Muhammetguly Kasymow

Tomaşaçylaryň, dost-ýarlarynyň arasynda Oraş ady bilen tanalýan Muhammetguly Kasymowy tanatjak bolsaň, «Aýdymçy Söhbediň kakasy» diýseňem ýeterlik. Ol häzir Türkmen döwlet medeniýet instutynda işleýär. Olaryň agzybir maşgalasy sungatyň howasyndan dem alyp, ony öz üstünlikleri bilen bezeýärler. Ýadyňyza düşýän bolsa, Söhbet ýürege ýakyn aýdymlary bilen «Ýewraziýanyň ýyldyzy» atly halkara bäsleşikde ýurdumyza wekilçilik etdi. Şonda onuň mylaýymdan ýürege ýakyn sesini diňlänler oňa «Ata kesbi —ogla halal» diýip baha beripdiler.

Aýtmaly bolsa, bu nakyly ilki bilen Muhammetgulynyň öz kakasy Orazguly aganyň adyna aýtmaly. Aýdyşlaryna görä, ol hakyky sungat adamsy bolupdyr. Suratam çeker eken, dutaram çalar eken. Arasynda dürli-dürli heňler kakyp, aýdymam aýdyberer eken. Şonuň üçinem olaryň öýleri sungat adamlarynyň üýşýän ýeri bolupdyr. Kiçijik Muhammetguly-da özünden uly doganlary bilen olara hyzmat eder eken. Mundan gürrüň açyp, onuň: 

— Şol ajaýyp pursatlar — şahyrlaryň üýşüp, goşgy okamaklary, bagşylaryň saz çalyp, aýdym aýtmagy, suratkeşleriň suratyň gürrüňini etmegi hakydamda mydamalyk galypdyr. Çaga bolsamam, biziň bir gulagymyz şolardady. Olaryň: «Orazguly, bularyň elini boş goýmagyn! Goý, dutar çalyp öwrensinler, aýdym aýtsynlar...» diýýän sözleri şu günki ýaly ýadymda. Onsoň kakam myhmanlar gidensoň, elimize dutar ýa gyjak berip, bizi diňlärdi.

Sungatyň ak ýoluna düşmegimde kakam pahyryň uly yhlasy bar. Dogan-garyndaşlar, tanyş-bilişler toý-tomgy etse, «Sesiň gowy» diýip, kakam meni köplenç ýany bilen alyp giderdi. Ataly-ogul bolup, ol-a saz çalardy, menem aýdym aýdardym.

Şu günki ýaly ýadymda. Öýe gelýän myhmanlaryň arasynda Gurbannazar Ezizow, Aşyrberdi Kürt, Nury Halmämmedow ýaly ussatlar hem bardy. Çaga bolamyzsoň, biz olaryň şeýle zehinli adamlardygyny o diýen bilibem baramzokdyk. Ýöne goşgusyny ýatdan aýdyp bersek, «Berekella!» diýip, Gurbannazar şahyr başymyzy sypalardy. Onuň bize indiki gezek gelýänçä, ýene bir goşgusyny ýat tutjak bolup çytraşardyk.

Kakam suratlaryny köplenç dagda çekerdi. Maňa-da «Senden suratçy çykmagy mümkin. Reňkleri saýlap alşyňa göwnüm ýetýär. Çekip, başaryp bilseň, bu dagda gözellig-ä kän» diýip, daga gezelenje gelen Nury Halmämmedowyň «Daglarda-da owaz kän eken» diýen sözlerini aýdyp bererdi. Kakamdan bize «Köpetdagyň eteginde», «Ýeke tut», «Bahar», «Aýly gije» ýaly suratlar ýadygär galdy...

«Kakamdan kän zady öwrenen hem bolsam, artistligi saýladym» diýýän, Muhammetgulynyň sesi buýsançly ýaňlanýar. Tomaşaçylar onuň ýerine ýetirýän keşplerindenem beter, aýdýan aýdymlarynyň aşygy. Ýakymly ses gulaklaryna ildigi, «Şul-a Oraşyň sesi öýdýän» diýýärler.

Ol ýaşlygynda aýdym aýdýanlygyny gaty bir bildirjegem bolmandyr. Bile okaýan oglanlarynyň biriniň toýunda aýdar aýdymyny diňläp, mugallymy Ata Alowow: «Sen aýdymam aýdyp bilýän ekeniň-ä. O nämüçin gizläp ýörsüň?! Zehinem bir gizlenermi?» diýip, 1983-nji ýylda oňa «Harmandäli» spektaklynda Keremiň keşbini ynanypdyr. Bu ba-rada artist:

— Ol meniň ilkinji ýerine ýetiren keşbim. Harmandäliniň keşbini belli teatr we kino artisti Ýelizaweta Garaýewa ýerine ýetiripdi. Men onuň ýanynda dagy özümi depejik saýýardym. Beýle keşbi ynanarlaram öýdemokdym. Ýöne oýun şowly çykansoň, ruhy halypam bolup galan Ata Alowow elimi gysyp, senden gowy artist çykar» diýipdi. Ol talapkärdi hem mähribandy — diýip, halypasyny ýagşylykda ýatlaýar. «Ol maňa diňe bir teatr sungatynyň syrlaryny däl, durmuşy hem öwretdi» diýdi.

Onuň döreden keşpleri... Biz elbetde, çaklaňja makalada olaryň ählisiniň üstünde durup bilmeris. Bolsa-da, «Dile geldi — bile geldi» pähimine eýerip, käbirinden söz açmagy makul bildik.  «Nejep oglan» spektakly. Ol Kasymowlaryň maşgala spektaklyna-da meňzeýär. Nejebiň çagalygyn-a aýdymçymyz Söhbet, ýetginjeklik döwrüni Muhammetgulynyň özi, Nejebiň halaşýan gyzy Mylaýym hany-da Muhammetgulynyň gelni Ejebaý janlandyrýar. Öýd-ä bir supranyň ba-şynda nan iýip, işde-de bilelikde şeýle oýny oýnamak, ol — diňe bagtlylykdan nyşan. Şonuň üçin artistleriň bu maşgalasyny diýseň bagtly görýärsiň. Olaryň tirkeşipjik teatryň gapysyndan girip ýa çykyp barýandyklaryny görüp, «Şeýle agzybirlik hemme adama-da miýesser edewersin!» diýýärsiň. Alçak öý bikesi Ejebaý gelnejemiziň oýnap ýören oýunlaryna höwes bilen tomaşa edýärsiň. Ol «Gelin gelýärdäki» Jennet, «Giýewleriň bäsleşigindäki» Eziza hanym, «Bir görlen tanyşda» Keýik bolup, biz tomaşaçylary begendirip ýör. Onuň özüni bolsa ähli zatdan hem beter ogly Söhbediň üstünlikleri begendirýär. «Söhbet jan — biziň guwanjymyz» diýýär. Ýeri gelende aýtsak, Söhbediň ýakynda, Medeniýet we sungat işgärleriniň güni mynasybetli bolan baýramçylyk konsertinde köpçülikleýin ýerine ýetiren aýdymy-da diýseň şowly bolupdyr. Onuň mylaýymdan ýürege ýakyn sesi bilen geljekde-da halkyň söýýän aýdymçysy bolup ýetişjekdigine ynanýarys.

...Dynç alyş günüdigine garamazdan, Muhammetguly Kasymowy men ýene-de teatrdan tapdym. Gürrüňimiz onuň «Gelinler» spektaklynda ýerine ýetiren keşbine syrykdy. Men onuň bu keşbi kiçijikkäk biziň obamyzda-da ýerine ýetirip gaýdandygyny ýatlatdym. Şonda ol 1980-nji ýyllarda Esgeriň keşbini ýerine ýetirendigini ýadyna salyp, obaňyz oýna tomaşa etmeg-ä gowy görýän eken» diýdi. Menem oňa şol oýundan soň artist bolasy gelenleriň köp bolandygyny, oýun goýjak bolup başagaý bolandygymyzy aýdyp berdim. Görýäňizmi, islendik oýun adamlarda nähili höwesi, yhlasy oýarýan eken.

Muhammetguly hasam tomaşaçylaryň aňynda «Gala» spek- taklyndaky Däli bagşynyň keşbi bilen galdy. Oňa bu keşbi üçin 1996-njy ýylda «Türkmenistanyň at gazanan artisti», 2013-nji ýylda “Türkmenistanyň halk artisti” diýen hormatly  at berildi. 1996-njy ýylda “Watana bolan söýgüsi üçin” medaly bilen sylaglanýar. Onuň bu spektakldaky aglap ýerine ýetirýän aýdymy, ýüregiňi para-para edip, alyp barýar.

Biz Muhammetgulyny «Söýüň, gara gözlerimde» Göroglynyň, Wepadar hanyň, «Bakylyk binýadynda» Adam atanyň we Magtymguly Pyragynyň keşplerinde, «Dowamat-dowamda» Oguz hanyň ogly Ýyldyz hanyň, «Säginmäň, sallahlarda» Metdiniň keşbinde görüp bilýäris. Ol bularyň hersinde bir keşbi ýerine ýetirmek bilen, bize adamlaryň dürli häsiýetini açyp berýär. Dünýämizi sungatyň üsti bilen gözellikden doldurýar. Muhammetguly Kasymow türkmen filmleriniň onlarçasynda ekrana çykdy. “Lukman Hekimde”  Kethudanyň,  “Burkut babada” Isanyň, “Ata hem ogulda” Seýis Hemranyň,  “Ýyldyzlar öçmeýärde”  Seýsiň, “Taňrynyň gudratynda”  Ybraýymyň, “Garagumyň bürgütlerinde” bölüm başlygynyň keşplerini döredip,  tomaşaçylaryň söýgüsini gazandy.

Medeniýet institutynda talyp artistleriniň taýýarlyk görüp ýören ýerinden dutaryň owazy, käýarym bolsa gyjagyň ýürege ýakyn sesi eşidilip gidýär. Men «Bu Oraşdyr» diýýärin. Onuň «Çagakak kakam bizi, irden dutar ýa gyjak çalyp oýarardy» diýýän sözlerini ýadyma salýaryn. Hawa, türkmen aga ýöne ýere «Ata kesbi — ogla halal» diýmändir...

 

Ogultäç ORAZTAGANOWA.