Öwezguly Gelenowyň ýatlamalaryndan

—  Bu dünýäde döretmegiň özi bir uly bagt. Artist hökmünde keşp döretmek bagtynyň ykbalyma düşenine müňde bir razydyryn. Şeýle döredijilik pursatlarym «Seýis» atly çeper filmde köp boldy. Bu filmde men seýis Oraz aganyň keşbini janlandyrmak üçin, Halkara atçylyk sport toplumynda atlara iým berýän, olary suwa düşürip, ýuwup arassalaýan, nal kakýan, gije atlara şöwür çekdirýän, umuman bedewi janyna deňeýän adamlaryň her biriniň at hakynda beren gürrüňlerini diňläp, olaryň hereketini, ýüz-keşbini synlap, şondan hem häsiýet we keşp döretmeklige aýratyn üns berdim.

Bedew aty seýislemegiň pelsepeli we taryhy ahwallaryny hormatly Prezidentimiziň «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» atly meşhur kitabyndan öwrendim. Gymmatly jümlelerden özüme ýörite bellik ýazgyly depderçe döretdim. Ol ýazgylaryň her birinde bolsa, dünýä meşhur ahalteke bedewlerimize bolan belent buýsanç, söýgi bar.

Isle teatr eseri bolsun, isle-de kino eseri, parhy ýok, taýýarlyk pursatlaryny öňünden gowy geçip, köňlüňde kemsiz bişirseň, sahna çykanyňda ýa-da kino düşeniňde ýeňil bolýar. Ýokarda aýdan taýýarlyk pursatlaryma şulary-da goşaýyn. Seýis Oraz aganyň keşbini döretmek üçin, «Görogly» şadessanymyzdaky Jygalybegiň seýisçilik sungatyny, islendik pursatda onuň özüni pähimli alyp barşyny, sypaýy sözleýşini kalbym- da ýugrup, türkmen seýsiniň paýhasly, agras keşbini döretmäge çalyşdym. Seýisler bilen ýüzbe-ýüz oturanymda, käbiri agras oýlanyp gürleýär, käbiri ýaz ýaly ýylgyryp, mylakatly sözleýär. Käbiri şahyrana joşup gür berýär. Şolary dessine göwnüňe surat çyzan ýaly edýäň, soňra öýe gelip, özüň seýsiň keşbine girip, özbaşdak gaýtalap, sungat derejede özleşdirýäň.

Seýis hem bedew. Her seýsiň öz usuly, öz duýgurlygy bar. Bedewler ula goýberilende, seýisler haýsy bedewiň ozjagyny öňünden anyk aýdýar. Men atçylyk sport toplumlarynda bolanymda, bu ýerdäki at çapyşyklarynda munuň gözli şaýady boldum. Şeýle seýisçilik syrlaryna aralaşmak artist üçin iň zerur, öwrenmeli, özleşdirmeli pursatlaryň biri. Bu pursatlary hem, elbetde, «Seýis» atly çeper filmdäki seýis Oraz aganyň häsiýetine siňdirdim.

Görüp otursam, meniň ömrümde bir çeper kinofilmiň töwereginde, gör, näçe pursatlar bolup geçen ekeni. Şeýle ajaýyp pursatlar bolsa, elbetde, hormatly Prezidentimiziň milli atşynaslyk sungatymyza uly üns berýänliginden gelip çykýar. Munuň üçin bolsa, Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýaryn.