Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Faýzulla Eminow

...Aşgabatda Döwlet münberiniň öňünde döwletimiziň Garaşsyzlygynyň baýramçylygy gidip durdy. Sazyň ýaňlanmagy bilen Daşoguz welaýatynyň tansçy oglan-gyzlary saýlanyp şatlykly, şowhunly tansly çykyşa başladylar.

Tans türkmeniň ruhuny görkezip, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýetilen sepgidi wasp edýärdi. 

Tansçylardan gyrarakda duran saryýagyz ýigit tansçy oglan-gyzlaryň her bir hereketini üns berip synlaýardy, nämedir bir zatlar diýýärdi. Tans tamamlandy. Münber tarapdan el çarpyşmalar ýaňlandy. Üstünlikli görkezilen tans kompoziýasyna ähli tomaşaçylar el çarpdylar.

Saryýagyz ýigit tansçylara seredip birgeňsi ýylgyrdy-da, edil özi tans edýän ýaly bolup, jübüsinden elýaglygyny çykaryp maňlaýynyň derini çaldy. Ýene bir jogapkärli çykyş jüpüne düşüpdi. Ol ýigit şu tans kompoziýasyny goýan, Daşoguzyň N.Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň baş ýolbaşçysy, professional tans goýujy-horeograf Faýzulla Eminowdy.  

Hojambaz etrabynyň Kyrköýli geňeşliginde doglup, önüp-ösen, şol obanyň 9-njy mekdebinde okan Faýzulla, geljekde tansçy bolmagy arzuw etmändi. Onuň bileni-biteni sazdy. Aýdym aýtmagy, akkordeon çalmagy hiç kimiň kömek bolmazdan özi öwrendi. Mekdebiň çeper höwesjeňler toparyna gatnaşdy. Saz ugrundan ýörite bilim almak üçin Aşgabadyň G.Seýitliýew adyndaky medeni aň-bilim tehnikumyna okuwa girdi.

Emma oňa “Ýigit, saz bölümlerine alynmaly okuwçylar alyndy. Eger isleseň tans bölümi bar. Şoňa resminamalaryňy tabşyraý” diýip lapyny keç etdiler.

Ol içini gepletdi: “Oba ýüzümi sallap baranymdan, tans bölümem bolsa giräýeýin. Soňunam görüberýäs...”

Ol birinji ýyllykda Nyýaz Ataýewden, ikinji ýyllykdan başlap bolsa zehinli baletmeýster, horeograf Salawat Abdulinden sapak aldy. 

Tehnikumy tamamlap diplom alamly bolanda Faýzullany we onuň tans bölüminde okan beýleki synpdaşlaryny, Moskwa XXII tomusky olimpiýa oýunlarynyň dabaraly açylyşynyň çeperçilik bölüminde çykyş etmäge, Türkmenistandan gidýän 200 tansçynyň  hataryna goşup alyp gitdiler. Olimpiadanyň açylyşynda türkmen tansçylary  uly üstünlik bilen çykyş etdiler. Munda Faýzullanyňam, onuň synpdaşlarynyňam paýy bardy. Şol günüň agşamy Faýzullanyň şatlygy goşalandy. 

Ol Aşgabatdan, tehnikumdan telegramma aldy. Onda Faýzulla Eminowyň tapawutlanan diploma mynasyp bolandygy, şol sebäplem Moskwa, döwlet medeniýet institutynyň tans bölümine okuwa iberilýändigi habar berilýärdi.

Ol bu instituta giriş synaglaryny üstünlikli tabşyryp okuwa başlady. Dört ýyl okap halk tansy boýunça  Russiýanyň at gazanan artisti, professor I.W.Smirnowdan, Russiýanyň at gazanan artisti, mugallym B.Kaştakowdan, balet tanslary boýunça mugallym W.P.Smurowdan, tans goýmak we tansyň taryhy boýunça T.A.Smirnowdan gowy bilim aldy. Şol wagtky dürli soýuz respublikalardan bolan synpdaşlary “Argentin tangosyny”, “Aragon awy”, “Tarantola”, “Kadril”, “Gopak” ýaly ispan, italýan, rus, ukrain halk tanslaryny edip gowy baha alyşlary, diplom işi edip goýan “Türkmen baýramçylyk tansyna” döwlet synagynyň toparynyň ýokary baha bereni şu günem Faýzulla Eminowyň ýadynda.

1986-njy ýylyň fewralynda bolsa, Medeniýet minsitrliginiň ibermegi boýunça Daşoguza geldi. Az wagt welaýatyň usulýet (metodiki) merkezinde işlänsoň,  Daşoguzyň M.Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebine işe çagyrylýar.

1986-njy ýylda bu ýörite mekdepde “Klub işgäri-höwesjeň tans toparyň ýolbaşçysy” diýen bölüm açylyp onda 20 okuwçy okap başlady. Şol bir wagtda Daşoguz welaýat çagalar sungat mekdebinde-de tans synpy ilkinji gezek açylyp onda zehinli çagalar okap ugrady. Ýörite mekdebiň tans bölüminiňem, sungat mekdebiniň tans synpynyňam ýeke-täk mugallymy Faýzulla Emnowdy.

1991-192-nji okuw ýylynda ýörite sungat mekdebinde öňki tans bölümine derek “Halk tans ansamblynyň artistini, professional tansçylary taýýarlaýan täze bölüm” açylyp, 1995-nji ýylda onuň ilkinji goýberilişi boldy. 

Eger 1986-njy ýylda tans bölüminde diňe Faýzullanyň täk özi tans mugallymy bolan bolsa bu günki günde onuň elinde okan L.Hojamyradowa, S.Pollyýew, M.Hojamyradowa, B.Annalyýewa, N.Ýazmedow ýaly mugallymlar halk tansy, nusgawy tans, baletiň taryhy ýaly derslerden toparlaýyn we aýrybaşga sapaklar berýärler.  1991-nji ýylda  Faýzulla Eminowy “halk tansy” bölümine müdir belleýärler. Ol bu işem üstünlikli alyp baryp  okuw meýilnamalaryny, sapaklaryň tertibini düzýär, ýaş mugallymlaryň sapaklaryna gatnaşyp, maslahatlar berýär. Bularyň hemmesem bir zada – gowy hünär alan tansçy kadrlary ýetişdirmeklige gönügýär.  

Ol Daşoguz welaýatynda tans ugrundan ýörite ýokary bilim alan ýeke-täk professional tans goýujy-horeograf hökmünde dürli mazmunly baýramçylyklarynyň tans çykyşlaryny taýýarlaýar. 1992-nji ýyldan başlap bolsa Daşoguz welaýatynyň Aşgabatda, Döwlet münberiniň öňünde, «Aşgabat» köpugurly stadionynda geçirilýän aýdym-sazly baýramçylyk tomaşasynda çykyş etmeli tansçy ogla-gyzlaryny seçip alyp ýokary professioanl derejede bolan tans kompoziýalaryny uly üstünlik bilen goýdy. 

Faýzulla Eminow Daşoguzyň N.Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň sahnasynda goýlan “Leýli-Mejnun”, “Hijran”, “Görmegeý oglan we owadan gyz hakynda rowaýat”, “Toýdan öňki tomaşa”, “Dostlugyň güýji”, “Görogly”, “Goly sazly, tili sözli Görogly”,... ýaly we başgada birnäçe spektakllarynyň gahrymanlary üçinem professioanl derejede tans goýandygyny aýdyp geçmek gerek.

Faýzulla Eminow “ýadadym” diýip oturanok. Onuň işledigiçe höwesi artýar. Ol ýörite mekdepdemi, sungat mekdebindemi, teatrdamy, ýa baýramçylyklardamy, nirede tans goýsa-da, nirede işlese-de, tans sungatyna ýüregi bilen hyzmat edýär. 

Işinde gazanan üstünlikleri üçin ençeme Hormat hatlara, sag bolsunlara... mynasyp boldy. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletiniň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary, beýik Garaşsyzlygymyzy wasp etmekde gazanan ýokary ussatlygy, türkmen medeniýetiniň we sungatynyň ösüşine goşýan goşandy üçin “Watana bolan söýgüsi üçin“  medaly,  “Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri”, “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna”  ýubileý medaly,  “Magytmguly Pyragy” medaly bilen sylaglandy. 

GURBAN MÄMMEDOW.