Türkmenistanyň halk artisti Tagan Saryýew

 “Men sizi göreýin diýip ýördüm. Gabat geleniňiz gowy bolaýdy. Şu gelýän anna güni kakamyň elli ýaşyny belleýäris, baraweriň!” diýip, Taganyň gyzy deňimden geçip gitdi.

Gülnar gidenden soň, Tagan hakda köp oýlandym. Oýlandygymça-da onuň adamkärçiligi, işleýşi, artist hökmünde telewideniýede döreden keşpleri aňymda at salyp gezdi.  

Hawa, eger diri gezip ýören bolsa, onda biziň gürrüňini etjek söýgüli artistimiz Tagan Saryýew ýaş toýuny çagalarynyň, dost-ýarlarynyň arasynda giňden bellärdi. Tagan Saryýew ep-esli ýyl telewideniýede işledi.

Tagan Saryýew esasy işiniň daşyndan telewideniýede goýulýan “Ýartygulak”, “Satira we ýumor”, “Gysgajyk sahnalar”, şeýle hem aýry-aýry telewizion spektakllarda çykyş etmäge-de wagt tapardy. Onuň işe gelen gününden ömrüniň ahyryna çenli bile işleşmek şu setirleriň awtorynyň paýyna-da düşüpdi.

Hawa, Tagan Saryýew Annam brigat ady bilen tomaşaçy köpçüligine özüniň ýiti degişmesi, ökde ýerine ýetirijiligi bilen belli bolupdy. Bu guýmagursak artisti ilki bilen halk ykrar edipdi. Halk özüne gülki peşgeş beren adamy hiç wagt ýadyndan çykarmaýar. Hut şonuň üçin hem tomaşaçy köpçüligi onuň teleýaýlymda tiz-tizden çykyş etmegine garaşardy. 

Bir gezek tomus aýlary degişmeçi şahyr Magtymguly Myşşyýew telewideniýäniň edebiýat we drama redaksiýasyna özüniň “Annam brigadiriň bolşy” diýen degişme eserini getirdi. Şondan köp wagt geçmänkä Tagan Saryýew ol degişmäni okap görýär-de: 

-      Ah-ow, adamlar, şu Annamyň keşbini maňa beräýiň, barybir, häzir teatrlardan bu keşbe kybapdaş artist tapmarsyňyz. Sebäbi olaryň köpüsi iş saparynda gezip ýör – diýdi.

Sahnajykda waka belet bolamyzsoň, Taganyň käbir häsiýetleri göz 
öňünde tutulyp, bu keşbi oňa bermeli edildi. Şondan soň Tagan bu keşbe gaty oňat taýýarlyk gördi. Taýýarlyk görülýän sahnada hakyky brigadiriň iki-üç gün zerur işi çykyp, Annam atly bir daýhana birleşiginiň toparyna (brigada) göz-gulak bolmagy tabşyrylýar. Öň hem: “Men brigat bolsam eýderin, beýderin” diýip ýören Annamyň güni gelýär. Gopbam ýaş ýigit gyz-gelinleriň arasynda has hem göterilýär. Ol öz gopbamlygy bilen hemme zady bilýän kişi bolan bolup, brigadir gelýänçä iki-üç günüň içinde bar işi bulaşdyrýar. Iň bärkisi: “Aý, barybir, mal oty” diýip, mekgejöwen bilen ýorunjany garyp ekdirýär. 

Artist Tagan Saryýewiň şu keşbi şeýle oňat taýýarlyk görüp, ýerine ýetirmegi bilen onuň artistlik ýüzi has-da açyldy. 

Ine, şondan soň Tagan Saryýewiň ýörgünli ady Anna brigat boldy. Annam brigadiriň ekran keşbi barada dürli awtorlar, dürli ýyllarda, dürli-dürli sahnajyklary ýazdy. Tagan Saryýew bolsa şol sahnalarda çykyş edip, Annam brigadiriň keşbini dürli döwürde, dürli wezipelerde tomaşaçylara ýetirdi. Artist Annam brigadiri tomaşaçy köpçüligine bir gün towukçylykda görse, ýene bir gün pagtaçylykda görkezdi, başga bir gün bolsa ony gurluşyk edarasynda teswirledi. 

Tagan Saryýewiň Annam bridariň keşbini ýaş şahyr hökmünde döredişi heniz-henizlerem hem ýadymyzdan çykanok. Onuň ýaş şahyry bir gazetiň redaksiýasyna öz goşgusyny getirýär. Redaktor goşgyny okap, onuň çeperçiliginiň, diýiljek bolunýan pikiriň heniz gowşakdygyny aýdýar. Emma ýaş şahyr Annam – Tagan Saryýew onuň bilen ylalaşanok. Özüniňkini dogry tapýar. Ol öz goşgusyny redaktora okap berýär-de: “Ýeri, şuň nämesi size ýaranok. Mundan beter zatlar biziň halk döredijiligimizde-de näçe diýseň bar. Ynha, meň oglanlyk döwrümden bäri ýadymda galan bir aýdymda şeýle sözler bar: 

Galanyň düýbünde bir gawun iýdim,

Içini iýdim-de, paçagyn goýdum.

Eýesi gelende gözüni oýdum,

Elimde ýaglygym ýelpeselendi.

Ýeri, siz muňa näme diýersiňiz? Gawuny iýeniň-ä iýeniň, eýesi gelende onuň gözüni oýmaň näme diýsene?! Hany, bu ýerde adamkärçilik? Ýok, ondan goşgy bolmaz. Goşgy diýip, ynha, şuňa diýerler, şuňa” – diýip , artist Tagan Saryýewiň elindäki goşgy ýazylan kagyzy redaktoryň öňünde patyladyp goýşy-da, onuň şol sözleri janygyp aýdyşy-da göz öňümden gidenok. 

Tankytçynyň “Şahyr bolçulygynda şygyr gytçylygy” diýşi ýaly, artistiň döreden bu keşbi-de şol bolçulygy döredýän “şahyrlardan” bolmaly. Diýmek, degişmeçi artistiň atan oky sowa geçenok. Hut şonuň üçin hem tomaşaçylar köpçüligi artist Tagan Saryýewi sylaýardy, oňa hormat goýýardy. Ol özüniň döredýän aýry-aýry keşpleri bilen ýaramaz, gopbam, bihaýa, pähim-paýhassyz adamlary köpçüligiň öňünde paş ederdi. Artistiň şeýle häsiýetleri durmuşdan alýanlygy üçin, onuň döredýän keşpleriniň özüne çekiji üýtgeşik güýji bardy. Guýmagursak adamyň ýaradylyşy şeýle-de bolmaly. Ol ýüreginde saklap ýören zadyny ir-u-giç aýdaýmaly. Tagan Saryýew özüniň aňyrda düşünjesinde bolan her bir zady döredýän keşbiniň üsti bilen aýdardy. 

Tagan Saryýew bilen uzak wagt ýakyn gatnaşykda bolup, onuň döreden köp keşbiniň üstünde režissýor hökmünde işlänim üçin käbir zady aýratyn belläsim gelýär.

Tagan gaty adamkärçiliklidi. Elinden gelse, adama ýagşylyk ederdi weli, hyýanat etmek onuň üçin ýatdy. Degişmegi, gülüşmegi, oturyp-turuşmagy halardy. Onuň başga hiç kime meňzemeýän sadaja keşbi, ýumşak häsiýeti bardy. Tagan bilen toýa ýa bir tanyş-bilşiňe gezelenje barsaň, derrew töweregi ýaşlardan dolar. Hemmesiniň dilinde-de “Annam brigat gelipdir”. Taganam olary irikkä edip goýmazdy. Derrew ýomak atar, ýa bolmasa-da, “Satira we ýumor” sahnalarynda döreden keşplerinden bir içgepletme okar, kiçiräjik sahnajyklar oýnardy. Garaz, ýygnanan adamlary nägile etmezdi. Taganyň şol ýerde monologdyr sahnajyklary oýnaýan wagty men adamlara syn ederdim. Olaryň ýüz-gözleri diýseň şadyýandy, ýöne gülüp durdy. Eger-eger, olaryň ýekejesi-de artistiň aýdýan sözlerine pitiwa etmän durup bilenokdy. Biri sessiz gülýärdi, beýlekisi hezil edip, gülüp, gözüniň ýaşyny süpürýärdi, ýene biri arkan-ýüzün gaýşyp ha-ha-haýlap gülýärdi. Şonda men Taganyň tomaşaçy köpçüligine özüni aldyrandygyna ýene-de bir gezek göz ýetiripdim. 

Hawa, “Ýartygulak” atly telewizion žurnal hakyky resminama esasynda taýýarlanýardy. Şol žurnalda Tagan Saryýew hem köp çykyş edipdi. Onuň oýnan käbir keşbi edara ýolbaşçylarynyň perwaýsyzlygyň garşysyna galkynmaga çagyrardy. Emma... Şol durgunlyk döwründäki teleýaýlymda döredilýän býurokrat, parahor ýolbaşçynyň keşbi ýa-ha telewizora goýberilmezdi ýa-da ol parçalanardy. Nämemiş, teleýaýlymda ýolbaşçynyň perwaýsyzlygy görkezilse, onda sowet hakykatyna töhmet atyldygymyşyn.    

Tagan şeýle ýagdaýlary gören wagty ullakan gözlerini tegeläp, hyrçyny dişlärdi-de, kellesini ýaýkar oturybererdi. Başga alajy-da ýokdy. Dagy nätsin. Döwür şeýledi. 

-    Görseňizläň, parahoruň, perwaýsyzyň keşbini görkezmek  durmuşymyzyň esasy ugrunyň gyşardyldygymyşyn. Ine, gülki diýip şuňa diýmeli. Özem ajy gülki. Biziň günlerimizde býurokratlaryň-da, wezipä kowalaşýanlaryň-da, jemgyýetçiligiň bähbidini ýatdan çykarýanlaryň-da... entek bardygyny, agyr degse-de boýun almagymyz gerek – diýip, Tagan Saryýew döreden keşpleriniň parçalanan wagty gynanyp aýdardy. 

Hawa, ýatlasaň, ýatlap oturybermeli. Bir gezek belli kino artistimiz Sary Garryýewi “Ýartygulak” žurnalynda Tagan Saryýew bilen bir sahnada oýnamaga çagyrdyk. Sahnajykda iki ülpediň piwo satylýan ýerden bir çelek piwony ogurlap gaçyşy, soňra ele düşüşi barada gürrüň berilýärdi.

Biz kinokameramyzy alyp, artistler bilen Aşgabadyň ýokary baýyrlarynda ýerleşýän bir ýere bardyk. Ol ýerde hemişe piwo satylardy. Satyjylary ýagdaý bilen tanyşdyryp, olardan bir boş çelegi ulanmaga aldyk. Satyjylar piwo satýarka artistler – iki ülpet hem “çemini” tapyp, öz işini bitirmelidi. Sahna surata düşürilip başlandy. Ýöne işiň gidişi bizi artistler bilen öňki gürleşişimiz ýaly bolmady. Sary aga ylgap geldi-de:

-    A-how! Bu siziň etjek bolýanyňyz nähil-aýt! Çelekli piwony ogurlatjak bolsaňyz, ilki ogrulary – artistleri piwodan gandyrmaly. Olar çelekli piwony kelleleri sämäp duran ýagdaýda ogurlamaly bolar ahyry – diýdi.

Ylalaşmazlyga ýer galmady. Ýöne biz hem artistleriň serhoş bolan ogrularyň keşbinde oýnamalydygyny ýatlatdyk.

Şondan az wagt geçensoň, olaryň bir kürüşge piwony içip, entrekleşip, piwoly çelekleriň ýanynda sümsünip ugraýyşlaryny surata düşürip başladyk.

Ine-de olar bir çelegi togarlap gelýärler.

Tagan: - Şuna-ha oňardyk halypa, ynha, indi ikimize näçe gün içsegem bor.

Sary aga: - Aýdýanyň näme, muny ýeke özüň içip gutaryp bolarmy? Satarys, sowalga pul bolar.

Tagan: - Satmarys.

Sary aga: (Taganyň elinde tutýar, çelek ýapydan togarlanyp gaýdýar). Dur, sen näme özüňden ulynyň diýenine “hä” diýeňok: Bilýäňmi, näme...

Ülpetleriň yzyndan kowgy gelýänini görüp, ýapydan aşak togarlanyp gaýdan çelegiň yzyndan ylgaýarlar. Tagan Saryýew gele-gelmäne sirkde oýnaýan artistler ýaly, çelegiň üstüne böküp münýär-de, ony aýagy bilen togarlap ugraýarlar. Olar şu ýagdaýda uzaklara gidýär... 

Ine-de, olar polisiýanyň jaýynda otyrlar..

Biz “Ýartygulak” žurnalynda berlen şu parçany gürrüň bermek bilen bir zady aýtmakçy bolýarys. Ol hem şol žurnal telewizorda görkezilenden soň il arasynda Tagan Saryýew belli teatr we kino artistimiz Sary Garryýewiň oglumyş diýen gürrüň ýaýrapdyr. Hatda redaksiýamyza, artist Tagan Saryýewiň özüne-de bu barada hatlar gelipdi. Tagan Saryýew Sary Garryýewiň ogly däldi. Ýöne ol hem edil Sary aga ýaly inçe, hor, daýaw ýigitdi. Sary aganyň ogly diýer kybapdy. Bu iki artistiň haýsy biri bilen köçä çyksaň öňüňden çykan adamyň ýylgyrman deňiňden geçenini görmersiň. Bu olaryň halkyň arasyndaky söýgüsini aňladýardy. 

Halk köpçüligi Tagan Saryýewi degişmeçi artist hökmünde tanaýardy. Ýöne şu setirleriň awtory Tagany başga bir keşbe, geçmişine ökünip, içini hümledip ýören adamynyň keşbinde-de synap görüpdi. Özem ol şol keşbi diýseň oňat oýnapdy. Onuň Kerim Gurbannepesowyň adybir poemasy esasynda taýýarlanan “Ata we ogul” telespektaklyndaky Gajary şeýle adamlaryň hilindendi. Biz şu spektaklyň üstünde işleýän wagtymyz Tagan öz keşbiniň uzyn-uzyn içgepletmeleriniň köplüginden zeýrenipdi. Biz onuň bilen ikiçäk oturyp, ol sözleri täzeden gözden geçirdik hem-de aýry-aýry wakalara bölüşdirdik. Şondan soň, onuň keşbiniň köp sözlerini magnit lentasyna ýazdyk. Bu bolsa onuň içki oýlanmasy hökmünde efirde ýaňlanypdy. Kimde-kim “Ata we ogul” telespektaklyna tomaşa eden bolsa, onda olar Tagan Saryýewiň bu keşbi näderejede döredendigini bilýändirler.

Sözüň gerdişine görä aýtsak, bu spektakl häzir hem telewideniýäniň gaznasynda saklanýar. Şu spektakldan soň Tagan Saryýew telewideniýede hiç bir keşpde oýnamady. Bu onuň iň soňky döreden keşbidi.

“Ýigidi dostundan tana” diýlişi ýaly, Taganyň dosty-da köpdi. Türkmenistanyň halk artistleri Gurbannazar Atakgaýew, Juma Ýazmyradow, Orazdurdy Hojaýew, Seýdylla Çaryýew, Akmyrat Bäşimow ýaly artistler bilen köp sahnada çykyş eden bolsa, Öwlýaguly Kulyýew, Hommat Kakajanow ýaly režissýorlar bilen hem ýakyn aragatnaşykda bolup işleşipdi. Tagan Gurbannazar Atakgaýew bilen has köp tirkeşipdi. Ol ikisiniň dostlugy ýürekdendi. Mydama bile gezerdiler. Edil şonuň ýaly-da, olar telewideniýede goýulýan sahnalarda-da bile çykyş ederdiler. Olar haýsy bir sahnajygy ýerine ýetirseler edil öňbaraga goýberen ýaly goşulyşar gidibererdiler.

Ýaňky belläp geçişimiz ýaly, “Ata we ogul” telespektaklynda hem olar esasy keşplerde çykyş edipdiler.

Tagan Saryýew barada Gurbannazar Atakgaýewi gürletseň şeýle diýýär:

-    Onuň bilen etmeli işimiz köpdi. Ýaňy başlapdyk. Emma... nätjek, 
alaç ýok. Tagan işeňňirdi. Ýaltanmazdy. Halkyň öňüne çykjak bolansoň, döredýän keşpleriniň üstünde irmän işlärdi. Hiç bir işi elujyndan etmezdi. Biz halkyň arasynda köp bolardyk. Toýalara-da çagyrardylar, mekdepdäki duşuşyklara-da. Diňe bu däl. Aýry-aýry toparlardaky çakylyklara-da irinmän barardyk. Baran ýerimizde-de “Annam brigat bilen Poşalak gelipdir” diýerdiler. Şonda diňe bir ýaş oglan-gyzlar bilen däl, sakgally-sarmykly ýaşuly adamlar hem Taganyň döreden keşplerine hezil edip gülerdi.  Tagan halky güldürjek bolmazdy. Asla men onuň sahna çykan wagty hiç kelç-külçüni görmändim. Ýöne ol tomaşaçylary güldürmegiň syryny bilýän artistdi. Özi gülmezdi, ýöne hak tomaşaçy oňa sözüni aýtmaga maý bermän gülerdi. Onuň ähli zady aňyrdandy, ýürekdendi. Taganyň tomaşaçyny güldürýän syry-da şundady...

Hawa, Tagan Saryýew ökde artistdi. Biz muny ýokary derejeli artist hökmünde-de, režissýor hökmünde-de aýdyp bileris. Onda ussat artistiň başarjaňlygy bardy. Onuň dürli ýyllarda, dürli sahnalarda döreden keşplerini göz öňüne getirip görüň. Gör, ol nähili ýatdan çykmajak keşpler döretdi.

Ol oba ýerlerinde, aýry-aýry zähmetkeş toparlarda çykyş edeninde halk köpçüligi “Annam brigat. Annam brigat” diýip, uly şowhun bilen el çarpardy. Ony teleýaýlymdan synlan tomaşaçylar bolsa şol spektaklyň gaýtalanyp görkezilmegini haýyş ederdiler.

Ine, şu zatlaryň özi Tagan Saryýewiň halkyň arasynda abraýynyň uludygyny aňladýar. 

Ynha,indi Tagan neressäniň aradan gidenine ep-esli wagt geçdi. Ol diýseň arassa, päk ýürekli, ýönekeý adamdy. Durmuşa ynam bilen garaýan janly bu adam az wagtyň içinde giň köpçülige özüni tanatmaga ýetişipdi. Ony Türkmenistanyň ähli ýerinde uludan-kiçä bilmeýän ýokdy. Onuň döredijiliginiň iň joşýan döwri durgunlyk ýyllaryna gabat gelensoň, ol neressäniň edýän işine degerli baha-ha beýle-de dursun, asla göze-de ilmändi. “Hiçden giç ýagşy” diýipdirler. Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen milli türkmen sungatyny ösdürmekde bitiren hyzmatlary we ýokary ussatlygy üçin merhum Tagan Saryýewe “Türkmenistanyň halk artisti” diýen hormatly at dakyldy. 

Biz muny tüýs ýürekden makullaýarys.

  Nyýazgeldi Gurbangeldiýew.