Hem aýdymçy, hem artist

Türkmenistanyň at gazanan artisti Daňatar Gurbanow Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda guramaçy bolup işleýär. Öz esasy işiniň daşyndan teatrda sahnalaşdyrylýan spektakllara hem gatnaşýar. Ol teatrda sahnalaşdyrylan «Geçi dawasy», «Basym Gün dogar», «Bezirgen», «Bibijan», «Yşk Allanyň gudraty», «Lukman hekim», «Jemşidiň jamy», «Sallahlar» ýaly spektakllarda dürli häsiýetdäki gahrymanlaryň keşplerini janlandyrdy.    

Daňatar Gurbanowyň döredijiliginde Garaşsyz Watanymyzy, Arkadag Prezidentimiziň durmuşa geçirýän beýik işlerini wasp edýän aýdymlaryň hem ençemesi bar. Ol “Türkmenistan Watanym”, “Watan”, “Diýarym”, “Tuguňa döneýin, Türkmenistanym!” ýaly döwrebap aýdymlary ýerine ýetirip, köpleriň göwnüni galkyndyrýar. Milli aýdym-saz sungatymyzyň ösmegine saldamly goşant goşan K.Akow, K.Hezretgulyýewa, R.Şaýmerdanow ýaly ussat aýdymçylary ýagşylykda ýatlap, olaryň nusgalyk ýol-ýörelgelerini dowam etdirýär.

Bu günki gün kämillige gol beren artist halypa-şägirtlik gatnaşyklaryny ösdürmäge  uly üns berýär. Işden boş wagtlary zehinli ýaşlar bilen duşuşyp, döredijilik barada özara pikir alyşýar, gerek ýerinde olara maslahatlaryny berýär. Onuň tälim beren şägirtleri, Lebap welaýatynyň ýörite sungat mekdebiniň uçurymlary Şöhrat, Mukam Meredowlar milli sungatymyzda ilkinji ädimlerini ädip, täze döwrebap aýdymlar bilen toý-baýramlarymyzda çykyş edýärler. 

D.Gurbanow Lebap welaýatynyň obadyr şäherlerinde, welaýat we döwlet derejesinde geçirilýän medeni çäreleriň şowhunly bolup, uly ruhubelentlige beslenmegine saldamly goşant goşýar. 1996-njy ýylda ol milli aýdym-saz sungatymyzy ösdürmäge goşýan goşandy hem-de ýaş zehinleri terbiýelemekde bitirýän hyzmatlary üçin “Watana bolan söýgüsi üçin” diýen medal bilen sylaglandy. Hem aýdymçy, hem artist Daňatar Gurbanow mukaddes Garaşsyzlyk baýramymyzyň öňüsyrasynda öz ýürek arzuwlaryny biz bilen paýlaşdy: 

— Hormatly Prezidentimiziň yglan eden “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” ýyly ýurdumyzyň döredijilik işgärleri üçin düşümli ýyllaryň biri boldy. Biz bu ýylda bagtyýarlyk döwrümizi, Gahryman Arkadagymyzyň beýik işlerini wasp edýän ençeme aýdymlary döretdik. Nesip bolsa, geljekde-de täze aýdym-sazlaryň üstünde işläris. 

Milli medeniýetimizi, sungatymyzy dünýäde dabaralandyrýan hormatly Prezidentimizi, türkmen halkymyzy ýetip gelýän Garaşsyzlyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun! 

Biz hem Daňatar Gurbanowa sungat üstünliklerini arzuw edýäris. 

Annatuwak ARAZMÄMMEDOW