PURSATLAR

Milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň ösmegine saldamly goşant goşan ussat halypalaryň biri Türkmenistanyň at gazanan artisti, şol döwürdäki Türkmen döwlet pedagogik sungat institutynyň ýekelikde aýdym aýtmak kafedrasynyň müdiri bolan Bäşim Artykowdyr.

Bäşim Artykow ozalky Magtymguly adyndaky opera-balet teatrynda birnäçe ýatda galyjy keşpleri döretdi. Ol şol ýatda galyjy keşpleri Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň halk artisti Maýa Kulyýewa, Medeniýet Şahberdiýewa, Annagül Annakulyýewa ýaly ussatlar bilen bilelikde döretdi. Adrian Şapoşnikow bilen Daňatar Öwezowyň «Şasenem-Garyp» operasynda Garybyň, Weli Muhadowyň «Ganly saka» operasynda Çaryýaryň, P.I.Çaýkowskiniň «Ýewgeniý Onegin» operasynda Lenskiniň, J.Bizäniň «Karmen» operasynda Hosäniň keşplerini özboluşly döredip, tomaşaçylaryň söýgüsini gazandy. Şeýle hem türkmen kompozitorlarynyň döreden aýdymlaryny, romanslaryny ussatlyk bilen ýerine ýetirdi.

Ol 1972-nji ýylda açylan Türkmen döwlet pedagogik sungat institutynda ilki uly mugallym, soňra «Ýekelikde aýdym aýtmak» kafedrasynyň müdiri bolup işledi. Watançylyk urşunyň weterany Bäşim Artykowa 1955-nji ýylda «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly at dakylýar. «Şägirt halypadan ozdurmasa, kär ýiter» diýlişi ýaly, ol Türkmenistanyň halk artistleri Gurt Nazarow, Annagurban Annarejebow, Ata Ilamanow, Türkmenistanyň at gazanan artisti Mämmetmyrat Annamyradow, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Aman Igliýew, Annamyrat Saparmyradow, Türkmenistanyň at gazanan artisti Nowruz Mämmedow ýaly birnäçe tanymal sungat işgärlerini ýetişdiren uly halypadyr. Onuň ýetişdiren şägirtleri bu gün ussatlyga gol berip, öz halypasyndan öwrenen asylly kärini ýöredip, öz gezeginde, birnäçe şägirtleri ýetişdirýärler.

Men her gezek Aşgabatda bolan wagtymda halypam, Türkmenistanyň halk artisti Gurt Nazarow bilen Türkmenistanyň at gazanan artisti Orazmyrat Annamyradow we Bäşim Artykowyň beýleki şägirtleri bilen duşuşan wagtymyzda onuň belent adamkärçiligi, öz kärine ussat, talabediji halypa bolandygy baradaky ýakymly ýatlamalaryň jümmüşine aralaşýarys.

Baýrammyrat MÜLKIÝEW, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri.