Türkmenistanyň halk artisti Ata Ilamanow

Kesesinden sereden üçin onuň bolup durşy gaty gözgynydy. Dogrusy, şol bolup duruşda onuň ýeke özüniň däl-de, aýdymçylaryň işiniň hupbatlydygy görünýärdi. Mugallym Irina Dobrohotowa el ýaglygy bilen başlamagy yşarat edip, roýalyň düwmelerini basyp ugraýardy. Ata Ilamanow bolsa roýalyň gapdalynda durşuna elindäki kagyza seredip, aýdyma başlaýardy. Aýdym ýaňy başlananda, mugallym sazy tapba kesip:

-    Dur! Bolanok! – diýýärdi. 

Ata saklanýardy. Mugallymyň düşündirişlerine gulak asyp, aýdymy ýaňadan başlaýardy. Aýdym täzeden ugrugýardy. Birdenem aýdymçynyň sesindemi ýa-da  heň öwrümindemi, sähelçe näsazlyk duýan Dobrohotowa ony täzeden saklap, ýalňyşylan taktyň neneň-niçik bolmalydygyny ýaňadan düşündirýärdi. Aýdym ýene başlanýardy, ýene kesilýärdi. Asyl, bu ýagdaý bir aýdym gutarýança onlap gezek gaýtalanýardy. Ähtimal, konsertmeýstrem, aýdymçam bu boluşdan lezzet alýandyr. Ýogsa bolmanda, şeýle irginsiz gaýtalanmalar ýürege düşäýjek ýalydy, adamyny kejikdirjege meňzeýärdi.

Belki, wagt bolandyr, belki-de, sapak oňat bişirilendir, ahyry Ata synp otagyndan çykdy. Içerde-de bolsaň, howanyň mazalyja sowuklygy bildirýärdi. Ata welin häzir howanyň beýle ýakymsyz sowugyny syzanokdy. Ol giň zala baransoň, egnindäki gara penjeginiň ýakalaryny, boýnundaky kebelek şekilli daňysyny düzedişdirip, pessejik stoluň başyndaky ýumşak kürsä özüni goýberdi. Saçyny sag taý çekgesine basyp, giň maňlaýynyň derini çaldy. Men ony synlap, aýdymçynyň işiniň neneňsi hupbatlydygy barada pikir öwürdim: “Ýogsa-da, ýaňky ýaly müň öwran gaýtalanmasa, şonça azap edilmese, aýdym bolmaz ahyryn. Ata-da şeýde-şeýde şu günki derejesine ýetendir-dä. Şeýle bolmalydyr” diýip içimi gepletdim.

 ...Ýogsa-da, öz jogapkärçiligini duýýan, zehinini gün-günden taplaýan, birsyhly işleýän aýdymçylar aýdymy şeýle aýdyp bilýärler. Ýöne her kimiň öz kärine näzeýilli girişişi, haýsydyr bir ugra neneňsi ulaşyşy bolýar. Habarçylyk soranjaňlygyna tutup, Ata Ilamanowyň bu hakda aýtmagyny haýyş etdim. Ol mylaýym ýylgyryp, gürrüňini has aňyrrakdan alyp ugrady:

-    Dogry aýdýaňyz, her kimiň ugry, her kimiň hünär saýlaýşy birhili 
bolýar. Meňki oglanlykdan boldy. Ýaňy öý ýumuşlaryna ýaran, mekdebe gatnap ýören oglanjykdym – diýip, ol gürrüňini dowam etdi. – Meň kakam sazandady. Ile çykyp bagşyçylyk etmese-de, aýdym-sazy biçak gowy görerdi. Bagşy-sazandalar biziňkä häli-şindi geler durardylar. Meň şol oglan wagtlarym Girman bagşy, Sahy Jepbar ýaly uly halypalaram bize baryp, kän-kän aýdym-saz edipdiler. Ýolaman Hummaýew mydama oba barardy. Ol baranda obadaşlar üýşerdi. Ýolaman kakam olara aýdym aýdyp bererdi, wäşi sözler bilen olary gülüşdirerdi. Belki-de, şu zatlardandyr, kim bilýär, men özümi bilip aýdymçy bolaýyn diýdim. Bagşylaryň ortarada oturyp aýdym aýdyşlaryna, saz çalyşlaryna gözüm gidýärdi, şolar bolsam diýýärdim. Asyl, soň bu jadyly duzaga mazaly düşenimi duýman galdym. Şol duzakdan sypybam bilmedim. Aşgabatda ýörite sazçylyk mekdebiniň bardygynam mekdebi gutarmazymdan has ozal bildim. Heniz girmedik ýerimdäki mekdebiň salgysynam bilýärdim. Hyýalym mekdebi gutaramsoň ýörite sazçylyk mekdebine maňlaýymy diremekdi.

 ...Diýse-diýmese-de, Atanyň gara çyny eken. Ol orta mekdebi gutardy. Ýörite sazçylyk mekdebine geldi. Şundanam onuň aýdymçylyk sungatyndaky ilkinji ýörjen-ýörjenlik ädimleri başlandy. Ýöne ýörite mekdebiň aýdym-saz gurnagy ýa-da odun-çöpe gidilendäki gygyryp ýörmeli giň meýdan däldi. Muňa Ata okuwa başlan ilkinji güni göz ýetirdi. Kynçylygam kändi, kejikmelerem. Mahlasy, okuw jaýy senden aýdymçy çykjakmy ýa-da ýok diýen sowaly çürt-kesik kesgitlejek ýerdi. Ol kesgitleme uzaga-da çekmeli däldi. Ata ýörite sazçylyk mekdebi abraý bilen tamamlady.

Ata Ilamanow dünýä belli  ussatlary ýetişdiren Moskwany I.P.Çaýkowskiý adyndaky döwlet konserwatoriýasyna okuwa girdi. Görse, bu ýeriň kynçylygy, talaby ýörite sazçylyk mekdebiniňem çeni-çaky däldi. Uly halypalar, görnükli mugallymlar sapak berýärdi. Sapak berlişine nadyl bolar ýaly däldi. Ýöne indi iliň öňüne çykmaly aýdymçydan talap edilişem şonuň ýalydy. Elbet-de, sazçylyk mekdepde tälim beren mugallymlaryň, geljegiňe umytly garaýan kärdeşleriň tamasyny sypdyrmaly däldi. “Pylanynyň okuwa gidişi” ýa-da “Pylanynyň aýdymçy bolşy ýaly” diýdirmeli däldi. Uzakda galan çagalykda başlan arzuw-höwesiň, ukybyň, zehiniň näzeýilli miwe berjekdigi-de konserwatoriýada gürrüňsiz görnäýmelidi. 

Gün geçdi, aý geçdi, ýyllar ýyllara tirkeşdi. Konserwatoriýa tamamlandy. Onuň uçurymlaryndan biri Ata Ilamanow hem güneşli Diýaryna dolanyp geldi. Magtymguly adyndaky opera we balet teatryna işe gelen ýaş ýigit indi mugallymlarynyň däl-de, tomaşaçylaryň synagyndan geçmelidi.

Tomaşaçy diýeniňem diýseň talapkär, diýseň ýüz görmezek mugallym bolýar. Mugallymyň synagyndan geçeniňde, bolmaýan ýeriňi gaýtalap, täzeden aýdyp, ahyry onuň göwnüne ýetip bolýar. Sahna çykanyňda welin, ýüzläp tomaşaçynyň nazarynda dursuň. Haýsydyr bir aýdymy ýerine ýetireniňde, birdenkä, bir säwlik bolaýsa, bar onsoň. Sen ony täzeden gaýtalap bilmersiň. Tomaşaçy hem nädyl bolar. Bu zatlar Ata Ilamanow üçin düşnüklidi. Teatrdaky halypalar ýaş aýdymça ak ýol arzuw etdiler. Döredijilik işi başlandy. 

Oňa ynanýardylar. Operalarda kyn-kyn keşpleri tabşyrýardylar. Şol ynamy hem ödemelidi. Hökma  n ödäýmelidi. Çünki ol indi teatryň artistidi.

Ata Ilamanow operalaryň ençemesinde dürli gahrymanlaryň lybasynda sahna çykdy. Dury sesi, ýiti zehini bilen olaryň häsiýetlerini, garaýyşlaryny tomaşaçylaryň öňünde açyp görkezdi. Ol gahrymanlar biri-birlerine-de, beýleki artistleriň döredenlerine-de meňzemeýän adamlar boldy.

Ol “Kemine we kazy” operasynda Daňatary oýnady. Dogrusy, Daňataryň keşbini döretmek Atanyň öňräkden bäri arzuwydy. Onuň döreden bu keşbinden tomaşaçylar hem hoşal boldular. “Zöhre-Tahyr” operasynda bolsa oňa Tahyry ynandylar. Ýene ynam, ýene talap. Şeýdip aşyk Tahyr hem Ata Ilamanowyň döredijilik repertuarynda şowly çykan keşpleriň biri boldy. Onuň “Şasenem-Garyp” operasyndaky Ilmyrady, “Keýmir kör” operasyndaky Aba serdary hem beýleki türkmen operalaryndaky ençeme keşpleri-de tomaşaçylaryň göwnünden turdy.

Men gürrüň arasynda  Ata Ilamanowyň ýaýlymda, konsert zallarynda ýaňlanan aýdymlaryndanam birentegini ýatladym. Olar sanardan kändi. “Oba gyzlary”, “Çapyksuwaryň aýdymy”, “Ilki söýgim, nirde sen?”, “Bagt derýasy”, “Saňa garaşýan”, “Ýatla meni” hem ýene-ýeneler... Olardan başga “Troýka”, “Wah, sen janjagazym”, “Şapaklar, siz şapaklar”, “Men size duşdum” ýaly ençeme rus halk aýdymlaram bar. Galyberse-de, bu aýdymlaryň birnäçesi ozalky SSSR-iň radiosynyň gaznasynda saklanýar.

Ata ýene-de sowal berdim:

-    Bagşy halky gezende bolýar. Baran ýerinde-de özi barada-da, 
ýoldaşlary barada-da gürrüň eşidýär. Sende-de şeýle bolandyr-a? 

-    Gürrüňmi? – diýip, Ata Ilamanow ýylgyrdy. – Duşuşyklar, 
gürrüňçilikler kän bolýar. Men-ä olaryň haýsy birini aýtjagymam bilemok. Baran ýerimizde aýdymymyzy diňleýärler, sag bol aýdýarlar. Başga näme, biz aýdymçylara geregem şol-da. – Ol bir zat ýadyna düşen ýaly, az salym dymdy-da, ýene sözüni dowam etdi. – Hawa, ýogsa-da bir gezek konsert topary bilen Owganystana gitdim. Şonda Kabulyň aeroportynda biz owgan žurnalistleri bilen duşuşdyk. Şol duşuşykda meni tanyşdyranlarynda, türkmen ýigidi eken. Oraz atly bir žurnalist: “Wah-eý, çap atym, çap, çap, çüw-w-w” diýip güldi. Gadyrly görüşdi. Görüp otursam, meniň aýdymymdan tanaýan ekenler. Elbetde, bu meniň üçin guwançly zatdy.

Ata Ilamanow az salym dumdy-da, sözüni dowam etdirdi:

-    Meň aýtjak bir zadym bar. – Men, aýdymçam bolsam, ozaly bilen, 
işleýän kärdeşlerime minnetdar. Ynha, Türkmenistanyň halk artisti Hydyr Allanurow, režissýorymyz Mälikguly Kepbanow, dirižýor Mäne Meredow hem beýlekiler. Olar gerek mahaly mydama kömek berýärler. Annagül Annagulyýewa, Maýa Kulyýewa, Hoja Annaýew, Habyp Mämmetýarow dagam şoň ýaly. Nury Meredow, Güljan Geldiýewa, Orazgül Töräýewa dagy bilen bolsa sahna bile çykdyk. Men hemişe olara minnetdar. 

Ýazmyrat Belliýew.