Teatr režissýory Durdymämmet Oraýew

Teatrda spektakl tamamlanýar. Minnetdar tomaşaçylaryň ör turup, el çarpmaklary astynda sahnanyň perdesi ýapylýar. Öýe geleninden soňam tomaşa eden spektaklyň täsirinden çykyp bolanok. Çünki onda biri-birini sözüň hakyky manysynda söýýän, birek-biregi tüýs ýürekden küýseýän, uzak aýralykda-da biri-biri barada pikir edip, ýürekdeşiniň eziz keşbini kalbynda apalap ýören iki ynsanyň öz arzylysyna gowuşmagyna ykbal mümkinçilik beren wagty hem durmuşlaryny birikdirmekden saklanýandygy, şol saklamanyň hem örän paýhasly ädimdigi görkezilýär. Adamyň dünýäde diňe özi üçin ýaşamaýandygy, söýýänine gowşanyň bilen gürrüňiň gutarmaýandygy, durmuşda adamyň özüni bagtly saýmagynyň köp-köp zatlara baglydygy hakdaky pikir ynsanyň iň näzik, iň gözel duýgy bolan söýgüden doly ýüregine erk edýär. Paýhas adma ýagdaýdan dogry netije çykarmaga kömek edýär, ynsany belende göterýär. Şu belentlik hem spektaklyň soňunda režissýoryň örän ýerlikli ulanan detaly arkaly nygtalýar. Göwni söýen aýalyndan akylly-başlylyk bilen el çekip, Aldonanyň öýünden çykyp ugran Paýzynyň ýoly daglyga sepleşip gidýär. Kem-kemden ýokary galýan dag ýodasy bilen gussaly başyny belent tutup, dagly gidip barýar. Ol ýokary çykdygyça, ynsap belentligi buýsançly başyny asmana ýetirip oturan daglaryň belentligi bilen bäsleşýär. 

Türkmen teatrynda iň gowy artistler hökmünde özlerini tanadan Annamyrat Berdiýewdir Oguldurdy Mämmetgulyýewanyň öz gahrymanynyň içki dünýäsini, ruhuny açyp görkezmegi başaryşlary, şeýlelikde spektaklyň başyndan-aýagyna çenli diňe iki adam hereket edýänem bolsa, tomaşaçyny irizmeýändigi ýörite gürrüň etmeli mesele. Men bu ýerde şu sahna oýnuny sahna çykaran, drama eserini sahna eserine öwürmekdäki örän çylşyrymly işi ýola goýan, suratkeşdir kompozitoryň  işiniň we beýleki sahna elementleriniň sazlaşygyny döreden, bularyň hemmesini dramaturgyň sahna eserde öňe sürýän taglymyny açmaklyga gönükdiren, bir söz bilen aýdanyňda, şu teatr baýramçylygyny guran, emma özi bir gyra çekilip, eserdeňlik bilen tomaşaçylaryň känbir gözüne-de ilip durmaýan, emma teatrda esasy adam – oýny goýan režissýor hakda gürrüň etmekçi. Elbetde, bu režissýoryň döredijilik aýratynlygyny doly açyp görkezmek üçin sungaty öwreniji hünärmeniň ýörite ylmy-derňew işi gerek. Şonuň üçin men bu meselä ýönekeý tomaşaçynyň duýýan aýratynlyklary, alýan täsirleri nukdaýnazaryndan çemeleşmekçi.  

Spektakly sahnada goýmak işini režissýor sahna eserini saýlamakdan, ýagny öz islegine laýyk gelýän we tomaşaçy üçin zerur sahna eserini gözlemekden başlaýar. Şeýle bolansoň, “Dagly” spektaklyny sahnada goýan Türkmenistanyň halk artisti Durdymämmet Oraýew bilen söhbetdeşligimiz şu sahna eseriniň teatra gelip düşüşinden başlandy.

-   Durdymämmet Oraýewiç, “Dagly” spektakly, ilki bilen gozgaýan 
mowzugy boýunça maňa-ha gaty ýarady. Soňky wagtlarda käbir adamlaryň ahlak näsazlyklary, binika doglan, taşlanan çagalar we ş.m. nogsanlyklar hakynda köp gürrüň edilýär. Meniň pikirimçe, şu meselede ýamany paş etmek bilen birlikde, ýagşyny ündemek işine-de ýeterlik üns bermeli. Sebäbi terbiýeçilik işinde ýagşy görelde örän güýçli ýarag bolup durýar. Görelde alnyňda, öýküneniňe degýän, “şunuň ýaly bolsadym” diýdirýän sagdyn taglymly keşpleri tomaşaça ýetirip durmaly. 

-   N.W.Gogolyň aýdyşy ýaly, “Teatr beýik mekdepdir... Teatr   hiç 
bir  jähtden bihuda wagt geçirilýän ýer däldir... Bu – adamzadyň kalbyna köp-köp ýagşy niýetleri siňdirmäge uçursyz uly mümkinçilik berýän kafedradyr”. Tomaşaçy teatrdan bir zatlar alyp gitmeli. Şeýle bolansoň, teatryň ilkinji wezipesi tomaşaçyny tolgundyrýan, ony oýlandyryp bilýän meseläni gozgamakdyr. Ol meseleler bolsa, ilki bilen, durmuşyň özünde döreýär. Durmuşdan susulyp alnan meseleler sahnada janlaýar-da, ýene-de durmuşa siňip gidýär. Şol durmuş meseleleri köplenç milletine garamazdan, bütin adamzada degişli bolýar. Bir sebitde täjik bilen türkmeniiň durmuşy-ha biri-birine hasam golaý. Onsoň şu sahna eserinde gozgalýan mesele göwnüme ýarady-da, onuň awtory Abdullaýew bilen habarlaşdym. “Dagly” sahna eserini türkmenleşdirip, sahnada goýmak pikirimiň bardygyny aýtdym. Ol meniň pikirim bilen doly ylalalşdy. Dogrudanam, edil täjiklerde bolşy ýaly, türkmen durmuşynda-da goýun bakmak hojalygyň easy pudaklarynyň biri. Türkmenistanda-da edil Täjigistandaky ýaly daglar, merdana daglylar bar. Baş gahrymanyň Faýzi ady hem türkmenlerde Paýzy görnüşinde ulanylýar. Iň esasy zat bolsa, durmuş, ahlak meselesinde tutuş merkezi aziýalynyň garaýşy birmeňzeşräk bolýar. Onsoň näme, Paýzynyň türkmençe geýinmegi, türkmen dutarynyň owazynyň ýaňlanmagy ýaly kömekçi serişdeleriň hem goltgy bermegi bilen spektakl türkmençe bolup duruberdi.

Şundan soň gürrüňimiziň ugry bu ussat režissýoryň öz döredijilik ýörelgesine, umuman teatr sungatyna dahylly meselelere gönükdi.

- Durdymämmet Oraýewiç, men siziň goýan spektakllaryňyzyň köpüsine tomaşa etdim weli, bir ýagdaý ünsümi özüne çekýär. Ýagny siziň goýan spektakllaryňyzda göçgünli sazlardyr tanslar, gözüňi gamaşdyryp, başyňy aýlap barýan yşyk, gözilginç egin-eşiklerdir sahna bezegleri, artistleriň aşa ünsüňi çekýän hereketleri we ş. m. zatlar köp duş gelmeýär. Gönüläp aýtsam, režissýoryň eli görünmeýän ýaly?!

-    Bu hut şeýle hem bolmaly. Görnükli režissýor W.I.Nemirowiç-
Dançenkonyň sözleri bilen aýtsak, “Režissýor artistde ölüp gitmeli”. Ýagny onuň işi, döredijiligi artistleriň we spektakly döredýän beýleki suratkeşleriň döredijiligine siňip gitmeli. Men sahna elementlerini spektaklda tomaşaça ýetiriljek bolunýan duýgyny açyp görkezmek üçin zerur bolan halatynda ulanýaryn. Eger-de režissýor keşbiň içki dünýäsini açyp görkezmäge dahylly bolmadyk sahna tärlerine köp orun berse, onda režissýoryň zähmeti sungata däl-de, hünärmentlige öwrüler. 

-    Siziň režissýorlyk oýlap tapyşlara şeýle talapkärlik bilen 
çemeleşmegiňiz, olary çäklendirmegiňiz tomaşaçyny teatra çekmek meselesinde kynçylyk döreder öýdeňizokmy?

-    Dogry, biziň şu günki tomaşaçymyz adamy oýlandyrýan, çuňňur 
Taglymly spektakla tomaşa edeniňden, ýüzleýräk pikirli, oňa derek güpür-tapyry köpräk spektakla seredenini kem görenok. Bu ýagdaý ruhy göýdüklikden gelip çykýar. Adamlaryň baýlyga, şöhrata bolan islegi estetiki talaplaryndan öňe düşýär. Şu ugurda-da tomaşaçyny teatryň özi terbiýelemeli. Tomaşaçy çekmek maksady bilen oňa ýeňles oýunlary hödürlemeli däl-de, ony beýik sungata ýakynlaşdyrjak bolmaly.

-    Siz mamla. Dogrudanam, adamyň duýgusyna, aňyna täsir edip, 
ony çuňňur oýlandyryp bilseň, kalbyna nähiläm bolsa bir ýagşy niýeti salyp goýberseň, şol peýdalydyr. Onsoňam ýaňy, teatr tomaşaçynyň isleginem terbiýelemelidir diýeniňizde bir zat ýadyma düşdi. 1984-nji ýylyň başlarynda ozalky A.Gulmämmedow adyndaky türkmen döwlet Ýaş tomaşaçylar teatrynda siziň çeh dramaturgy Karel Çapegiň “Ene” sahna eseri boýunça sahnalaşdyran spektaklyňyza tomaşa edip otyrdym. Spektakl tomaşaçylaryň duýgusyna şeýle bir çuňňur täsir edýärdi weli, bütin zal dym-dyrs bolup, adamlar uludan demlerini alyp otyrdylar. Dört ogluny yzly-yzyna aldyran Enäniň hasratyny, körpesi Tonini bir uruş belasyndan gorap saklajak bolup, onuň çytraşyşyny ajaýyp artistimiz ussatlyk bilen tomaşaça ýetirýärdi. Şonda yz ýanymdaky hatarda oturan iki sany orta ýaşan adamyň biri beýlekisine pyşyrdady. 

Bäh, biz-ä teatr diýilse, göwün açmaga gelipdik weli, bular-a bütin agşamyň dowamynda haşlap oturmaly etdiler.

Şeýle diýselerm, turup gidiberenokdylar. Teatr olaryň aňyny, duýgusyny eýeläp, özlerinem ýüpsüz daňypdy. Gülmäge, göwün açmaga diýip gelen adamlar Enäniň hasratyny deň çekişip otyrdylar. Dogrudanam, sahna eseri kämil bolanda tomaşaçynyň talabyny, islegini hem terbiýeläp biljek ekeni.

-    Elbetde, teatr tomaşaçyny hemme taraplaýyn terbiýelemeli. Munuň 
üçin tomaşaçynyň düşbüligine täsir etmeli, ýagny sahna gahrymanynyň içki dünýäsinde bolup geçýän zatlary: gaýgyny, hasraty, şatlygy, guwanjy we beýleki öwrülişikleri, gopýan harasady tomaşaçynyň duýmagy, syzmagy, aňmagy gerek. Gahrymanyň içki duýgusyny tomaşaça ýetirmekde teatr artistinde sungatyň beýleki görnüşleriniň hiç birinde bolmadyk mümkinçilik bar. Men bu ýerde sungatyň kino, telewideniýe ýaly görnüşleriniň ähmiýetine dil ýetirjek bolamok. Ýöne tomaşaçy bilen ýüzbe-ýüz bolmak, oňa ýürek ýylysyny ýetirmek, demiň howry bilen çoýmak mümkinçiligi diňe teatr artistinde bar. Şol aragatnaşykdan doly peýdalanmak üçin artistiň gerdenine örän agyr ýük düşýär, ýagny onuň öz gahrymanynyň doly girmegi gerek. K.S.Stanislawskiý bu babatda, men öz gahrymanymyň keşbine girenimde dabanymdan dilnip, ýokarlygyna garşy hamym sypyrylýan ýaly bolýar, haçan-da depäme çenli sypyrylyp, doly derejede gahrymanymyň keşbine girenimden soň, diňe şondan soň sahna çykýaryn diýýär. Men öz işimde beýik suratkeşiň şu ýörelgesinden ugur alýaryn. Artistlerde şol özgerişi görýänçäm stoluň başyndan turmaýarys. Hut şonuň üçinem artistleriň käbiriniň meni ynjyk görüp, meniň bilen işleşmegi kyn görýän wagtlary hem bolýar. 

Şu ýerde men  bu sungat ussadynyň döredijiliginiň ýene bir tarapy hakynda oýlanýaryn. Spektakl taýýarlamagyň ýaňky “stol başyndaky okaýyş” diýilýän etabynda ol artistleriň arassa, düşnükli gürlemekleriniň her bir sözi basymy, intonasiýasy boýunça aýtmaklarynyň, türkmen dilindäki her bir sesiň ýaňlanyşyny orfoepik kada laýyk getirmekleriniň üstünde döwneýär. Adamlaryň duýgusyna, aňyna täsir etmek üçin ol, ilki bilen, dil meselesine aýratyn üns berýär. Onsoňam ol dürs geplemegi artistlerde terbiýelemek – şu meselede tomaşaçyny terbiýelemekdir diýen pikirden ugur alýar. Artistleriň edebi diliň kadalaryny halka ýaýradyjylardygyna olaryň ünsüni çekip durýar. Geçen asyryň 80-nji ýyllarynda Ýaş tomaşaçylar teatrynda onuň taýýarlyklarynyň köpüsine gatnaşmak maňa miýesser etdi. Şonda artistleriň biri birden sözleri nädogry aýdaýsa, şobada saklardy-da: “Hany, şu sözlemi gaýtla! Ykjamja bol-da, ynha şujagaz ýerini çümmükläpjik al!” diýip, tä öz göwnüne jaý bolýança sypdyrmazdy. Netijede, onuň goýan spektakllary diliniň hemmetaraplaýyn arassalygy, düşnükliligi bilen tapawutlanýar. Durdymämmet Oraýew dil meselesine uly üns berýärdi. Öz halkynyň ogly hökmünde ene dilimiziň arassa saklanmagynyň tarapdarydy. Sungat işgäri hökmünde onuň baýlyklaryny gorap saklamak we ösdürmek ugrunda elinden gelenini edýärdi. Mysal üçin şol döwürde çykan gazetleriň birinde habarçynyň onuň halk ertekisi esasynda “Gazma düşersiň...” sahna eserini ýazmagynyň sebäpleri baradaky soragyna beren jogabynda ol şeýle diýipdi: “Häzir adamlar her zatlardan topar ýygnaýarlar. Diňe sözleriň – ene dilimiziň sözleriniň ýygyndysyny ýygnanoklar! Dilimiz, gynansak-da, resmileşip barýar. A, biz bolsa gaty köp zady ýitirýäris... ertekiler halkyň dilini giňişleýin peýdalanmaga, onuň gözelligini, keşbiligini tomaşaça ýetirmäge uly mümkinçilik berýär”.

Adamyň içki dünýäsini öwrenmek we ony çeper sözde beýan etmäge synanyşmak maksady bilen, D.Oraýew ýokarda ady agzalan sahna eserinden öňem, soňam dürli mowzuklardan sahna eserlerini döretdi. Onuň A.Agabaýew we R.Esenow bilen bilelikde ýazan “Peýkam” sahna eseri ozalky Ýaş tomaşaçylar teatrynda 1966-njy ýylda sahnalaşdyryldy. Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda duşmanyň tylynda ägirt uly işler alyp baran, belli türkmen harbysy Aga Berdiýew hakdaky bu spektakl tomaşaçylaryň uly söýgüsini gazanyp, köp ýyllar teatryň repertuaryndan düşmän geldi.

Gündogarda meşhur bolan “Leýli-Mejnun” ýordumy boýunça Annaberdi Agabaýew bilen bilelikde ýazan sahna eserini  Daşoguzyň N.Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynda onuň özi sahnalaşdyrdy.  “Leýli-Mejnuny” özleri hem sahnalaşdyran özbek kärdeşleri bu ýorduma daşoguzlularyň özleriçe çemeleşendiklerini belläp, oňa ýokary baha beripdirler.

Durdymämmet Oraýewiň “Ýolda” sahna eserini Lebap welaýatynyň S.Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň döredijilik topary 1985-nji ýylda uly üstünlik bilen sahnada goýdy. Şeýle hem ol “Ýürek ýürege habar berýär”, “Ene ýüregi” ýaly sahna eserlerini ýazdy. 

Ol türkmen teatrynyň sahnasynyň dürli milletleriň dramaturgiýasy bilen baýlaşmagyna has-da önjeýli goşant goşdy, ýagny rus, çeh, belorus, brazil, eston, osetin, gazak, özbek, täjik, gyrgyz, başgyrt, azerbaýjan dramaturglarynyň sahna eserleriniň ýigrimä golaýyny türkmen diline terjime etdi, olaryň köpüsini hem özi sahnada goýdy. Ol sahna eserleriň ýygyndysyny “Magaryf” neşirýaty özbaşyna kitap edip ýapdan çykardy. Şolardan özbek, gazak, gyrgyz dramaturglarynyň eserlerini D.Oraýew olaryň ene dilinden türkmençä geçirdi.

Şu zatlary pikirimde aýlap oturşyma, kelläme gelen sowaly daşyma çykardym:

-    Durdymämmet Oraýewiç, siziň sahna eserleriň terjimesine şeýle 
köp wagt sarp etmegiňiz režissýorlyk işiňize päsgel berenokmy? 

-    Ýok! Gaýtam tersine, peýdaly bolýar. Sahna eserini terjime 
edenimde onuň jümmüşine şeýle bir içgin aralaşýaryn weli, sahna eseri hyýalymda spektakla öwrülýär. Ondaky keşpleri hakyky artistler ýerine ýetirýärler. Spektakldaky mizanssenalar, sahna bezegleri janly suratda göz öňüme gelýär, sazy gulagymda ýaňlanýar. Şonuň ýaly bolanda ýazmagymy bes edip, hyýaly spektaklyma hezil edinip, ýekeje özüm başdan-aýak tomaşa edýärin. Ondan ummasyz lezzet alýaryn... Bu meniň döredijilik diwanalygym bolsa gerek. Ýöne şol diwanalyk sahna eserini çyndan sahnalaşdyranymda örän köp zat berýär. Şonuň üçinem men terjime işini bir ýanymdan goýamok. 

Elbetde, režissýor hakynda gürrüň edilende, üns merkezinde onuň spektakllary sahnada goýşy bolmaly. Şu jähtden seredeniňde, D.Oraýewiň sahnalaşdyran kyrka golaý spektaklynyň her biri uly gürrüňçiligiň mowzugy bolup durýar. Ýöne men bu meselede onuň sahnalaşdyran spektakllarynyň köpüsiniň mazmun-çeperçilik taýdan kämil eser hökmünde ykrar edilendigini aýtmak bilen çäklenmekçi. Meselem, ady agzalan “Peýkam” spektaklyna Türkmenistanyň Ýaşlar baýragy berildi. A.Atajanowyň “Men size ynanýaryn” (1967 ý.), N.Pogodiniň “Tüpeňli adam” (1969 ý.), N.W.Gogolyň “Öýlenmek” ( 1976 ý.), M.Şatrowyň “Rewolýusiýanyň adyndan (1977 ý.), spektakllary ozalky SSSR-iň Medeniýet ministrliginiň geçiren “Ýylyň iň gowy spektakly” atly bäsleşikleriniň gatnaşyjysy boldular. K.Çapegiň “Enesi” 1984-nji ýylda geçirilen çeh dramaturgiýasynyň SSSR-däki festiwalynyň gatnaşyjylary bolsa, H.Durdyýewiň “Skersosy” 1985-nji ýylda SSSR-iň medeniýet ministrliginiň geçiren bäsleşiginiň diplomyna eýe boldy. 

Türkmen teatr sungatyny mazmun-çeperçilik taýdan ösdürmekde Durdymämmet Oraýewiň alyp baran işleri Türkmenistanyň Hökümetiniň Hormat Haty, “Zähmetde edermenligi üçin” diýen medal, “Hormat nyşany” ordeni ýaly hökümet sylaglary bilen bellenildi. “Türkmenistanyň at gazanan artisti”, “Türkmenistanyň halk artisti” diýen hormatly atlar dakyldy.

   Ejegyz Çaryýewa.