Dramaturg Şamyrat Taganow

 Şamyrat Taganow 1924-nji ýylda Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň Öküzyap obasynda doguldy. Ol 1959-njy Daşoguz şäherindäki oba hojaiyk tehnikumyny tamamlap, tokaý hojalygynda direktor, 1965-nji ýyldan Akdepe etrabyndu öň neşir edilen «Watan» gazetinde edebi işgär bolup işledi. 1970-nji ýyldan 1988-nji ýyla çenli häzirki «Daşoguz habarlary» gazetinde, ondan soňra hem «Tokmak» žurnalynda habarçy bolup işlemek bilen birnäçe sahna eserlerini, makalalar, oçerkler, goşgudyr poemalar, felýetonlar, hekaýalardyr powestleri ýazdy.        

Ol 1976-njy ýylda Magtymguly adyndaky türkmen dowlet uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty bölümini gaýybana tamamlady.

Ömrüniň 30 ýyldan gowrak wagtyny žurnalistika bagyşlan ýazyjy- nyň geçen durmuş ýoly, döredijiligi barada bir gazet makalasynda gür- rüň etmek asla mümkin däl. Şamyrat aga döredijilik meselesinde ýaşlar üçin nusga alarlykly mekdepdi. Ol zehinli ýaşlary hiç wagt gözden salmazdy. Olaryň haýsydyr biriniň ünsüni özüne çekýän goşgusydyr hekaýasyna gabat geldigi «Şunuň zehininden-ä geljekde bir zat çykjak. Oňa kömek etmek gerek» diýerdi. Halypa ýazyjymyz Şamyrat aganyň juda şahandaz adam bolandygyny, toý-baýramlarda mydama daş-töweregini ala-ýaz edendigini belläsim gelýär. Onuň sulhy alyş- ýan ýürekdeş dost-ýarlary bilen oturyşanda eline dutar alyp türk- men halk aýdymlaryny aýdaýmasy hem bardy.

Ýazyjynyň «Ykbal ili», «Howandar», «Goşa çynar», «Gündogdy» powestleri, «Murtlak işan», «Uýat boldy» atly hekaýalar ýygyndysy dürli ýyllarda özbaşyna kitap bolup çyksa, «Dost pendi», «Şarpyk» powestleri öňki «Kommunizm ýoly» (häzirki «Daşoguz habarlary») gazetinde, «Agyr güni arkalaşan» powesti bolsa öňki «Sowet edebi- ýaty» (häzirki «Garagum») žurnalynda çap edildi.

«Gara ýylgyn» romany ýazyjy Şamyrat Taganowyň uzak ýyllaryň dowamynda ýazan uly göwrümli eseridir. Ýazyjynyň bu romanyny okasaň türkmen halkynyň geçmişde nähili ýaşandygyna, durmuşa nähili garandygyna akyl ýetirýärsiň, şonda şu günki ýaşaýşymyza bolan söýgi goşalanýar. Obrazlaryň janlylygy, wakalaryň ynandyryjylygy, romanyň baş gahrymany Gara ýylgynyň adamkärçiligi, paýhasy okyjyny özüne bendi edýär.

Bu roman «Türkmenistan» neşirýaty tarapyndan 1989-njy ýylda çap edildi. Romanyň ikinji kitaby şol ýylyň ahyrynda okyjylara gowuşdy. Jemi dört kitapdan ybarat bolan bu uly göwrümli romany ýazan ýazyjy üçünji, dördünji kitaplary hem okyjylaryna ýetirdi. Ol uly göwrümli eserleriniň gapdalyndan birnäçe irili-ownukly hekaýalardyr powestler, poemalar ýazdy. Şamyrat aga «Gurbanmämmediň ata çykyşy», «Ýalňyz şägirt», «Görgüli», «Bagşy toýa gelýärkä», «Toýly derek» atly powestlerini ýazyp gutardy. Bellemeli ýeri-de, ýazyjynyň dö- redijiliginde bagşyçylyk sungatyny wasp edýän eserleriň birnäçesiniň barlygydyr. Sebäbi «Agyr güni arkalaşan» powestinde ady külli türk- men iline belli bolan bagşy Nazar Baga hakda söhbet açsa, «Bagşy toýa gelýärkä» powestinde Türkmenistanyň halk bagşysy, türkmeniň saýrak bilbili Magtymguly Garly hakda, «Ýalňyz şägirt» powestinde halypa bagşy Baýar Baýramow barada gyzykly gürrüňler berilýär.

Halypa ýazyjy Şamyrat aganyň il içinde degişmeçi şahyr hökmünde tanalmagy hem ýöne ýerden däl. Ol etrap gazetinde işlän ýyllarynda de- gişme goşgulary ýazmaklyga ýykgyn etdi. Onuň degişme goşgulary akgynlylygy, çeperçiligi, sadadan ýatda galyjylygy bilen ünsüňi özüne çekýär. Awtor dürli ýyllarda metbugatda çap edilen saýlama degişme
goşgularynyň ýüzden gowragyny özbaşyna kitap edip çykartdy.

Biz ýazyjy, şahyr Şamyrat Taganowy dramaturg hökmünde-de göz öňüne getirip bilýäris. Onuň «Pürenjekli pir» atly dramasy Daşogzuň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň artistleri tarapyndan sahnada goýuldy. Bu teatryň artistleri ýazyjynyň «Syrly gelin» atly dramasyny tomaşaçylara hödürledi. Akdepe et- rabynyň merkezi medeniýet öýüniň ýanyndaky halk teatrynyň artistleri Şamyrat aganyň üçünji pýesasy bolan «Dost pendi» atly dramasyny sahnada goýup, welaýatyň, etraplaryň zähmetkeşlerine görkezdiler. Olaryň ählisi-de tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylanyldy.

Ýazyjy bulardan başga-da «Atabaýyň täleýi», «Bagyşla gyzym» at- ly pýesalary-da ýazdy. Halypamyz, zehinli ýazyjy Şamyrat Taganow işlän ýyllarynda-da dürli žanrlarda eser döredip halkymyza, mähriban Watanymyza wepaly hyzmat etdi. Şonuň üçin il içinde abraýy uly, sarpasy belent ýazyjynyň döredijilik zehinine ýokary baha berildi. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 2 ýyllygynyň bellenilýän baýramçylygyň öňüsy- rasynda oňa «Türkmenistanyň halk ýazyjysy» diýen hormatly at berildi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidenti- miziň taýsyz tagallasy, ýadawsyz aladalary bilen Aşgabadyň mermer- den ak şähere öwrülmegi, ýurdumyzyň çar künjeginde täze döwrebap obalaryň döredilmegi, täze ýaşaýyş jaýlarynyň we başga-da ýüzlerçe medeni durmuş maksatly binalaryň gurlup ulanylmaga berilmegi, ady dünýä ýaň salan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň gurlup gün- günden keşbini özleşdirmegi biziň ýurdumyzy jennet mekana öwürdi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni wasp edip ýene-de ençeme täze-täze eserler dörederdi. «Ýagşy adam ýatdan çykmaz» diýlişi ýaly, halypa ýazyjymyz Şamyrat Taganow hakyndaky ýagşy ýatlamalar biziň kalbymyzda hemişelik ýaşap ýörer.

Baýramguly JUMAGULYÝEW, žurnalist