Türkmenistanyň halk artisti Oraznazar Arrykow

Ýanwar aýynyň başlarydy. Daşarda çytawun, kesip barýan aýaz höküm sürýärdi. Aldajy sowuga garamazdan, Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatrynyň jaýyna jemende bary üýşüpdi. Halk içinde meşhurlyga eýe bolan “Gala” spektaklynyň başlanmagyna sanlyja minut galypdy. 

Şol wagt gapdalymyzda duran üç sany ýaş ýigit spektakl barada özara söhbet edýärdiler. Olaryň orta boýly inçemigi öz gezeginde şeýle diýdi: “Men “Gala” spektaklyna öňem tomaşa edipdim. “Galada” oýnaýan artistleriň ussatlygyna söz diýer däl welin, meniň özüm-ä Orazmämmet hanyň keşbinde oýnaýan Oraznazar Arrykowa telpek goýýaryn. Onuň döreden Orazmämmet hany meniň göwnüme, ýatan ýerinden direlip gelen ýaly. Oramämmet hanyň sözlerini däne-däne edip aýdyşyny, paýhasly gürleýşini, parahatçylykly pikir ündeýşini görenimde ruhum täzelenen ýaly bolýar, özümi hakyky türkmen hasaplaýaryn”.

Dogrudanam, tomaşaçy ýigit mamla. Oňa Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gylyçmyrat Kakabaýewiň ýazan “Gala” spektaklyna tomaşa eden her bir adam bada-bat göz ýetirse gerek. Garaşsyz Diýarymyzda ruhy täzeleniş ýagdaýynda ýüze çykan “Gala” spektaklyna döwrümiziň naýbaşy sahna eserleriniň biri diýseňem ýalňyş bolmazmyka diýýäris. Milli ruhumyza bap, türkmen halkynyň taryhynyň bir parçasyny açyp görkezýän “Galada” ulular üçinem, kiçiler üçinem öwrenere, sapak alara zat kän.

Hawa, kämillige ýetişen, ömrüniň aglaba bölegini artist diýen hormatly käre bagyş eden Oraznazar Arrykow ilk-ä “Gala” spektakly üçin Türkmenistanyň halk artisti diýen hormatly ada, bu spektaklda Orazmämmet hanyň keşbini ussatlyk bilen ýerine ýetirenligi üçin Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Halkara baýragyna mynasyp boldy. 

Eýsem bolsa bu uly üstünlik Oraznazar Arrykowa aňsatlyk bilen ýetäýmedi. Ol bu şöhrata kem-kemden, irginsiz gözlegleriň, gijesi gündiz edilip işlenilen abyrsyz zähmetiniň üsti bilen ýol saldy. 

O.Arrykow Aşgabatdaky ozalky medeni aň-bilim tehnikumyny üstünlikli tamamlady. Türkmen döwlet akademiki drama teatryna iş sorap gelen Oraznazary teatryň şol wagtky baş režissýory Maşdy Gulmämmedow güler ýüz bilen garşy aldy. Artistlik ýer boş bolmansoň, ony režissýoryň kömekçisi edip belledi. Turuwbaşdan ýaş artist öz işine bütin düýrmegi bilen ýapyşdy. Halyp artistler Aman Gulmämmedowdan, Bazar Amanowdan bu käriň inçe tärlerini irmän-arman öwrendi. Halypalary ýaş artistde türkmene mahsus häsiýeti, ýüz-keşbi gördüler. Şonuň üçinem olar Oraznazary türkmen durmuşyndan ýazylan sahna eserlerde oýnamaga çekdiler. 

Bazar Amanowyň “Keýmir kör” dramasynda ilki Aba serdaryň, soňra Keýmir körüň keşbinde çykyş etmegi, ýene-de Bazar Amanowyň “Jadyly nagyşlarynda” Daşkeseniň keşbini ýerine ýetirmegi Oraznazar Arrykowa milli ruhly, milli häsiýetli sahna gahrymanlaryny döretmäge badalga berdi. Keýmir körde, Aba serdar-da, Daşkesen-de ozal türkmen teatrynyň sahnasynda döredilen, oýnalan keşplerdi. Şonuň üçinem sahnada Oraznazaryň hut özüniň döreden milli häsiýetli, milli ruhly gahrymany janlandyrasy gelýärdi. Emma şol döwürler Oraznazar ýaly müňlerçe artistleriň ajaýyp arzuwy, zehin erkinligi ösmezek edilýärdi. Ol döwürde ata Watanynyň erkinli garaşsyzlygy üçin baş goýan türkmen hanlarynyň sahna keşbini döretmeg-ä beýle-de dursun, hatda olaryň adyny tutmagam gorkulydy.

Şeýle-de bolsa Oraznazar Arrykow türkmen ykbalynda, türkmen durmuşynda aýgytly orun eýelän türkmen hanlarydyr serdarlarynyň durmuşyny irginsiz öwrenýärdi. Halkyň arasyna çykanda garrylardan olaryň paýhasly sözlerini, merdana häsiýetini ýüregine ýazyp alýardy.  

“Sabyrly gul dura-bara” diýlişi ýaly, Oraznazar Arrykowyň ýüreginde hakyky türkmen hanlarynyň keşplerini dikeltmeklige bolan ymtylyş, umyt uçgunlary lowlady. Arzuwyň hasyl bolmagy üçin hakyky, çeper ýazylan drama eseri zerurdy. Şol eserem döredi. “Gala” spektakly halka hödürlendi.

Teatryň şol wagtky baş režissýory T.Mämmetweliýew Oraznazary ýanyna çagyryp, oňa Orazmämmet hanyň keşbini hödürlände, ol birazajyk böwrüni diňşirgendi. Sebäbi bu türkmen hany barada arhiwde ýeterlik taryhy maglumat azrakdy. Onuň sahna keşbini döretmek ýeňil däldi. Orazmämmet hanyň hakyky  keşbini döretmek artistden ýokary ussatlygy, guýmagursak zehini, uly tejribäni talap edýärdi. Bu zatlar bolsa uzak ýyllaryň dowamynda Oraznazarda doly jemlenipdi. Beýik Taňrynyň beren ajaýyp bagtly pursaty – milli ruhy, milli häsiýeti açyp görkezmegiň pursaty gelip ýetdi. Bu Oraznazaryň ýyllar boýy garaşan pursatydy. Milli teatr sungatynda täze, gaýtalanmajak türkmen hanynyň keşbini döretmek taryhy taýdanda zerurýetçilik bolup durýardy. Oraznazar Arrykow türkmen hanlarynyň örän pähim-parasatly, ugurtapyjy, sowukganly, geçirimli, batyr, halkyň, töweregindäkileriň pikirini diňleýän, olary hormatlaýan häsiýetini Orazmämmet hanyň keşbinde jemlemegi başardy. 

Sahna eseriniň teatrda taýýarlyk işleri gidýärkä, Oraznazar sahna çykmazdan ozal, halypasy Bazar Amanowyň sargyt edip giden şu sözlerini içinden gaýtalaýardy: “Sözleri aýyl-saýyl aýt, gerekli sözlere, tomaşaçynyň aňyna, ruhuna täsir edýän sözlere aýratyn basym, äheň ber, öwüşgünlik çaý, artyk hereketlerden saklan. Içki tolgunjyň söz bilen, ýüz keşbiň bilen deň gopsun. Ker keşbiň ýaşyna, kärine laýyk gelýän häsiýetleri mazaly öwren!”

Oraznazar Arrykowyň Orazmämmet hanyň keşbine siňdiren zehin-ukyby, ussatlyk derejesi öz ajaýyp miwesini berdi. Türkmen teatr sungatynda paýhasly, giň gözýetimli, her bir işe akylly-başly çemeleşýän, il asudalygyny, abadançylygyny şirin janyna deňeýän, ynsan ganynyň nähak ýeke damjasynyň-da dökülmegine on iki süňňi bilen garşy durýan türkmen hanynyň ýokary derejede kämil keşbi peýda boldy. 

 Süleýman ILAMANOW.