Türkmenistanyň at gazanan artisti Annamyrat Myradowyň degişmelerinden

Annamyrat Myradow zehinli, degişgen artistdi. Onuň gürrüň beren gülküli-degişmeli wakalaryny kärdeşleri häli-häzirem ýatlaýarlar.

Ýaş artistleriň biri spektakldaky täze keşbine bile taýýarlyk göreli diýip, Türkmenistanyň at gazanan artisti Annamyrat Myradowa jaň edýär. Hal-ahwal soraşyp, degişmek islän ýaş artist: «Sesiňiz juda üýtgeşik çykýar-la» diýýär. Onda Annamyrat Myradow şol bir äheňini üýtgetmän: «Meniň sesim mydama-da jaň edýäniň zehinine görä çykýar-da» diýip jogap beripdir.

* * *
Režissýoryň kömekçisi artist Dursun Ahmedowa arakesmäniň tamamlanan- dygyny aýdyp: «Hany, ýoldaşlar, sahna, sahna, barymyz — sahna! Taýýarlygy dowam edeliň!» diýip, keşpler barada pikir alşyp duran artistleri çagyrýar. Artistler onuň diýeni bilen bolýarlar. Emma Annamyrat Myradow bu sözler özüne degişlidirem öýtmeýän kişi bolup, ýeke özi şol bir duran ýerinde butnaman duruberipdir. Muňa geňirgenen Dursun Ahmedowa: «Annamyrat, saňa näme degişli dälmi?» diýip soraýar. Onda Annamyrat Myrat: «Wiý, sen ýoldaşlar diýdiň-ä. Men-ä seň ýoldaşyň däl. Şu teatryň artisti!» diýip, degşipdir.

* * * 
Ir bilen teatra işe gelen Annamyrat Myrat kärdeşleri bilen saglyk-amanlykdan soň: «Men öten agşam gazetden Oraz Arryga degişli birzat okadym» diýýär. Gazetde onuň döredijiligi barada ýazandyrlar öýden artistler bilen birlikde Oraz Arryk hem gyzyklanyp «aýt-da, aýt» boluşýarlar. Onda Annamyrat Myrat: «Akylyň bolmasa, nakyla eýer. Oňa hem eýermejek bolsaň, aýalyňa eýer diýip ýazypdyrlar» diýip, kärdeşlerini gülüşdiripdir.

* * *
Annamyrat Myrat teatra gelen badyna, öňden hem bilensoň, kärdeşleriniň küşt oýnap oturan otagyna ýöriteläp baryp: «Oglanlar, men sizden bir zat soraýyn-la. Ulagyň tekeri suwa degip dursa, zyýany barmy ýa...?!» diýip soraýar. Onda küşt oýnuna gyzygyp oturan artistleriň biri bu sowala geňirgenip: «A-how, kelläň bolsa, pikir edip bir gör-ä. Onuň hem bir zyýany bolarmy, nähili gürrüň edýärsiň sen?!» diýip jogap berýär. Muňa Annamyrat Myrat sypaýyçylyk bilen: «Men täze satyn alan öz maşynym barada aýdýaryn. Seniňki ýaly köne ulagyň gürrüňini edemog-a» diýip, olara täze ulag alandygyny aýtmak isläpdir.

* * *
Artistleriň biri aljyran kişi bolup: «Annamyrat kaka, Oraz Arryg-a menden 5-10 manat karz pul soraýar welin, bersemmikäm ýa-da bermesemmikäm?» diýýär. Onda Annamyrat Myrat: «Hökman ber, eglenme-de. Ýogsa häzir Jumada-ha ýok ekeni, sen bermeseň, ol göni meniň ýanyma geler» diýip, oňa örän wajyp maslahat beren ýaly bolupdyr.

* * *
Ýaş artistleriň biri: «Annamyrat aga, maňa bir maslahat bersene!» diýip, ondan haýyş edýär. Onda Annamyrat Myrat kineli äheňde: «Öňki beren maslahatlarymy hem yzyna gowşurmadyň» diýipdir.

* * *
Bir gün awtobusyň üstünde artistleriň biri Annamyrat Myrada duşýar-da, hal-ahwal soraşýar, «armaň» diýýär. Soňundanam: «Işleriňizem gowumy, sag-aman işläp ýörsüňizmi?!» diýip, onuň teatrdaky işleri bilen gyzyklanýar. Şonda Annamyrat Myrat: «Sag-aman işläp ýörüs, ýöne işlerimiň nähilidigini şu gün işe baryp biläýmesem!» diýip, köpmanyly ýylgyran.

Toplan Batyr ÇARYÝEW