Türkmenistanyň at gazanan artisti Aşyrmämmet Ýemşikow bilen söhbetdeşlik

Teatr sahnasynda goýulýan eseriň şowly çykmagynda artiste esasy orun degişli bolup durýar. Özüne ynanylan keşbi üstünlikli ýerine ýetirmek bolsa, her bir artistiň möhüm wezipesidir. Ömrüni teatr sungatyna baglan, döwürdeşlerimize täze keşpleriň ruhy dünýäsini açyp görkezýän artistlerimize il-ulsumyz uly hormat goýýar. Olaryň bitiren hyzmatlary üçin hormatly Prezidentimiz tarapyndan hormatly atlar dakylyp, şa serpaýlary gowşurylýar. Şeýle bagta mynasyp bolanlaryň biri, Türkmenistanyň Baş drama teatrynyň artisti, «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly adyň eýesi Aşyrmämmet Ýemşikow bilen söhbetdeş bolmagy makul bildik.

—    Aşyrmämmet halypa, siz indi ençeme ýyl bäri, teatr sahnasyn- da dürli keşpleri döredip, tomaşaçylaryň hormat goýýan artisti hökmünde tanalýarsyňyz. Elbet-de, sungat kämilligine çenli esli ýoly külterlänsiňiz?..

—    Her bir adamyň kämilleşip, durmuşda öz ornuny tapmagy üçin, ilki bilen binýadyň mäkäm bolmagy gerek. Uly-uly ýollaryň hem ýodalardan başlanýandygy hemmä mälim hakykat. Meniň hem teatryň gapysyndan ilkinji ätlän günlerim şu günki ýaly ýadymda. 1979-njy ýylda Tejen etrabyndaky 7-nji orta mekdebi tamamlanymda, «Ýaş kommunist» gazetiniň (häzirki «Watan») sahypasynda şol wagtky Mollanepes adyndaky akademiki drama teatrynyň ýanynda ýerleşýän, artistleri taýýarlaýan üç ýyllyk teatr-studiýasyna okuwa kabul edilýändigi hakyndaky bildirişi okap, ýürekdäki arzuwlarymyň hasyl boljak pursatynyň golaýlaşandygyna göz ýetirdim. Nesibäm çekip, şol ýyl okuwa kabul edildim. Teatryň üýtgeşik sahnasy meniň üçin ýatdy. Ýöne artistlik hünärine bolan söýgim kalbymda möwç urýardy. Halypa artisleriň berýän maslahatlaryny diňläp, olardan netije çykaryp, her bir sahnalaşdyrylýan spektakllarda ukyp-başarnygymy açyp görkezmek üçin özüme ynanylýan keşplere ähli yhlasymy siňdirýärdim. 1985-nji ýylda studiýany tamamladym. Halypalarymyň zehinime beren bahasy bilen meni Mollanepes adyndaky drama teatrynda alyp galdylar. Bu meniň üçin uly bagtdy, uly jogapkärçilikdi. Sebäbi halypalaryň bildiren ynamyny aňryýany bilen ödemelidi. Şol günlerde sungat kämilligine tarap gadam goýmagym şu günki ýeten derejämiň binýady boldy.

— Artistlik ýolunda geçen menziliňizde biri-birine meňzemeýän keşpleri janlandyryp gelýäňiz. Olaryň içinde size haýsy keşp ba- rada gürrüň etmek has ýakymly?

— Ilkinji döreden keşbim teatr-studiýasynda okaýan wagtym Türkme- nistanyň halk artisti Ata Alowowyň sahnalaşdyran «Harmandäli» spek- taklyndaky Uzyn sopynyň keşbi bolupdy. Işe başlan ilkinji günlerimde «Petigara» spektaklynda Çolukow atly ýetmiş ýaşly gojanyň keşbini dö- retmek ynanyldy. Ýigrimi iki ýaşda garry gojanyň keşbini janlandyryp, tomaşaçylaryň öňünde çykyş etmek uly başarnygy talap edýärdi. Sungat adamy bolup, halk köpçüliginiň söýgüsini gazanmak, ynamyna girmek özüňden edilýän talaby has-da ýokarlandyrýar. Halypa artistleriň geçen ýoluny özüme mekdep edinip, olaryň beren maslahatlaryny öz durmuş tejribämde şöhlelendirmek esasy maksatlarymyň biri boldy. Onsoňam öýümize barýan ýolda her gezek bir nurana ýüzli goja duşup, onuň bilen biraz wagt gürleşip durýardym. Şol ýaşula duşmagym sahnada gojanyň keşbini döretmegime uly ýardam etdi. Soň-soňlar «Syrly sandyk», «Giýewleriň bäsleşigi», «Gelinleriň gozgalaňy», «Myhmanhanadaky başagaýlyk», «Şeýtan zürýatlary», «Romeo-Žuletta», «Synag», «Hazyna», «Dowamat dowam», «Ýar, gara gözleriň bendiwany men» ýaly spektakllarda biri-birine meňzemeýän dürli häsiýetdäki gahrymanlaryň keşbini döretdim. «Hindi rowaýaty» spektaklynyň baş gahrymany Birbalyň keşbini sahnada indi ýigrimi ýyl bäri ýerine ýetirip gelýärin.

— Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen, sungat ul- gamynda hem halypa — şägirtlik ýoly yzygiderli dowam etdirilýär. Siziňem teatr sungatyna gelip, kämilleşmegiňize, tejribe toplamagyňyza ýol açan halypalar bolandyr. Söhbetdeşligimiziň barşynda olar hakda-da aýdaýsaňyz.

— Ähli üstünlikleriň gözbaşynyň özüňe bolan ynamdan başlanýan- dygy, ynam bilen keşp janlandyryp, tomaşaçylaryň söýgüsini gazanyp bolýandygy hakyndaky halypalaryň beren maslahatlaryny ýörelge edin- dim. Bu günki günde olaryň öňünde baş egip, ýagşylykda ýatlaýaryn. Belli artistler Ýelizaweta Garaýewa, Sona Myradowa ilkinji halypalarym boldy. Teatr sahnasynda keşpleri kämil janlandyrmakda Türkmenistanyň halk artistleri Aman Gurbandurdyýew, Ata Alowow, Welmyrat Amanow, Nurmuhammet Keşşikow, Annamyrat Berdiýew, Rejep Hojagulyýew dagy uly goldaw berdiler. Sungat ýolumda halypalar bilen geçiren günlerimi iň bagtly günler hasaplaýaryn.

—    Aşyrmämmet halypa, siz birnäçe gülküli hekaýalaryň hem aw- tory. Häzir nähili eserleri döredýärsiňiz?

—    Durmuşda her hili gülküli wakalar bolup geçýär. Biziň «Ýylgyran ýüze ýygyrt düşmez» diýen ajaýyp pähimi döreden, ruhubelentligi söý- ýän halkymyz bar. Sungat älemine aralaşan ilkinji günlerimden bäri, metbugat sahypalarynda çap edilýän kiçi göwrümli gülküli hekaýalarymda durmuşyň gyzykly wakalaryny beýan etmäge çalyşdym. «Düzeldi biläýiň», «Men öwünjeň däl», «Gudratly kagyz», «Toý bir bolup dursa...», «Peýdaly maslahat», «Her kimiň öz derdi bar» ýaly hekaýalary döretdim. Şeýle hem birnäçe kiçi göwrümli pýesalary ýazdym. Häzir bolsa «Çala eşiden...» atly iki bölümli gülküli sahna eserimi ýazyp, tamamlap baraýaryn.

—    Geljekki döredijilik maksatlaryňyz hakda-da aýdaýsaňyz?!

—    Bagtyýarlyk döwrümizde il-ulsumyz baky bagtyň eýesi bolup, bagtly ýaşaýşyň hözirini görüp ýaşaýar. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ähli pudaklarynda gazanylýan üstünlikler buýsandyryjydyr. Sungat ulgamynda durmuşa geçirilýän işler bolsa, biz — artistleriň başyny göge direýär. Bagtyýar zamananyň bagtyny duýup, işlemäge, döretmäge berýän şeýle giň mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize hoşallygymyzyň çägi ýok.  

Söhbetdeş bolan Muhammet BEKGIÝEW