Türkmenistanyň halk artisti Çary Işangulyýew

Kimler ony kino artisti, ýene birleri bolsa teatr režissýory hem artisti hökmünde tanaýarlar. Onuň ussatlygyna, adamkärçiligine hormat goýýardylar. Meniň üçin bolsa ol – durmuş mugallymymdy... 

Men onuň bilen ilkinji gezek 1985-nji ýylyň tomsunda Aşgabatda duşuşdym. Öňki medeni aň-bilim tehnikumynyň jaýynda Ş.Rustaweli adyndaky gruzin döwlet teatral institutynda okamak üçin oglan-gyzlardan synag alýan toparyň agzalarynyň arasynda ilkinji gezek gördüm.

Soňra ol bizi şol institutda sahna dilinden okatdy. Görüp otursak, onuň özem şol wagt biziň institutymyzda ýokary režissýorlyk kursunda okaýan ekeni. Ol bizi bary-ýogy bir ýyl ýaly okadyp, Türkmenistana, Mollanepes adyndaky akademiki drama teatryna režissýor bolup işe gaýtdy.

Biz instituty tamamlap, Aşgabada gelenimizsoňam, Çary Işangulyýew bilen ysnyşykly gatnaşykda bolduk. Hemmämizem oňa: “Mugallym” diýip ýüzlenerdik.  Çünki ol ýönekeý söhbetdeşlikde many-mazmunly gürrüňleri bilen hemaýat hem täsir etmegi başarýar. Onda öz pikirini “şiresi” bilen ýanyndaka geçirmek, garşydaşynda gyzyklanam döretmek ýaly üýtgeşik ukyp bardy.

Okap ýören döwrüm men onuň öz döreden çaklaňja kyssa eserleriniň, has dogrusy, miniatýuralarynyň bardygyna-da şaýat bolupdym. Çary Işangulyýew “Nejep oglan” dessany esasynda bir drama eserini hem ýazdy.

Adamzat ýaşaýşynyň özeni, dünýä gurluşy, durmuş aňyýetiniň inçe derňewi... – ine, onuň dramasynyň öňe sürýän taglymlary.

Eziz Diýarymyzyň Garaşsyzlygynyň üç ýyllyk baýramçylygy mynasybetli Mollanepes adyndaky akademiki drama teatrynda görkezilen “Beset bilen Depegöz” spektakly teatr muşdaklarynyň ünsüni özüne çekdi. “Gorkut ata” eposynyň “Beset bilen Depegöz boýy” şahasy esasynda ýazyjy Hemra Şirowyň ýazan bu spektaklyny Çary Işangulyýew  sahnalaşdyrdy. Spektakl dürli pikirleriň, jedelli çekişmeleriň döremegine sebäp boldy. Köpler bu işi Çary Işangulyýewiň režissýorlygynyň kämil etapy hasapladylar. 

Köpçüligiň bu pikirini inkär etmezden, şu ýerde birazrak yza çekilip, Çary Işangulyýewiň kämillik etapyna çenli durmuş ýoluna umumy göz aýlap, okyjylary onuň döredijilik dünýäsi bilen gysgadan tanyşdyrmak isleýärin.  Ol:

-    Men 1949-njy ýylyň 26-njy maýynda doguldym – diýip, ol 
ýatlaýar. 

-    Kakam diýseň wäşi adamdy. Oňa okaman artist bolan diýseňde 
boljak. Dogrusy, nämäniň sebäp bolanyn-a aýdyp biljek däl. Megerem, meniň içki hyjuwymdyr – artist bolmak höwesi döredi. Mekdebiň 11-nji synpyny gutaramsoň, agalarym meniň uniwersitetde okamagymy islediler. Men welin Aşgabadyň Gara Seýitliýew adyndaky medeni aň-bilim tehnikumyna hat ýazdym. Okuwa girmek hakdaky doly maglumat berýän jogap hatyny alybam, ýola şaýlandym.

Ýadymda, bir akja köýnegim bardy. Ugratmakçy bolup durka, ejemiň şol köýnegimi düzedişi henizem göz öňümde dur. Bu 1965-nji ýylda bolupdy. 

Hawa, men Aşgabada gelip, synag tabşyrdym. Synagdan geçenleriň sanawyna seretsem welin, adym ýok. Direktoryň ýanyna baryp aýtdym: “Maňa aýdymçy bol diýýärler” diýip. Ol hem meni teatr bölümine geçmäge kömek etdi.

1968-nji ýylda Moskwanyň Kiçi teatrynyň ýanyndaky Şepkin adyndaky teatr mekdebine synag berdim. Ýöne meni şertli ýagdaýda aldylar. Okuw döwründe pes baha mynasyp bolsam, okuw bilen hoşlaşaýmalydym. 

W.B.Monahowyň ýolbaşçylygynda okap ýörşümize 1-nji ýyly tamamladyk. Şonda meniň ýanyma mugallymymyz W.K.Smirnow gelip, şeýle diýdi” “Bizde iň ýokary baha dörtlük. Şonam saňa goýýas”. Bu – eýýäm meniň okuwymy dowam etdirmegime berlen doly hukukdy... 

Okuwymy tamamlap, Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatrynda işläp başladym. Ilkinji oýnan keşbim – G.Muhtarowyň “30-njy ýyllar” spektaklyndaky Kör bagşynyň keşbidi. Şonda, stol başynyň taýýarlygy wagtynda G.Muhtarow gelip: “Bu Kör bagşyňyz bolanok” diýdi. Men ilki gözümi açyp oýnasam-da, soň ýumup oýnadym. Maňa dramaturg ynam etmese-de, keşp erbet çykmady. Hatda  Täçbibi Gapurowa ýaly ussat artist zenandan hem “Kör bagşyny gowy oýnadyň” diýip, uly baha alypdym. 

“Kemine” spektaklynda köpçülik sahnasynda çykyş ederdik. Bazar aga gedaýyň keşbinde oýnardy. Men öz ýanymdan şol keşbi oýnap görmegi arzuw ederdim. Saklanyp bilmän, režissýora-da duýdurdym. Emma ol: “Saňa entek ir” diýdi        

“Yhlas bilen aglasaň, sokur gözden ýaş çykar” diýlişi ýaly, ahyrsoňy şol keşbi oýnadym. Bu şeýle boldy: Gökdepede oýnamaly bolanda, Bazar aga näsaglady. Spektakly goýbolsun etmekçi bolanlarynda, men şol keşbi oýnamaga döwtalapdygymy aýtdym. Şeýdibem, arzuwyma ýetdim. Özüne derek oýnanlygymy, onda-da üstünlikli çykyş edenimi eşiden Bazar aga soň bir gezek oýnaýşymy görüp, göwni ýetendir-dä, ýanyma gelip: “Şu keşp seňki, oýnaber” diýdi. Soň A.Alowow şol spektakly goýanda, maňa keminäniň keşbini berdi.

Garaz, Gedaýdan Keminä çenli gaty köp spektakllarda oýnaldy. O.Hajymyradow, A.Gulmämmedow, A.Gurbandurdyýew, A.Alowow dagy bilen işleşdim. A.Alowowyň köp spektakllarynda (11 dagy bar öýdýän) režissýoryň kömekçisi boldum. Onuň goýan “Ömür dawasyndaky” Merdanyň keşbi üçin 1978-nji ýylda Ýaşlar baýragy berildi. Işleýänine ýaňy bäş ýyl bolan artist üçin bu baýrak uly zatdy... 

Soň N.Gullaýewiň “Nesimi” spektaklyny goýdy. Spektaklda men Nesimini oýnap, öň aýdyp bilmedik zatlarymy aýtmaga synanyşdym. Nesiminiň ýanynda göterýän haly torbasyny öz elim “Nesimi” diýip, arapça ýazgyny dokadym. Sahna eseri gaty agyrdy. Şol agyrlygam soňky döredijiligime oňaýly täsir etdi. Almata şäherinde geçen festiwalda-da “Nesimi” spekatly gatnaşyp, maňa “Iň gowy ýerine ýetiren keşbi üçin” diýlen ýörite baýrak berildi. 

Gruziýanyň paýtagty Tbilisi şäherinde režissýorluk kursuny tamamlanymdan seniň habaryň bar. “Ýediň enesi”. “Garry oýnasa...”, “Gang gyzy”, “Bally molla”, “Ene”, “Beset bilen Depegöz” – bu sahna eserleriň ählisinem Mollanepes adyndaky akademiki drama teatrynda goýdum. Gowy goýlupmy ýa erbet – oňa, goý, tomaşaçylar baha kessin...

“Beset bilen Depegöz” spektakly hemmelerde uly gyzyklanma döretdi. Sebäbi “Gorkut ata” eposyna ilkinji bolup ýüzlenen Kakajan Aşyrowdan tapawutlylykda, çary Işangulyýewiň režissýorlyk çözgüdini bilmek gyzykydy.

Geliň, gowusy, bu oýna gysgaça seljerme bermäge synanyşalyň.

Spektaklda hereket edýän gahrymanlaryň geýim-gejimleri üýtgeşik. Bu bolsa  spektakldaky bolup geçýän wakanyň bütin Ýer şaryna degişlidiginden habar berýär. Soňam, spektaklda esasy hereket edýän gahryman Beset hem däl, Depegözem. Spektakly esasy herekete getiriji güýç, üns merkeziniň özeni – Goňurja Sary.

Režissýor spektaklyň bar labyryny bu keşbiň üstüne atmak üstünligiň açarynyň nämededigine örän gowy akyl ýetiripdir. Çünki Perini zorlap, külli günä gazanyp, öz halkynyň başyna agyr külpet salýan-da, soň öz döreden şer işiniň – Depegözüň pidasy bolýan-da Goňurja Sary. Ol ilden çykarylyp, kowlup goýberilýär. Iň soňunda lal bolýar, dälireýär. Öz haramlygy bilen “eräp”, ýok bolup gidýär.

Gönimizden gelsek, bu keşbi ýerine ýetirýän Maksat Hydyrowa “berekella” diýäýmeli. Oýnuň başyndan, tä ahyryna çenli tomaşaçylary yzyna düşürip, spektaklyň bitewiligini gazanyp, edil hala göz çiten ýaly edipdir.       

Spektaklda esasy göze ilýän ýene bir detal bar – elek. Ol şol wagtky “elenip” duran dünýäni-de, şer sallançagyny-da, gabahatlyk üçin niýetlenilen  türmäni-de ýatladyp dur. Depegöz elegiň üstünde ýaşaýar. Ol – Depegözüň dünýäsi. Sebäbi, elek elenip, halallyk aşaga düşse-de, hapa-haramlyk elegiň içinde galýar!         

Spektaklyň bütin dowamynda ýanyp duran şemler – ýaşaýşy aňladýar. Öňdäki planda sahnanyň her tarapynda oturan  aýal bilen erkek bolsa, biziň aslymyz – Adam ata bilen How enäniň prototipi.        

Oýnuň soňundaky iň ýokary derejedäki nokat hem özboluşly. Şer bolsa, hökman onuň garşysyna göreşjek Haýyr hem bolaýmaly. Depegözüň garşysyna Beset dünýä inýär. (Onuň ady hem, ähli şer işleriň, tire-taýpa dawa-jenjelleriniň, urşuň bes bolmagyny isläp halkyň ýürek arzuwy). Beset Depegözi bary-ýogy ýönekeý naýza (ýa peýkam) bilen öldürýär. “Şeýle uly adamiýji mahlugy nädip kiçijik zat – naýza bilen öldürip bolar?” diýip ikirjeňlenýänler, elbetde, ýalňyşypdylar. Olara käbir zatlary ýatlatmak isleýärin.      

Birinjiden, naýza – bu bir çöp diýeli. Arasyna “çöp” atylan doganlaryň nähili güne düşýänini hemmeler bilýändir.       

Ikinjiden, naýza – bu – külli halkyň gahar-gazabynyň, gargyşdyr agyr näletiniň nyşany. Onuň öňünde durjak güýç bolsa taryhda ýok we bolup hem bilmez.        

Ýene-de bir bellemeli gowy zat – Depegöz bütinleý ýok bolup gidenok. Ol ölýär. Ölýän zatlaryň bolsa, hökman dowamy bolýar. Depegözüň ýene janlanaýmagy ýa-da şoňa meňzeş bir zadyň döremegi gaty mümkindir. Bu – durmuş hakykaty haýyr işler azalanda, namys-wyždan harlananda ýüze çykjagy ikuçsyzdyr – ine, režissýor şeýle pikiriň üsti bilen, bütin adamzat jemgyýetini uly howpdan habardar bolmaga çagyrýar.      

Spektaklyň ýetmez tarapy barada aýdylanda bolsa, artistleriň käbirleriniň entegem doly “açylyp” bilmändigi mese-mälim duýulýar. Gahrymanlaryň sözleýiş äheňlerinde içki “hereket”, ruhy-ýaşaýyş, duýgy alamatlary kemterlik edýär.         

“Beset bilen Depegöz” spektakly hakynda jemläp aýtsak, Çary Işangulyýew bu oýun arkaly teatr sungatyndaky mowzuk ownukçyllygynyň soňuna çykypdyr. Gözellige hyýanat edilende nähili aýylganç hadysalaryň ýüze çykjakdygy, özem, ýekeje adamyň eden şahsy ýalňyşlygy zerarly bütin älem üçin öwezini dolup bolmajak betbagtçylygyň döräp biljekdigi aýdyň keşplerde, mysallarda anyk görkezilipdir.

GAÝYP JUMAÝEW.