Tikgi bilen Potdyşyň degişmelerinden

Tikginiň degişmesi:

—Atyş diýip bir goňşym bar. Ol ömrüne padymançylykdan başga kär edip görmändi. Bir gün Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda ol bir zatdan zeýrenýän eken. Men süzme almak üçin olara barypdym:

—    Aty:ş kaka, näme zeýrenýäň, ýa soňky alan awalonyň (eşegiň) gaz alýamy?!

—    Hä, Tikgi jan gel, ýak şo awalon gaz alsa gowy boljak ýöne şu ýeňňeň gaz alsa awalon-a däl, bmw-li sypyp bilsek kaýyl.

—    Päh, Aty:ş kaka, senem-aý, garrap ýörsüň öýdýän, men ýaly işleri tabşyr-da, gez-de ýör-dä — diýip, oň bilen bir salym gümür-ýamyr etdik. Birhaýukdan soň:

—    Tikgim, senem-ä eli oklawly gözleýäler!
    Onýança, öýdäki ýaşmakly egnime kakdy. Seretsem... «h-i-i-ý».

—Atyş kaka, hökmän gork-gork-gorkmak ýa garramak däl, ýeňňem gowudyr, diýenini edibermelidir. Haçan-da buýrulan işi wagtynda etseň...

Potdyşyň degişmesi:

—Täze ýylyň öň ýanynda bazara bardym. Ýanymda keýwany. Dürli-dürli sowgatlar, lowurdawuk zerler, yşyklandyryjylar gözüňe yssy görünýär. Men pully jalbarymy geýipdim. Geýipdim welin, ellemäge hakym ýok-da. Men baranymdan bir satyja:

—Jigim, bärde näçe çykalga bar — diýip ýüzlendim.

—2 sany, agam.

—Hudaýa şükür.

—Hä, näme, agam?

—Aý, şu öýdäki aýlygymy gutarmanka gaçara ýer gözleýän-laý.

—Onda beýdip ýörmän, ýeňňemi goýup gaýdaýaňda bolmadymy?

—Inim, goýjak weli, buýruk berýän ýeňňeň-dä...