Amangül Mämmetyazowanyň degişmelerinden

—    Myhmançylykda zenanlaryň esasy aladasynyň öý eýesiniň ähli zadyny birlaý gözden geçirip, oňa baha bermekden ybarat bolýandygy-ha tebigy ýagdaý. Onsoň, şular ýaly myhmançylyklaryň birinde iki aýal pyşyrdaşýar diýýär.

—    A gyz, öňüňdäki gapdaky çorba bir seret, içi dup-duruja-da, hakyt.

—    Wiý, ýogsam näme. Ol muny ýöne ýerden edýändir öýdýäňmi? ýa gazanynda et-kartoşka ýokdurmy, häzir baryp görseň?

Gep naharda däl, tarelkalarda. Seret, okaralaryň düýbündäki nagyşlar, ýazgylar onuň gymmatbaha gapdygyny görkezipjik dur-da.

 Ana, onuň bar aladasy biziň açlygymyz-doklugymyz däl-de, tarelkalary görüp, içimiziň ýanmagy...

Ýene-de aýallar barada.

Bir aýal goňşusynyň gapysyny kakýar diýýär:

-A gyz, maňa az wagtlyk oklawyň gerek boljak welin, gaýrat edip berip bilmersiňmi? Özümiňkini düýnjük döwäýdim-dä. Derrewjik dynyp, dolab-a getirerdim.
—    Wah, goňşy, bermesine-hä bererdim welin, edil şu wagt oklaw özüme-de gerek-dä. Menem adamyma garaşyp otyryn. Olam gijä galdy.

*    *    *    *

Biri lukmanyň ýanyna barýar diýýär. Lukmanam ony doly barlagdan geçirýär-de, hassanyň ýüzüne seredip, esli wagtlap dymyp oturýar. Onuň ala- daly keşbini görüp, hassa ysgynsyz seslenýär:

—    Lukman, näme boldy?

—    Aý, men ony...

—    Näme, meniň keselim näme, aýdyň ahyryn...

—    Wah, men ony aýdyp biljek däl...

—    Lukman, aýdyň. Hakykaty aýtsaňyz bolýar, men mertdirin.

—    Siziň keseliňiz bar-a... Aý, ýok, men öňi-soňy aýdyp bilmerin.

—    Aýdyň, men ähli zada taýyn.

—    Ýeri, bolýa-da. Siziň keseliňiziň ady... Neme... Ekinehekge... aý, ýok. Ekenikak... Wah, ýok-laý, neme, ekinimikakga... Ekenimikikgge... Ehenehok-goz... Wah, ýaşuly, aýtdym-a men, şol sözi aýdyp bilemok diýip. Dilim öwrülenok. Ertir aýlan, kelle sagat wagty, mazaly öwrenip, aýdyp beräýeýin-le...