Türkmenistanyň halk artisti Hajy Annamämmedow

 Ömrüň paýawlanyp barýanlygyny duýman, entek halkyňa aýtmaly zadyňy aýdyp ýetişmezlikden elhenç zat ýok bolsa gerek. Türkmenistanyň halk artisti Hajy Annamämmedowyň aradan çykmazyndan üç-dört gün öň ikimiziň aramyzda bolan gürrüňde men muňa doly göz ýetirdim. Hajy pahyr bilen otuz ýyldanam gowrak wagt duz-emek boldum. Durmuş, teatr sungaty, edebiýat hakda köp gürrüň ederdik. Käwagtlar kellämiz gürrüňe gyzyp, ýatman geçirýän gijelerimiz bolardy. Ol pylany pylan keşbi ýaramaz oýnaýar, ony beýle oýnamaly däl, eýle oýnamaly diýen saparyna duş gelmedim. Ýoldaşlarynyň döreden keşpleriniň gowy tarapyny görmegi başarardy. Men bu uly ussat bilen şunça ýyl tirkeşenem bolsam, bir saparam adyny ýa-da atasynyň adyny tutmandym. Men hemişe “mugallym”  diýip ýüzlenerdim. Birinjiden, ol maňa 1956-njy ýylda Aşgabadyň G.Seýitliýew adyndaky medeni aň-bilim tehnikumynyň teatr bölüminde sapak beren bolsa, ikinjiden, sahnada maňa we meniň ýaly artistlere öz döredýän keşpleri bilen “göz görkezerdi”. 

Meniň ozalky Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatrynyň ýanynda açylan üç ýyllyk drama studiýa girmegime, şol teatrda işe galmagyma, gönüden göni Hajy mugallymyň täsiri ýetipdi. Olam meniň ne adymy tutardy ne-de atamyň adyny, hemişe ‘agam” diýip ýüzlenerdi. Meniň onuň bilen iň soňy duşuşygym B.Abdyllaýewiň “Başlyk” spektaklynda bolupdy. Spektakly gutarandan soň, ol menden azajyk özi bilen bile ýöremegimi haýyş etdi. Biz Magtymguly şaýolunyň ugruny syryp, günbatarlygyna ugradyk. Ol juda haýal ýöreýärdi. Esli salym ýöränimizden soň, aýak çekdi-de, ýüzüme seredip, aýtjak zadyny aýdyp bilmän, ýene-de ýoluny dowam etdirdi. Men: “Mollam, bir zat aýtmakçymydyň” diýip soranymda:

-    Pensiýa çykyp geçen ýoluma täzeden bir ser aýlamakçydym weli, 
arman hezil berjek däl-ow... tomaşaçylaryma artistlik käriniň manysyny düşündirmek niýetim bardy... arman... – diýdi.

Men mugallymyň soňky döwürde saglygynyň ýaramazlaşýandygyny bilýärdim. Ýöne juda beýle egbardyr öýmeýärdim. Şol wagt, siz türkmen tomaşaçylaryna nähili adamlaryň artist bolup bilýänligini öz döreden ajaýyp keşpleriňiz bilen aýdyp bildiňiz, diýesim geldi. Ýöne saklandym,. Maňa diňe oýunluga salmak galdy:

-    Mugallym, ejizlemäň, ejizlik size gelşenok. “Baş agyrman, baldyr syzlamaz” adam bolmaz ahyry – diýip, gürrüňi başga ýana sowmaga synanyşdym.

-         Bolmady. Onuň şol wagt ýeke özüniň bolanyny kem görmeýänligi, edýän gürrüňlerinden aýdyň duýlup durdy. Şeýdibem biz hoşlaşdyk. Arman, şol hoşlaşygymyz iň soňky saparky ekeni. 

-          Ogly Maksat bilen mugallymyň spektakllarda düşen suratlaryny, oýnan keşpleriniň gapdalyna öz eli bilen eden belliklerini synlap otyrys. “Ine, Türkmenistanyň at gazanan artisti adyň dakylandygy hakdaky şahadatnama, “Aýgytly ädim” spektaklyndaky döreden keşbi üçin birinji derejeli diplom, Baýkal-Amur demir ýol gurluşygyna gatnaşanlaryň öňünde eden çykyşy üçin Hormat haty, “Işde tapawutlananlygy üçin” diýen nyşan, SSSR-iň, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Hormat hatlary”... Ýöne meniň ünsümi başga bir depder özüne çekdi. Ol depder meniň iň soňky sapar duşuşanda aýdan: “Tomaşaçylaryma artistlik käriniň düýp mansyny düşündirmek niýetim bardy...” – diýmeginiň sebäbini düşündirýän depder bolup çykdy. Bu depderdäki ýazgylar gündelik diýseň gündelik däl, ömürnama diýseň ömürnama däl. Onda diňe artistlik kärine öz garaýşyny beýan etmän, nusgawy şahyrlarymyz Magtymguly, Seýdi, Zelili, Mollanpes... ýaly şahyrlaryň döredijiligine uly sarpňa goýanlygyny guwanç bilen belläpdir. Häzirki zamana ýazyjydyr şahyrlary Kerim Gurbannepesow, Gylyç Kulyýew dagynyň eserlerine öz garaýşyny ýazyp gidipdir.

Bu bolsa ussat artistiň diňe aktýorçylyk käriniň çygryndan çykman, şonuň daşynda pelesaň urup oturman, geçmiş edebiýatymy bilenem, häzirki zaman ýazyjydyr şahyrlarymyz bilenem içgin gyzyklanmagynyň gözli şaýady bolup dur. Ynha, şol ýazgylardan käbir parçalar:

-          Maňa gowşan hatlarda, duşuşyklarda artistlik kärine ulaşyşym barada, artistlik kriniň asyl manysy, artist bolmak üçin nämelerden ugur almak barada gürrüň bermegimi sorap, ýüz tutýarlar. Men şol ýüz tutan ýoldaşlaryň sowallaryna jogap bermäge synanyşaýyn. Haýsy birinden siz nähili artist bolduňyz diýip sorasaňyz “men çagalygymdan artist bolmagy höwes edipdim, çeper höwesjeňlere gatnaşypdym” diýip jogap berer. Men weli sözümi beýle başlaman, sebäbi meniň artistlige düşüşim bütinleýin tötänleýin. Artist bolmaga höwes etmeg-ä beýlede dursun, artistlik käri diýseň diýseň ýigrenýän kärimdi. Artistlik meniň üçin bir ýeňil-ýelpaý kär ýaly bolup görünýärdi. Artistlere bolsa ýeňles, ýuwan, kelpeň adamlardyr diýip düşünýärdim. Görüň bolýan zatlary, “geň göreniň alnyna” diýenleri bolup çykdy. 

Men 1947-nji ýylda Aşgabatdaky mugallymçylyk institutynyň biologiýa-jugrafiýa fakultetini gutardym. Tä 1951-nji ýyla çenli Tejen hem Babadaýhan etraplarynda mugallymçylyk etdim. (Şol wagt oňa kiçijik mugallym diýer ekenler – A.A.) Şol mugallymçylyk eden döwrümde žurnalist bolmak pikiri meniň böwrümi dürtgeledi durdy. Şol niýetimi yzarlap men 1951-nji ýylda Moskwadaky Lunaçarskiý adyndaky teatr institutynyň tankytçylyk bölümine girmek üçin ýola düşdüm. Men Moskwada ekzamenlere taýýarlanyp ýörkäm bir gün: “seni professor Nikolaý Wasilýewiç Petrow çagyrýar” diýip, onuň ýanyna alyp bardylar. Ol meniň bilen 2-3 sagat gürrüňdeş boldy. Gepiň keltesi, ol meni yrdy...

Hajy mugallym bu ýazgylaryny gaty howlukmaç ýazypdyr. Elbetde, ömür tanapynyň  üzülmegine kän wagtyň galmanyny syzan bolarly. Ikinji sapar göçürmäg-ä beýlede dursun, käbir pikirini jemläp bilmedik wagty “soň seretmeli” diýip, ýerini boş goýup gidipdir.

Hajy Annamämmedow uly artistdi. Tüýs sahna üçin berlen adamdy. Köp artistiň başarmaýan, sahnada pikirlenmek, özüňi erkin alyp barmaga juda ezberdi. Özi entek artistlik sungatynyň ummanyna girmänkä artistlik kärini ýeňil-ýelpaý, artistleri bolsa ýeňles, ýuwan, kelpeň adamlar hasap edenem bolsa, sahna sungatynyň gudratyna doly göz ýetienden soň, artist üçin sahnadan mukaddes, artistden agras, hormatly käri göz öňüne getirip bilmändi. Ýokardaky ýazgysynyň dowamynda artistlik kärine öz garaýşyny şeýle beýan edipdir:

-    ...Artist öz edýän zadyna özi ynanmasa, hiç wagt tomaşaçyny ynandyryp bilmez. Ýeri gelende şuny hem aýdasym gelýär. Il-günüň agysyny aglap, gülende gülüp bilmeýän adamdan hiç haçan hakyky artist çykmaz. Artistiň bilim, ahlak derejesi, maşgala durmuşynda özüni alyp barşy, ol islese-islemese, sahna çykýar. Bilim derejesi ölçegli artiste, birdenkä akademigiň keşbini tabşyrsaň, ol awtoryň sözleriniň birinem sypdyrman näçe janygan bolup samrabersin, asla ynançly çykmaz... Şunuň bilen ýene bir gezek gaýtalasym gelýär. Asla doňýürek, biperwaý artistler hiç haçan ynsanperwer adamlaryň keşbini oýnap bilmez... Indi oýunlara syn edeniňizde şu nukdaý nazardan syn etmegiňizi haýyş edýän. Artistlere diňe bir sahnada däl, durmuşda-da syn ediň. Bu siziň artist baradaky düşünjäňiziň giňelmegine, has aýdyňlaşmagyna köp kömek eder... 

Ine, bu uly artistiň öz janköýerlerine, şägirtlerine edip gidip wesýeti. Özem bu pikirini, Medeni aň-bilim tehnikumynyň, Sungat instutynyň talyplaryna sapak berende hem öwran-öwran gaýtalapdy. Hajy Annamämmedowyň tirkeşen adamlarynyň biri, tanaýan bolsa menem şonça tanaýandyryn diýsem öte geçdigim bolmasa gerek. Bu halypanyň ömürniň ahryna çenli, ikimiziň aramyzdaky “gamyş köpri” aýrylmady. Ýogsam, onuň tirkeşýän dostlary köpdi. Teatr öwrenijiler,  ýazyjylar, suratkeşler, dramaturglar... aý, garaz, :sanasaň sogaby bar” diýleni-dä. Bu bir ilçilik-dä. 

Geçen asyryň 60-70-nji ýyllarda Hajy Annammedowyň döredijiliginiň tüýs gülläp ösen döwri boldy. Janköýerleri bu uly artist bilen oturyp, pikir alşyp bilseler armanlary ýokdy.Altmyşynjy ýyllaryň ortalarynda onuň bilen Mara iş saparyna gitdik. Biziň şonda  hepdeläp ýaşaýan jaýymyza gelip bilmeýän wagtlarymyz köp bolýardy. Haýsy oba barsaň oýun gutarandan soň garaşyp durandyrlar. Bir sapar şeýle waka boldy. Oýun başlamazyndan öň bir ýaş oglan gelip, spektakldan soň özlerine myhmançylyga gitmegimizi haýyş etdi. Hajy mugallym razylyk berdi. Ol bir daýhan oglan ekeni. Oýun gutardam weli bir “Wolgaly” dükan müdiri ähli zadyň taýýarlygyny, etrabyň ýaşulularynyň garaşýanlygyny aýdyp, myhmançylyga äkitjek boldy. Hajy mugallym onuň bilen gitmedi. Sypaýyçylyk bilen başga birine söz berenligini, soň bir gün ýörite barjaklygyny aýdyp, ony öýke-kinesiz ugratdy. Ussat halypa sypaýyçylykly, ýuwaş tap, ýüregi ýuka häsiýetli adamdy. Onuň şol häsiýetlerem döreden keşplerine siňýärdi. Bu täsin artistiň keşbiň üstünde işleýşem täsindi. 

Täjik dramaturgy H.Tabarowyň “Çatrykda” sahna eserinde, köne mugallym, häzir pensiýadaky Sabyrowyň keşbini taýýarlap ýörkä, özüniň pensiýa çykanyndan soň, okuwçylarynyň arasyna barşyny, özünden soňky mugallymyň sapak geçişini gürrüň berýän ýerine geleninde ýa gülerdi ýa-da “bolanok” diýip gyra çekiler durubererdi.

Täjigistandan gelen režissýor Habybulla Abdulrazagam, bizem munuň bolşuna haýran galardyk. Göwnümize bolmasa, Hajy mugallymyň Sabyrowy oýnaýşy dogry ýalydy. Emma ussat artist öz döredýän keşbinde göwni suw içenokdy. Bir günem taýýarlyk başlandy weli, bütinleý başgaça oýnap başlady. Okuwçylaryny taşlap pensiýa çykyşyny özünden soňky mugallymyň sapak geçişini gürrüň bereninde, gözlerinden ýaş akyp başlady. Bu bolsa keşbiň dogry çözgüdiniň tapylyşydy. Keşbiň dogry çözgüdini tapyp bilseň tomaşaçy seni hiç wagt nazaryndan sypdyranok. Türkmenistanyň halk artisti Baýram Sadykow:

-    Hajy, sen “jadygöý”. Tomaşaçylary derrrew jadylaýarsyň – diýip degerdi.

 Dogrudanam, bu artistiň jadysy bar ýalydy. Sahna çykdygy tomaşaçylaryň bar ünsüni özüne gönükdirip bilýärdi. Ol hemişe teatrda goýulýan spektakllaryň baş ýa-da esasy keşplerini oýnardy. “Gögeýinde” Artur, “Ak lotosda”, Çarudatty, “30-njy ýyllarda” Begenç. “Aýgytly ädimde” Mawy, “Söýgüde” Akmyrat, “Nesiller poemasynda” Baýram aga ýaly 60-dan gowrak döreden keşpleri tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsini gazanypdy. 

Biziň Hajy mugallymyň döreden keşplerine aýratynlykda syn ýazyp oturmak niýetimiz ýok. Onuň şu wagt geregi bardyram öýdemzok. Entek talapkär tomaşaçylar, onuň hupbat baryny çekip dören Hemra, Möwlam, Baýsähet, Atanazar aga, Ýarsew... ýaly gahrymanlaryny unudan däldirler. Ýöne şu ýerde sungatyň güýji, onda teatr sungatynyň güýji hakda kelam agyz aýtmakçy. Sazanda hakyky ussat sazanda bolanda, sözüň hökman bolmaýşy ýaly, artist hakyky ussat artist bolanda, türkmen dilini bilmeýän, gaýry halklara hem öz sözüni düşündirip bilýänligini, Türkmenistanyň halk artisti Hajy Annamämmedowyň hytaýdramaturgy Sao-Ýuýnyň “Taýfun” sahna eserinde döreeden Çun-Erasynda doly göz ýetirdik. 

 Ý.Kuznesowyň 1963-nji ýylda çykan “Bäş yklymyň dostlary” diýen kitabynda hytaý dramaturgy Sao-Ýuýnyň sahna eseriniň türkmen teatrynyň sahnasynda üstünlikli gidýänligi barada, Aşgabatdan Pekiniň daşary ýurtlar bilen medeni aragatnaşyk saklaýan Bütinhytaý jemgyýetine telegramma iberenligini habar berýär.

Hajy Annamämmedow “Taýfun” spektaklynda Çun-Eranyň keşbinde çykyş etjek bolup durka, Hytaýdan gelen myhmanlaryň tomaşa zalynda oturanlygyny bilýär. Artist Çun-Erany hytaýly myhmanlar nähili kabul ederkä diýip uly alada galýar. Hytaýdan gelen myhmanlaryň Çun-Eranyň keşbini nähili kabul edendiklerini aý ýarymdan soň, Hytaý Halk respublikasyndan Hajy Annamämmedowyň adyna nätanyş dostundan gelen hatdan mälim boldy. Hatda şeýle ýazylypdyr:

Salam Hajy! 

Men sen barada Şanhaýda çykan gazetden bildim. Onda seniň, biziň dramaturgiýamyzyň “Taýfun” atly sahna eseriniň baş keşbi Çunuň keşbini ussatlyk bilen ýerine ýetirenligiň barada gürrüň berilýär. Men muňa örän şat.Gadyrly dost, men seniň bilen hat alşasym gelýär. Seniň durmuşyňy, teatrdaky işiňi, seniň mähriban watanyň bolan Türkmenistanyň we Hytaý Halk respublikasynyň arasyndaky gatnaşyk barada bilesim gelýär. Sen biziň hat alyşmagymyza şat bolarsyň diýip pikir edýärin.

Özüm, maşgalam barada gysgajyk aýdaýyn.

Men 20 ýaşymda. Şanhaýdaky merkezi bazarda işleýärin hem uniwersitetde gaýybana okaýaryn. Biziň maşgalamyz bäş adamdan ybarat. Kakam fabrikde işleýär, ejem öý hojalykçy, doganym mugallym.

Men siziň ýurduňyzyň sungatynyň, edebiýatynyň gülläp ösüşi barada köp eşitdim, köp okadym. Hajy, sizde iş saparynda bolan Hytaý Halk respublikasynyň merkezi synag opera teatrynyň sahnalaşdyran “Lýu Hu-Lan” spektaklyny gördüňmi!

Özüň barada, dostlaryň hakda ýaz. Saňa berk jan saglyk, işde üstünlik arzuw edýärin. Jogabyňa sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn. Seniň dostuň Hou Wy Çun.

Hajy Annamämmedow dosty Hou Wy Çunuň hatyny jogapsyz goýmady. Hytaý Halk respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostluk aragatnaşygy, edebiýat, sungat wekilleriniň biri-birine sarpa goýşy, döredijilik saparynda bolanynda Hytaýyň synag opera teatrynyň spektakly “Lýu Hu-Lanny” görenligini giňişleýin ýazyp, özi hakda sözüni jemläp şeýle diýýär:

“Men 28 ýaşymda. Alty aý mundan ozal, Moskwanyň teatr institutynyň artistçilik bölümini gutaryp, eziz Türkmenistanymyza gaýdyp geldim. Şondan bäri Türkmen döwlet akademiki drama teatrynda artist bolup işleýärin.

Geçen ýyllaryň dowamynda men bir topar türkmen hem daşary ýurt dramaturglarynyň ýazan sahna eserlerinde birnäçe keşpleri döretdim. Ýene-de täze sahna oýunlaryny sahnalaşdyrmaga taýýarlyk görýäris. Maňa örän jogapkärli keşbi ýerine ýetirmek tabşyrylmagy mümkin...

Ine, hakyky sungatyň adamlara edýän täsiri. Müňlerçe kilometr uzaklykdaky, dillerem, dinlerem başga-başga ynsanlary biri-birine ýakynlaşdyryp, dostlaşdyryp bilýär.

Hakyky sungat ussatlarynyň gürrüňi edilende onuň sungat älemine goşan goşandy barada gürrüň edilýär. Hajy Annamämmedow tomaşaçy bilen artistiň arasyndaky baglanyşygy güýçlendirdi. Emeli ýasama keşpleriň ornuna hakyky onki süňňüňden syzyp çykýan keşpleriň tutuş bir giden toplumyny döretdi. Aman Gulmämmedowyň sahnadaky pähim-paýhasyny dowam etdirdi. Bazar Amanowyň keşpleriniň dil aýratynlygyna goýýan sarpasyna, sesine goşdy. Ata Durdyýewi keşpleriň häsiýetine görä sypat berşini alyp göterdi.     

Türkmenistanyň halk artisti Hajy Annamämmedowda-da ähli adamlarda bolşy ýaly, begenjem, gaýgy-hasratam, öte geçme-de, ýalňyşlyklaram bolupdy. “Türkmenfilm” kinostudiýasynda kinoda düşüpdi. Telewizorda, radioda yzygiderli çykyş edipdi. Dramaturgiýada öz güýjüni synap görüpdi. Bir perdeli, köp perdeli sahna eserlerinem ýazypdy. Eger şularyň bary hakda gürrüň etjek bolsaň, onda biziň bu ýazgymyz gazet makalasynyň çygryndan çykjak. Geljekde bu uly artist hakda kitaplar ýazylar, kinofilmler dörediler. Halk öz söwer ogluny hiç wagt unutmaz.

Agamyrat Amanmyradow, Türkmenistanyň at gazanan artisti.