilik işgärleri işi birjik-de togtatman, halky göreşe çagyrdylar, olaryň ruhuny göterdiler. Tebigy zehinli Ýolaman Hummaýew bu gürrüňi edilýän ýyllar eýýäm kämilleşen aýdymçy artist hökmünde tanalýardy.   Ol öz sungaty bilen il arasynda “Türkmenistanyň bilbili” adyny alypdy.

Ol ýokarda sanalyp geçilen spektakllardan başga-da, kinoda hem çykyş etdi, “Jadyly dür” filminde Tahyryň keşbini ýerine ýetirdi. 

1944-nji ýylda Merkezi Aziýa döwletleriniň Daşkentde geçirilen ongünlüginde zehinli aýdymçynyň halkyň öňünde bitiren hyzmatlaryny göz öňünde tutup, oňa “Türkmenistanyň at gazanan artisti” diýen hormatly at dakyldy. 

Ýolaman Hummaýew 1946-njy ýylda türkmen edebiýatynyň Moskwada geçirilen ongünlügine gatnaşýar. Bu bolsa ýaş zehinli artiste ýurdumyzyň çäginden daşarda öz ussatlygyny görkezmäge mümkinçilik döretdi. Ýüzlerçe sungat ussatlarynyň öňünde aýdym aýtmak diýseň jogapkärlidi. Oňa Ýolaman Hummaýew oňat düşünýärdi. Şonuň üçin onuň bu çykyşy hem diýseň şowly boldy. Ol Moskwanyň sungat ussatlaryndan hem köp zat öwrendi.

Ýolaman Hummaýewiň zehininiň soňky kämilleşmeginde teatryň baş režissýory Alty Garlyýewiň hem hyzmaty ulydyr. Ýolaman Hummaýew öz dünýägaraýşyny, düşünjesini artdyrmakda köp işläpdir. Sungat işgärleriniň uniwersitetinde okaýar. 1950-nji ýylda Türkmen döwlet opera we balet teatrynyň topary Ýolanam Hummaýewi zähmetkeşler wekilleriniň Aşgabat şäher geňeşine deputatlyga wekil görkezýärler. Ol “Hormat Nyşany” ordenine mynasyp bolýar. 1952-nji ýylyň 19-njy iýunynda bolsa Ýolaman Hummaýewe “Türkmenistanyň halk artisti” diýen hormatly at dakyldy.

Emma ýaşlykda uçran agyr keseli zehinli aýdymçyny uzak işlemäge, döretmäge goýmady. Ol keseli ýeňmäge näçe göreşse-de, kesel ony basmarlady. Şeýlelikde, halkyň aýdymçy ogly Türkmen opera we balet teatrynyň düýbüni tutanlaryň biri Ýolaman Hummaýew 1952-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda 31 ýaşynyň içinde aradan çykdy. Türkmenistanda opera sungatynyň döremegi, ösmegi Ýolaman Hummaýewiň ady bilen berk baglanyşyklydyr.

Bizde adamyň sarpasy belent tutulýar. Şonuň üçinem opera aýdymçylaryndan ilkinjileriň biri Ýolaman Hummaýewiň ady ebedileşdirildi. Marynyň ýörite sazçylyk mekdebi türkmen medeniýetiniň, sungatynyň ilkinji baýdak göterijilerinden biri bolan, döredijilikde ýitmez yz goýan Ýolaman Hummaýewiň adyny göterýär.

Gurbannazar Hojagulyýew.