PURSATLAR

Meşhur adamlar bilen bolan duşuşyklar ynsan hakydasynda baky galýar. «Şükür bagşy» çeper filmini döredip, dünýä kino sungatynyň ösüşine saldamly goşant goşan meşhur kinorežissýor, Türkmenistanyň sungatda at gazanan artisti, Bulat Mansurow we filmde baş keşpde çykyş eden Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Amandurdy Handurdyýew bilen tanşanyma otuz ýyl çemesi wagt geçen-de bolsa, ol duşuşyklar ýatdan çykmajak iň ajaýyp wakalar hökmünde hakydamda ýaşap gelýär.

1987-nji ýylda şol döwürdäki Türkmen tele-radio komitetiniň jaýynda bolan tanyşlygymyzda men Bulat aga döredijilik ýoly bilen bagly birnäçe sowallary beripdim. Şol duşuşykda onuň aýdan wesýetleri bolsa, diňe maňa däl, umumadamzat nesline aýdylan wesýetlerdi. Bulat aga şonda şeýle diýipdi: — Magtymgulyny, «Göroglyny» hemişe okamaly. Magtymguly — kalpda paýhasy, «Görogly» hyjuwy oýarýar.

«Şükür bagşy» filminde ajaýyp keşbi döredip, uly meşhurlyk gazanan Amandurdy Handurdyýew öňki telestudiýanyň binasynyň aşak ýüzünde — Mollanepes köçesiniň ugrunda, uly howluly jaýda ýaşaýardy. Onuň bilen, seýregrägem bolsa, birnäçe sapar duşuşmak miýesser edipdi. Şonda diýseň salyhatly, sada, sypaýy Aman agadan bir sapar «Şükür bagşy» filmine düşen pursatlary — özüne ýeňil we kyn düşen pursatlar barada soradym. Şonda Aman aga filmiň surata düşüriliş işiniň doly tamamlanan pursadynda, özünde ýeňillik duýandygyny aýtdy.

 Filmde kyn düşen ýagdaýlar hakyndaky sowalymyza bolsa ol:

— Surata düşürilende, Bulat aga maňa «Kirpigiňi gyrpma, göreçleriňi giňden aç-da, gözüňi bir nokada dikip çal!» diýdi. Bu kyn ýagdaýa zordan endik etdim. Soň filmiň bütin dowamynda şeýle bolmaga çalyşdym. Görüp otursam, Bulat aga türkmen dutaryny dünýäni unudyp, gara gazmanyň dünýäsiniň içine girip, bütin süňňüň-durkuň, ünsüň-örküň bilen çalmalydygyny öwreden ekeni — diýdi.

Filmde Şükür bagşynyň keşbini janlandyran Aman aganyň bu ýagdaýa erjellik bilen hötde gelip bilendigi hemmelere mälimdir.

Atamyrat ŞAGULYÝEW