Türkmenistanyň at gazanan artisti Annamyrat Myradow

Halk arasynda “il gözi terezi” diýlen dana söz bar. Bu many has beterem döredijilik bilen iş salyşýan adamlara degişli ýaly bolup dur. Olaryň durmuşam, edýän işem mydama iliň gözüniň alnynda.

Şonuň üçinem biz ýüzlerçe teatr hem-de teletomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsini gazanan, sahnada, teleýaýlymda ýatda galdyran keşpleriň ençemesini döreden zehinli artistleriň biri hakynda söhbet açmakçy. Oňa ýolda-yzda gabat gelýän sungat muşdaklary “Ana, seret Esen barýar, Esen” diýşip biri-birine buşlaýarlar. Onuň hakyky ady Esen däl. “Ýagşy ýigidiň ady köp bolar” diýilişi ýaly, ezber artistiňem ady şonçarak olar ekeni. Her kim özüniň ýüregine jüňk bolan keşbiniň adyny ony ýerine ýetiren artistine “adaglap” goýberýär. Annam birgat, Poşalak, Emenek, Ussa Hajy.... lakamlary artistler “diläp alanok”. Ony tomaşaçynyň özi ykrar edýär. Esenem şolaryň biri. Bu keşbe biz dolanyp geleris. Ony döredeniň hakyky ady – Annamyrat Myradow. Ozalky Mollaneps adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatrynyň artisti. 

Adatça, (köplenç) bir artist hakda gürrüňe başlanda, ýa “bissimylla”, ol çagalykdan artist bolsam, uly-uly keşplere oýnap keşp döretsem diýip, şol arzuwyny ýatsa-tursa küýünden çykaryp bilmedigi hakdaky gürrüňden başlanylýar. Bu hakykatdanam şeýledir, oňa şübhe ýok. Ýöne bu “bissimylladan” başlamak bize miýesser etmedi. Sebäbi Annamyradyň gür bermegine görä, oňky juda beýlede däl ekeni. Olam öz deň-duşlary ýaly okapdyr, oýnapdyr, käýarym bimazalygam edipdir, ýaka-da tutuşypdyr, ulular şoň üçin oňa käte “daýylarynam görkezipdir”. Okuwdan soň, öýleriniň hysyrdylaryna ýardam edipdir, daýhan birleşige pagta gidipdir, goýnuň yzynda gezipdir. Garaz, oba oglanynyň durmuşy-da...

Meýdandaka öz ýanyndan hiňlenmäni gowy görýär ekeni. Özünden ekabyrraklaryň töwerekde ýokdugyna gözüni ýetirip, aýdyma-da zowladaýar. Deň-duşlaram şoň aýdyp bermegini isläpdirler. Eger basdaş oglanlary haýyş eden bolsalar, diýmek onda diňlärçeräk labyz, ses bolandyr-da?! Onuň şeýledigine birnäçe spektakllarda tomaşaçylaram göz ýetiren bolsalar gerek. (“Şagal mesligi”, “Ata we ogul” telespektakly we başgalar). 

Dramaturg Taňryguly Taganowyň “Kökenli ýüzük” dramasy esasynda goýlan Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň spektakly Annamyrada diýseň täsir edipdir. Esasanam, Atamyrat Täjowyň “Temen haltada ýatmaz” atly gülküli oýnuny halapdyr. Şondaky Türkmenistanyň halk artisti Akmyrat Hümmedowyň ýerine ýetiren Godalagy oňa diýseň ýarapdyr. Akmyrat Hümmedowyň sahnadan edýän çakgan hereketleri, sözlerini özboluşly, şireli edip tomaşaça ýetiribilişi, Godalagyň aýdymy Annamyradyň şeýle bir pisindi oturypdyr weli, her gezek onuň çaltrak sahna çykaryna sabyrsyz garaşypdyr. Oýny ençe ýola görüp, Godalagyň aýdymyny öwrenip deň-duşlaryna, hatda ululara-da täsin edip aýdyp beripdir welin, Akmyrat Hümmedi küýsetmändir...

Onuň artistlige bolan höwesiniň döremegine belkem, “Kökenli ýüzük”, “Zöhre-Tahyr”, “Keýmir kör”, “Temen haltada ýatmaz”... ýaly spektakllara tomaşa etmegi, Akmyrat Hümmedow ýaly ussatlaryň sungaty sebäp bolandyr?

Ony Annamyrat Myradowyň özem kesgitli aýdybilenok. Belki-de onuň teatra ilgezik bolmagyna hersiniňem ýeterlik derejede dahyly bolsa bardyr. Üstesine-de sungatyň özüne çekiji jadysy, tebigy başarnyk... 

Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet drama teatrynyň ýanyndaky studiýany tamamlansoň, ony şol ýerde işe alnyp galynmagy, Aman Gulmämmedow, Ata Durdyýew, Sabyr Ataýewa, Bazar Amanow, Sona Myradowa, Nurjemal Söýünowa, Muhammet Çerkezow, Aman Gurbändurdyýew ýaly sungat äleminde “azy ýaran” ussatlar bilen bir gapydan girip-çykmak, özboluşly durmuş mekdebini geçmek, olar bilen sahnada oýunçy ýoldaş bolup çykyş etmek, elbetde bijäňe düşen uly bagt! Bu gepiň gerdişine görä aýdylaýýan häki bir jümle däl. Halypa gören bagşy-sazandalaryň ýolam, hörp alşam üp-üýtgeşik bolýar. Ony çintgäp oturmasagam düşnüklidir-le.

Teatryň spektakllarynda köpçülik sahnalarynda, epizodik keşplerde çykyş edendigini sanap oturmazdan, artistlik kärine köňül beren Annamyrat Myradowyň ilkinji göwrümli oýnan keşbi dramaturg G.Muhtarowyň “Agtyklam bolsa öýlenjek” atly komediýasynda Şalynyň keşbi boldy. Bu spektakldaky keşpleriň hemmesem esasy keşpler. Sebäbi oňa bary-ýogy dört sany adam gatnaşýar. Bu gülküli oýunda Annamyrat Myradow alçak, söz gözläp durmaýan, şadyýan adamlaryň ýüzüne gelibilýän Şalynyň häsiýetini döredip artist hökmünde adygyp gitmegi gazandy. Oýunçy ýoldaşlaryna “aýakbagy” bolmady. Režissýorlar oňa ikirjeňlenmän iş tabşyryp ugradylar.

Dramaturg Tirkeş Jumageldiýewiň “Şagal mesligi” gülküli onundaky Amanyň keşbi hem artistiň şowly işleriniň biri boldy. Ýokary okuwa giribilmän, çöle çopançylyga gidýän agy-garany ýaňy seljerip durmuşa düşünip ugran Amanyň sadadan gelen keşbine tomaşaçynyň syny oturdy. Belki-de oýny gören Amanyň deň-duşlary onuň sadalygyny, durmuşda öz ýoluny tapmaga edýän synanyşygyny, ugurtapyjylygyny, göwün beren gyzyna bolan söýgüsini özboluşly sapak edinendirler? Eger şeýle bolsa, artistiň azabynyň ýerine düşdügi, göwün guşunyň uçdugy biläýmeli!

Ýapon durmuşyndan ýazylan “Bu gaýtalanmaly däl” dramasyndaky lukman Jemsiň keşbi akylly, intelligensiýa wekili. Onuň özüniň çekýän ýürek yzasy bar. Ol Hirosimanyň üstüne atom bombasyny taşlan uçarmanlaryň biriniň ogly. Jems ähli iş-aladalaryny goýup, şol gopan ahyrzamanada heläk bolanlary bejermäge çalyşýar. Kakasynyň eden hyýanatynyň tersine, onda ynsanperwerlik ruhy, lukmançylyk borjy bar. Şonuň bilen birlikde, bu weýrançylyk  üçin özüni-de müýnli duýýar. Annamyrat Myradow Jemsiň içki howsalasyny, ýiti dramatizimini tomaşaça ýetirmegi başardy. Kärdeşleri onuň köptaraplaýyn artist bolup biljekdigine göz ýetirdiler. Keşp yzyna keşp oýnalyp, keşp döräp başlady. Bu sözlerem ýöne gepbaşy däl. Ýeri gelende bir wakany ýatlatmakçy: teatrşynas tanşymdan “pylan artist pylança ýaşaýa, özem pylança ýyllap işlän, şol hakda bir material taýýarlap ber” diýip haýyş edenlerinde, ol işiniň köpdügini bahana edip boýun almandyr. Ondan sebäbini sorasam – “men oň döredijiligi barada näme ýazaýyn, işlese işläpdir-dä şonça ýyl?”, diýdi. Gaýta, söýgüli satiraçymyz Gurbangylyç Hydyrowyň: “Otuz ýyllap bäş aýdymy gaýtalap, pensiýany urup ýatan bagşy bar” diýen setirlerini ýatlady. 

A.Myradowyň oýnan keşpleri žanr, häsiýet biçüwindenem, ýaş, millet tarapyndanam dürli-dürli. Ine, olaryň käbirleri: “H.Derýaýewiň “Ykbal” dramasynda Berdi, B.Seýtäkowyň “Gyz salgydynda” Myrat, W.Şekspiriň “Riçard III” pajygasynda şazada Dorset, “Nadaranyň nogtalanyşy” gülküli oýnunda Tranio, M.Gorkiniň “Ýegor Bulyçew we başgalarynda” Paşka, K.Goldoniniň “Iki aganyň hyzmatkärinde” Brigello, G.Muhtarowyň “Japbaklar” gülküli oýnunda Ýalak işan, W.Wişnewskiniň  “Optimistik pajygasynda” Anarhist, R.Tagoryň “Gang gyzy” dramasynda Romaş we başga-da birnäçe keşpler. Görşümiz ýaly, eserleriň arasynda türkmeniň belli dramaturglary-da, daşary ýurt awtorlary-da ýetmezçilik edenok. 

Ownukly-irili oýnalýan keşpleriň içinde diýseň jüpüne düşenleri, il halarly, esasanam artistiň özüne has ýakynlary, şeýle-de çigräk-hordalaram bolup biler.

Döredijiligiň ýazylmadyk kanuny şeýle. Ondan gutuljak gümänyň ýok. Onsoň-da bolsa, keşp döretmek diňe bir artiste degişli bolman, alnan materiala, režissýora, hatda bile oýnaýan oýunçy ýoldaşlaryňa-da bagly bolýar.

Ýene bir zat, olam artist keşbi tapman, keşp artisti tapýar. Tomaşaçy artisti görýär. Onuň kemter, ýöntem keşbi üçin şony günäkärleýär. Spektakly döredýän beýleki işgärler maslahatlaşylanda, çeperçilik geňeşinde, kärdeşleriniň öňünde kötek iýýärler. Olar aglaba tomaşaçyň öňünde hasabat okanoklar. Hasabat artistleriň paýyna düşýär. Şonuň üçinde Annamyradyň boýun almagyna görä, bäş-on jümle aýdaga-da çykyp öýe gaýdybermeli guraksy ýazylan keşp oýnanyňdan iňňe bilen guýy gazanyň elhal. Şonuň ýaly “ýüreksiz, jansyz” keşbi bir sorap bolar ýaly etmäge bolan hyjuw onda aňryýany bilen ýeterlik. Oňa häsiýet tapmak, içki dünýäsini baýlaşdyrmak, daş-keşbini, edim-gylymyny teswirlemek üçin režissýoryny öz gününe goýmazlyk kärdeşlerinde maslahat soramak ýaly gylyklaram, synçylygam, erjelligem bar. Ol muňa – gazanýan çöregini haklamak diýip düşünýär. 

Artistiň döredijilik durmuşynda onuň başarnygyna üns berýän, oňa pisindi oturýan režissýorlar artistden “çallyk geçi” hantamaçylygy bolman onuň hertaraplaýyn ösmegine goltgy bermäge çalyşýar. Sebäp erjellik, zähmethonlyk, hatda adamkärçilik taraplaryna-da janköýerlik edip ony mümkingadar öz goýýan spektakllaryna almaga çalyşýar. Şeýlelik bilenem özboluşly döredijilik birleşigi, laboratoriýasy döreýär. A.Myradow bilen şeýle gatnaşykda bolup işleşen režissýor Türkmenistanyň at gazanan artisti Aman Kömekowdyr. Aman Kömekowyň sahna çykaran spektakllarynyň aglabasynda diýen ýaly Annamyrat esasy keşplerde çykyş etdi.

T.Jumageldiýewiň “Şagal mesligi” sahna eserinde, D.Baýlyýewiň “Petigara” gülküli oýnunda, Şaraf Başbekowyň “Demir aýal” sahna oýnunda we beýleki spektakllarda oýnalan keşpleri ýatlamagam ýeterlik mysal. 

Aman Kömekow bu hakda şeýle pikirleri aýdýar: “Adatça režissýor her bir artisti synlaýar. Onuň zehinini başarnygyny terezä salyp görýär. Şolaryň arasynda-da käbirini öz döredijiligine has ýakyn görýär. Annamyrat Myradow bilen işleşmek ýeňil. Beýle diýsem “Keşbiňi ýat tutaga-da sahna çykyber” diýildigi däl. Ýok, ýok! ol taýýarlaýan keşbini has baýlaşdyrmaga, çuňlaşdyrmaga çalyşýar. Bir zatlar tapyp gelýär. Režissýoryň halamaýany “idip ýöretmeli” artistler. Şu günki tapylan detaly ertesi ýatladyp durmaly bolsa gaty güzap berýär. Annamyrat ol ýasowdan däl. Oňa bir zat diýseň bolany. Ýarym sözde düşünişýäs. Gaýta, ony hasam baýlaşdyrýar, beýle ýany bilen oňarýar. Taýýarlyklarda öz pikirini aýtmagy, subut etmegi başarýar. Özara jedelleşigem başarýar. Onsuz döredijiligem ýok-da! Ol artisti entegem dürli häsiýetdäki, dürli žanrdaky ýazylan keşplerde ulanmaly. Annamyradywň döredijilik, artistlik diapazony giň. Ol köp dürli keşbem döretdi, tejribe-de toplady”. 

Biz başda ony Esen hökmünde tanalýandygyny ýaňzydypdyk. Dramaturg Baýram Gurbanowyň meşhur şahyrymyz Kerim Gurbannepesowyň “Ata we ogul” poemasy esasynda ýazan adybir telespektaklyny müňlerçe adam gaýta-gaýta görüpdi. Şol teleoýunda A.Myradow baş gahryman Eseniň keşbini ýerine ýetirdi. Köne düşünjä gulluk edýän ene-atasynyň garşysyna çykan Esen biziň günlerimiziň ýaşlarynyň tipiki keşbine öwrülip gitdi. Öz maksadyna ýetmek, söýgüsini goramak üçin ony ösdürip kemala getiren kakasynyň ýüzüne geläýmek diýseň çetin. Onuň diýeni bilen bolsaň-a, öz päk arzuwyňdan, göwün beren umydyňdan – söýgüliňden jyda düşmeli. Ýogsa-da... eneň-taň ýüzüne gelip, öz pikiriň dogrudygyny subut etmäge çalyşmaly. Onsoň-da, garrylaryň ýüregini agyrtmajak bolmaly...

Iki oduň arasynda galan sada göwünli Eseniň keşbini artist özboluşly çözüp, ony ussatlyk bilen döredip bilipdir.

Annmyrat Myradowyň ilkinji gezek teleýaýlymda görneni Mämmetnazar Hydyrowyň ýazan “Tanyşly garyndaş” spektaklynda bolupdy. Şonda oýnan kiçeňräk keşbinden başlap, telewideniýäniň režissýorlary O.Hojaýew, H.Kakajanow, N.Gurbangeldiýew, S.Saryýew we beýlekiler artisti ýygy-ýygydan öz goýýan teleoýunlaryna çagyryp başladylar. “Syrly düwünçek”, “Öz obamyň lälesi”, “Jenaýatyň bosagasynda”, “Gülle deşen telpek” ýaly birnäçe uly göwrümli telespektakllarda, “Satira we ýumor”, “Ýartygulak” žurnallarynda dürli röwüşdäki keşpleri janlandyryp, teleýaýlymyň tomaşaçylarynyň gyzygyn söýgüsini gazandy. 

Gürrüňçilikleriň birinde Annamyrat “Gepleýiş äheňini öwrenmekde, sözüň haýsyna basym bermekde ilkinji mugallymym meň kakam boldy” diýdi. Obalara baramda, men ýaşulularyň gepleýişlerini üns berip diňleýän. Olaryň aýdýan sözleriniň düýp manysyny sünnälap ýetişdiribilişlerine haýran galýan. Ýogsa oň üçin olar känbir emgenibem duranoklar. Aýdýan-a, olaryň her bir sözi damja ýaly! Biz -  artistler weli, sahnada her jümläni şänik döwen ýaly etjek bolsak, baý, režissýorlara-da güzap baryny berýäs-ä. An-a, şu ýagdaýda men-ä şol ýaşululardan alýan sapagymy ulanmaga çalyşýaryn”. Hawa, Annamyradyň şu endigem “Artist mydama gözlegde bolmaly” diýilýän düşünjäniň bir mysaly. 

Annamyradyň soňky oýnan keşpleriniň birem özbek dramaturgy Ş.Başbekowyň “Demir aýal” sahna eseriniň baş gahrymany Goçgar. Öz gün-güzerany üçin çagajyklaryny hor etmejek bolup gydyrdanyp ýören Goçgar sada biçüw, traktorçy. Onuň daýhan birleşigiň guly bolup ertirden tä agşama çenli depesinden gum sowurýan daýaw ýigidiň ýüregi berç baglan. Ýetde-gütdelik onuň halys aňkasyny aşyrypdyr. Meýdanda eşek kimin işlese-de hojalygynyň pajarlap gidibermeýänine jany ýanýar, jogap gözleýär. Ony tapmaga-da akyl ýetiribilmän, kaýarym içgiden teselli gözleýär. Içgi bolan ýerde-de, oňşuksyzlyk başlanýar. Aýaly, çagalary ony terk edip atasy öýüne gidýär. Onuň alym dosty Olumjan öz ýasan demir aýalynyň üsti bilen Goçgaryň gözüni açýar. Ol saralyp giden suratynyň görkezme tagtasynda asylyp goýlanlygyna garamazdan, özüniň diri maslykdygyna, hiç kimdigine düşünýär. Gülki öwüşgünlerine ýugrulan wakalar kem-kemden pajyga ýazýar. A.Myradow öz gahrymanynyň içki pajygasyny kem-kemden ösdürýär, tomaşay oňa hem gülýär hem jany-teni bilen gynanýar. Goçgaryň keşbi Annamyradyň döredijiliginde iş şowly işleriniň biri diýip hasap edýäris. 

Teatryň repertuary täzelenip dur, täze spektakllar dünýä inýär, şonuň bilen birlikde-de täze-täze keşpler döreýär. Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatrynyň baş režissýory Kakajan Aşyrow biziň halkymyzyň taryhy mirasy bolan “Gorkut ata” eposynyň esasynda “Oguz oýny” spektaklyny sahnalaşdyrdy. Onda Annamyrat Myradow esasy keşpleriň biri bolan Sandalyň keşbini ussatlyk bilen ýerine ýetirdi. 


Allaberdi Mele.