Türkmenistanyň halk artisti Ilmyrat Bekmiýew

Döredijilik ömrüniň 60 ýylyndan gowragyny kino sungatyna bagyş eden Türkmenistanyň halk artisti, kinorežissýor Ilmyrat Bekmiýew bu gün Türkmen döwlet medeniýet institutynda köp ýyllaryň dowamynda sungatda toplan baý tejribesini halypa mugallym hökmünde talyp şägirtlerine öwredýär.

Moskwanyň kinematografiýa institutyny tamamlap gelen ýylym «Türkmenfilm» kinostudiýasynyň uly pawilýonynda režissýor Ilmyrat Bekmiýew türkmen halk ertekisi esasynda «Jadyly hünji hakynda erteki» atly çagalara niýetlenen çeper filmi surata düşürýär diýip eşitdim. Kinonyň surata düşürilýän pursadyny synlamagyň özi gaty üýtgeşik. Jadyly sungatyň döreýşini gözi bilen gören adamyň ömründe şol pursatlar hiç wagt öçmejek yz galdyrýar.

Aslynda kinorežissýorlaryň aglaba köpüsi film surata düşürýän döwri kino meýdançasynda keseki adamlary görmek islänok. Keseki adamlar režissýoryň ünsüni bölýärmi, nämemi, garaz, kinoçylar özlerini oňaýsyz duýýar. Men kinostudiýanyň işgäri bolsamam, entek täze işgär bolamsoň, keseki ýalydym. Filmiň surata düşürilişini synlap, bir çetde otyrkam režissýoryň gözi maňa düşdi. Ol maňa gözüni alardyp, bir zat diýjek boldy, soň sypaýyçylyk etdimi, nämemi, öz işi bilen gümra boluberdi.

Öz işiniň ussady, filmiň suratkeşi Aleksandr Çernow gurluşykçylaryň ýagyş geçmez ýaly jaýyň üçeginiň üstüne düşeýän gara ýag siňdirilen galyň kagyzyny ýygyrt-ýygyrt edip, dag gowagynyň diwaryny ýatladýan dekorasiýany gurupdyr. Bu Döwüň gowagynyň içinde bolup geçýän sahnalary surata düşürmek üçin gurlan jaý. Gowagyň diwaryna Döwüň ýesir alan gyzlary elleri gandally bendi edi- lipdir. Gyzlar ejir çekip, nalyş edýärler, olar söýgüli ýigitlerini çagyryp, haraýa garaşýarlar. Ertekiniň edermen gahrymanlary — ýigitler Döwüň ýesirliginden gyzlary dartgynly sahnalardan soň, ahyry halas edýärler. Şol sahnalary režissýor uzyn günüň dowamynda gaýtalap-gaýtalap surata düşürip, olaryň täsirli bolmagyny gazanmak üçin keşpleri ýerine ýetirýän ýaş artistlerden göwnejaý oýnamagy talap etdi. Ol tä sahna göwnüne makul bolýança onuň üstünde işledi. Filmde bary-ýogy iki-üç minut dowam edýän şol sahnany režissýor uzyn günläp aldy.

Şonda men Ilmyrat aganyň ham- hyýallyk etmän, çydap, entek tejribesi kemter, höwesjeň artistler ýerine ýetirýän şol keşpleriň ählisiniň kämil bolmagyny gazanmak üçin çeken jebir-jepalaryny synlap, onuň kärine hakyky berlen adamdygyna göz ýetiripdim...

«Ilmyrat Bekmiýew 60 ýyldan gowrak döredijilik ömrüni kino sungatyna bagyş etdi» — diýmegimiziň sebäbi bar. Ilmyrat aga 1941-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda Köşi obasynda türkmen teatr sungatynyň düýbüni tutan ilkinji artistlerimiziň biri Nazar Bekmiýewiň maşgalasynda dünýä inýär. Nazar aga dagy şol döwür türkmen kinosynyň aksakgal režissýory Hangeldi Agahanow bilen Köşüde goňşy ýaşaýan ekeni. Ilmyradam oglanjykka gaty garagol bolupdyr. Bir ýerde durmaz ekeni. «Boljak oglan bolşundan belli» diýlişi ýaly, ony gören Hangeldi aga «şu oglandan bir zat çykar-ow» — diýip, ony «Türkmen- film» kinostudiýasynyň terjime bölümine, çagalara ses bermek üçin çagyrýar. Şeýdibem Ilmyrat 13 — 14 ýaşyndaka kino sungaty bilen galtaşýar.

1958-nji ýylda ol Köşi obasyndaky 8-nji orta mekdebi tamamlandan soň, göni «Türkmenfilm» kinostudiýasyna işe barýar. Şol döwürler bolsa, režissýor Alty Garlyýew «Aýna» atly çeper filmi surata düşürýär ekeni. Ilmyrady döredijilik toparyna režissýoryň kömekçisi edip belleýärler. «Aýna» filminde Ilmyradyň kakasy Nazar aga-da Mele baýyň keşbinde çykyş edýärdi. Ussatlar bilen işlemek Ilmyradyň kalbynda öçmejek yz galdyrýar. Ol şondan soň tä öňki Leningradyň (häzirki Sankt-Peterburgyň) Teatr, saz we kinematografiýa döwlet institutynyň režissýorçylyk fakultetine okuwa girýänçä «Türkmenfilmiň» halypa režissýorlarynyň ençemesiniň kömekçisi bolup işleýär.

1975-nji ýylda instituty tamamlan ýaş režissýor «Gyrkymçylar» atly dokumental film bilen diplom işini goraýar. Film Garagumuň jümmüşinde dowar bakýan çopanlaryň ýaz gyrkymy döwründäki iş-aladalaryny täsin garaýyşlaryň üsti bilen suratlandyryp, maldarlaryň gahrymançylykly zähmeti, şahsy durmuşy kinonyň şahyrana dili bilen beýan edilýär. «Gyrkymçylar» filmi şol ýyl Germaniýada geçirilen Halkara kinofestiwalynda görkezilip, «In gowy ilkinji iş (debýut)» atly baýraga mynasyp bolýar. Ýaş režissýoryň ukybyna, yhlasyna göz ýetiren studiýanyň ýolbaşçylary oňa dessine çagalara niýetlenen «Sähediň tomsy» atly doly göwrümli çeper filmi surata düşürmegi ynanýarlar.

Ýaş tomaşaçylara niýetlenen filmleri surata düşürmegiň neneňsi hupbatlydygyny kino sungatyndan azajyk-da bolsa baş çykarýan tomaşaçylara düşündirip oturmagyň zerurlygy ýokmuka diýýärin. Ilmyrat aga milli kino sungatymyzda türkmen halk ertekisiniň gahrymany döwüň keşbini ekranda janlandyran ýeke-täk režissýordyr. Soňy bilen il arasynda «Döw aga» adyny alan artistimiz Aman Ödäýew bilen ol üç sany erteki filmini — «Jadyly hünji hakynda ertekini», «Akpamygy», «Jennet bagyny» surata düşürdi. Onuň çagalara niýetläp döreden «Sähediň tomsy», «Gök deräniň aýdymy» ýaly filmleri hem ösüp gelýän ýaş nesli ahlak päkliginde terbiýelemekde, durmuşyň kyn pursatlaryndan özbaşdak baş alyp çykmakda maksada okgunly bolmak ýaly häsiýetleri ündeýän kino eserleri hökmünde uly wezipeleri ýerine ýetiripdi. Onuň filmleriniň aglaba köpüsi çagalar filmleriniň Halkara ki- nofestiwallaryna gatnaşyp, baýraklara mynasyp bolup, milli kino sungatymyza uly abraý getirdi.

Režissýoryň uly ýaşly tomaşaçylara niýetläp döreden «Maýagyň yşygy», «Günüň wagty bilen», «Söýgi bagyşlamaýar», «Baba Gammaryň gaýdyp gelmegi», «Hakyda», «Deňziň däli gaýlary», «Söýgi öwrümleri», «Garagumuň bürgütleri», «Söýgi ganaty» ýaly filmlerinde türkmen halkynyň özboluşly häsiýetleri ussatlyk bilen açylyp görkezilýär. 

Režissýoryň şol filmleri daýhanlaryň janypkeş zähmeti, uruşda gahrymanlarça söweş alyp baran esgerlerimiziň mertligi, türkmen halkynyň guwanjy ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirýän seýislerimiziň asylly zähmeti, Garagumuň jümmüşinde agyr howa şertlerine seretmezden zähmet çekip, ýokary netije görkezýän nebitçiler, ýurdumyzyň kärhanalarynda işi täzeçe guraýan hünärmenleriň üstünlikleri barada gürrüň berýär.

Ilmyrat aga birnäçe dokumental filmleri hem surata düşürdi. Ol «Gyrkymçylardaky» şahyrana pikirlerini «Şatlyk gaz», «Ak alaň» «Ebedilige ädilen ädim» atly dokumental filmlerinde hem dowam etdirip, kino sungatynyň bu görnüşinde-de ussatdygyny aýan etdi.

Ilmyrat aga bu gün Türkmen döwlet medeniýet institutynda halypa hökmünde milli kino sungatymyz üçin ýaş hünärmenleri ýetişdirýär.
80 ýaşy arka atan halypamyz IImyrat aga Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, talyp ýaşlarymyzy ahlak päkliginde, ýokary ru- hubelentlikde terbiýelemekde yhlasly zähmet çekýär. Ilmyrat aga diňe bir kärdeşleriniň arasynda uly hormata mynasyp bolmak bilen çäklenmän, giň tomaşaçylar köpçüliginiňem çäksiz söýgüsini gazanyp, döwletimiziňem uly sylaglaryna mynasyp bolan halypa. Ilmyrat Bekmiýewe milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň öňünde bitiren uly işleri üçin 1991-nji ýylda Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, 2011-nji ýylda Türkmenistanyň halk artisti diýen hormatly atlar dakyl- dy. Onuň döreden filmleriniň birnäçesi hormatly Prezidentimiziň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. Şeýle hormata, sylaga mynasyp halypa bilen bile işleýändigimize biz guwanýarys we begenýäris. Oňa biz bu asylly işinde uly üstünlikleri janynyň sag bolmagyny arzuw edýäris.

Gapbarguly HÜMMEDOW, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy