Nurmuhammet Keşşikowyň ýatlamalaryndan

—    1972-nji ýylda ýurdumyzyň ozalky Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatrynda iňlis dramaturgy W.Şekspiriň «Romeo we Žulýetta» atly tragediýasy sahnalaşdyryldy. Bu tragediýada iki ýaş juwanyň arasyndaky söýgi barada täsin söhbet edil- ýärdi. Dramaturgiýanyň atasy hasaplanylýan W.Şekspiriň goşgy setirleri bilen ýazan bu tragediýasyny belli terjimeçi A.Berdiýew türkmen diline terjime edipdi.
      
Bu spektaklda baş keşpleri ýurdumyzyň sahna ussatlary A.Alowow bilen Ý.Garaýewa döredýärdiler. Maňa bolsa Romeonyň dosty Mer- kusionyň keşbini döretmek ynanyldy. Birnäçe aýa çeken taýýarlykdan soňra, spektakly tomaşaçylara görkezmäge rugsat berildi. Arzyly gün gelip ýetdi. Teatr tomaşaçylardan dolupdy. Ählimizi «Tomaşaçylar täze spektakly nähili garşylarkalar?» diýen pikir tolgundyrýardy.

Spektaklda Romeo bilen Žulýettanyň biri-birine öz söýgülerini beýan edýän sahnasy bardy. Şol sahnada Žulýettanyň keşbini döredýän belli artist Ý.Garaýewa eýwana çykyp:

—    Romeo, nirede sen, ýokmy juljiliň? — diýip, öz söýgülisini çagyrýardy.
      
Şol sahna ýerine ýetirilende, tomaşaçylaryň joşgunly el çarpyşmalary uzak wagtlap dowam etdi. Şol pursat spektaklda keşp döredýän artistler tomaşaçylaryň joşgunly el çarpyşmalaryna haýran galyp, tas aýtmaly sözlerini-de unudypdylar. Bu biziň ussat artistlerimiziň özlerine ynanylan keşpleriň ruhy dünýäsine aralaşmagy başarandyklarynyň ýene bir güwäsi bolupdy. Bu sahna spektaklyň özboluşly bezegine öwrüldi.

1974-nji ýylda teatrymyzyň döredijilik topary Moskwada «Romeo we Žulýetta» spektaklyny görkezdi. Güneşli Türkmenistandan gelen artistleriň döreden keşpleri moskwaly tomaşaçylary hem biparh goýmady. Olar türkmen artistleriniň döreden keşplerine ýokary baha berdiler. Olar bu spektaklda baş keşbi döreden Ý.Garaýewany «Türkmen Žulýettasy» diýip atlandyrdylar.
        
  Bu wakadan bäri elli ýyla golaý wagt geçipdir. Ýöne şol ajaýyp pursatlar ýaňy bolan ýaly hakydada janlanýar.