Türkmenistanyň halk artisti Lidiýa Kotowşikowa

Ýaşlykda ýol saýlananda, köplenç süýji arzuwlardan, täzelige bolan hyjuwlardan başlanýar. Russiýa Federasiýasynyň Sibir ýerlerindäki Nowosibirskiniň drama teatrynyň bäş sany ýaş artisti-de öz ýollaryny hut şeýle başlapdylar. Olar Merkezi Aziýany görmäge gelipdirler. Ýok, olaryň bu ýere gelmegi ýöne bir gezelenç bolmandyr. Alar Aşgabatdaky rus drama teatrynda çykyş edip, soňra bu ýerde hemişelik galypdyrlar...

Sibiriň aýazly howasyny Türkmenistanyň jöwzaly howasy bilen çalşan şol bäşligiň arasynda Mihail Aleksandrowiç Kirillow bilen Lidiýa Nikolaýewna Kotowşikowa hem bar eken. Bu iki artist özleriniň bütin ömrüni teatr sungatyna bagyşladylar. Yhlas hem zehin siňdirilen ýyllar olara abraý hem getiripdir. M.A.Kirillow SSSR-iň halk artisti, L.N.Kotowşikowa bolsa Türkmenistanyň halk artisti diýen hormatly ada mynasyp boldy.  

Nowosibirskili ýaş artistleriň Aşgabada gelen ýyly bolan 1937-nji ýylda A.S.Puşkiniň ýogalanyna 100 ýyl dolupdy. Hut şu mynasybetli hem Aşgabatdaky ru drama teatryna A.S.Puşkiniň ady dakylypdy. Munuň özi teatryň toparynyň nusgawy we häzirki zaman dramaturgiýasyna has içgin aralaşmaga bolan ymtylyşlarynyň, hyjuwlarynyň alamatydy. Şondan iki ýyl ozal Moskwada sahna sungatynyň  ussatlary K.S.Stanislawskiý, W.E.Meýerhold, S.M.Mihoels dagy türkmenistanly artistlere köp zatlary öwredipdiler. A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň döredijilik topary-da şol beýik ussatlaryň öwreden sapaklaryndan ugur alyp, teatryň öz keşbini görkezmäge çalyşýardy.  

Teatr edermenligi talap edýär. Munuň şeýledigine şol döwürlerde ýigrimi ýaşlaryndaky Lidiýa Kotowşikowa hem göz ýetiripdir. Ol ähli spektakllarda oýnap, tomaşaçylaryň abraýyna mynasyp bolupdyr. Hut şol günlerde saýhally geýnen, orta boýly gyza kimdir biri: “Lida, bu ýerde saňa aňsad-a boljak däl öýdýän...” diýipdir. Seredip otursaň, ondan bäri ep-esli ýyl geçipdir. Lidiýa Nikolaýewna ýarym degişme, ýarym çyn äheňinde aýdylan şol sözlere şu günki gün jogap berýän ýaly şeýle diýipdir:

- Men bagtly adam. Uzakdan uzak ýyllar bäri meniň bütin ýüregimden söýen Türkmenistanym durmuşymda, döredijiligimde-de ýol görkeziji ýyldyz boldy. Men teatrda geçen uzak ýoluma nazar aýlap, özümiň iň mukaddes keşplerde oýnandygyma göz ýetirýärin. 

Keşpler. Olar näçedikä?! Olaryň her biri, hälki bir, nobatdaky sahna eseriniň bildirişi däldi. Öňi bilen olar ýüregiň bir bölegidi, durmuşyň bir parçasydy. 

Ýyllar hem keşpler – bu ikisi mydama jüp basyp gelýär. Olaryň ilkinjisi Nowosibirskide “Parlak ýyldyzlar” spektaklyndaky Mankanyň keşbidi. Elbetde, artistiň A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatra eden hyzmatlary barada gürrüň edilýärkä, bu keşbi agzaman hem bolardy. Ýöne welin, ol keşp Lidiýa Kotowşikowan üçin teatr sungatyna ýol açypdy. Munuň özi teatr studiýasyndan başlanypdy. Esasy keşpde oýnaýan artist syrkawlapdyr.  Onuň ýerine Mankanyň keşbinde oýnamak L.Kotowşikowa ynanylypdyr. Ol şonda tolgunypdy, ýaýdanypdy. Ýöne uly jogapkärçilik, bütin geljegiň göz öňüne gelende, ýaýdanma diýen zat zym-zyýat bolar eken. Ýaş gyz ýüregi bilen, ähli yhlasy, zehini bilen oýnaýar. Gürrüldili el çarpyşmalar. Şeýle el çarpyşmalary bu keşpde oýnaýan esasy artist hem eşiden  däl bolsa gerek...

Elbetde, el çarpyşmalar – bu esasy maksat däl, ol entek uly bir zady aňlatmaýar. Teatr üçin sen esasy artistmiň, hasapçymyň ýa-da sahna işçisimiň – tapawudy ýok. Esasy zat bütin durkuň bilen teatra berilmekde. Diňe tutuş toparyň güýji bir ýere jemlenen wagtynda teatr teatra meňzýär, diňe şeýle bolanlygynda onuň gizlin dünýäsi, gudraty döräp başaýar. Bu zatlara has oňat düşünýän Lidiýa Kotowşikowa hiç mahal baş keşpler bilen ownuk keşpleriň arasynda tapawut goýanokdy. Ine, meselem, “Bütin Ýewropany tutan toý” atly spektakldaky ýangyn söndüiriji bölümiň nobatçysynyň keşbi. Bu keşbi ýerine ýetiriji sahnada bary-ýogy birnäçe minut peýda bolýar. Özi-de bir agyzam gürlemeli däl. Ýöne welin artist bu keşpde çykyş edende ýüz keşbinden, hereketlerinden onuň bütin içki dünýäsini okamak bolýardy. 

Teatryň durmuşynda şeýle owunjak keşpleriň  sany gör, näçe?! “Tümlügiň häkimliginde”, “Eşelon”, “Ýaşlygymyzyň guşlary”, “Pany Dulskaýanyň ahlagy”, “Indi, ertire ýol ber!” we beýleki spektakllar öz wagtynda ýurdumyzyň medeni durmuşynda örän uly waka bolupdy. Lidiýa Kotowşikowanyň gatnaşmagynda dürli ýyllarda goýlan bu spektakllar tomaşaçylaryň, režissýorlaryň häzirem ýadyndadyr.

A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatryň birentek spektaklyna Wolgograd, Orenburg, Astrahan hem-de beýleki şäherleriň tomaşaçylary el çarpdylar. Birentek ýerlerde spektakldan soň teatryň artistlerine, Lidiýa Kotowşikowanyň hut özüne ter gül desselerini gowşuryp, minnetdarlyk sözlerini aýtdylar. 

Haýsy bir sahna eseri sahnada goýuljak bolsa, öňi bilen onuň düýp manysyna, mazmunyna, onda öňe sürülýän taglyma çuňňur aralaşmaly. Ol sahna eseriniň süňňüne düşünmeli. Onsuz saňa haýsy bir keşp tabşyrylsa-da ol ynandyryjy bolup çykmaýar. Onsoňam, her bir keşbe özüňçe girmeli, ony özüňçe oýnamaly. Teatr “Bir töwra hanym Sewij” atly spektaklyny taýýarlaýardy. Bu spektaklda Lidiýa Nikolaýewna baş keşbi – Sewij hanymyň keşbini oýnamak tabşyrylýar. Moskwanyň “Mossowet” teatrynda  bu keşbi SSSR-iň halk artisti Wera Mareskaýa oýnaýardy. Aslyýetinde Lidiýa Nikolaýewna ýaşlyk ýyllarynda Sibirdekä W.Mareskaýa bilen bir teatrda çykyş edýärdi. Umuman, Sewij hanymyň keşbini-de W.Mareskaýanyň oýnaýşyna meňzedip şoňa öýkünibem oýnap boljakdy. Munuň özi aňsadam düşjekdi. Ýöne Lidiýa Nikolaýewna beýle etmedi. Ol öz Sewij hanymyny döretdi. Bu spektakl artiste uly abraý hem getirdi.

Şeýle pursatlar, şeýle wakalar Lidiýa Nikolaýewnanyň durmuşynda bir ýa iki däl. 

L.N.Kotowşikowa öz teatrynyň ýadawsyz işlän, halyp artistleriniň biridi. Ol ömrüniň soňky pursatlarynda-da özüni teatrdan aýra göz öňüne getirip bilmedi. Taýýarlyklar, spektakllar, jemgyýetçilik işleri. Ol ýurdumyzda Magtymguly adyndaky halkara baýragyny gowşurmak hakynda komitetiniň, teatrlar jemgyýetiniň müdirýetiniň agzalary boldy. 

Teatrda ap-aňsat ykballar ýok. Lidiýa Nikolaýewna hem teatryň her bir artistiniň käte bolaýan şowsuzlygyna, iň owunjak ýalňyşyna çenli gyýylýardy. Ýaşlaryň sungata has içgin aralaşmagy, kämilleşmegi barada aladalanýardy. Teatryň repertuary barada yzygiderli tagallalar edýärdi.  Ol teatryň çeperçilik geňeşiniň agzasy hökmünde hiç wagt geçirimlilige, biperwaýlyga ýol bermeýärdi, işe örän jogapkärçilikli, talapkär çemeleşýärdi. 

Lidiýa Nikolaýewna täze sahna eserini okap otyr. Onda awtor 1948-nji ýylda Aşgabatda bolan ýer titremesiniň betbagtçylyklaryny beýan etmäge synanýar. Lidiýa Nikolaýewnanyň göz öňünde şol ýowuz günler janlanýar. Ol günler barada ýatlamalar ýürege agram salýar: öýi ýumruldy, teatryň jaýy weýran boldy, dostlaryň birentegi kesegiň aşagynda galdy. Şol döwürde teatryň topary ýyl ýarym başga ýere göçürildi. Artistleriň özleri ýykylan jaýlary dikeltdiler, öz güýçleri bilen işi ýola goýdular. 

Biz Lidiýa Nikolaýewna bilen spektakllar, öz durmuşy, başdan geçiren wakalary, teatr meseleleri, çagalary, agtyklary barada köp wagtlap gürleşip oturdyk. Gürrüň näme hakda bolsa-da, ýurdumyzyň medeniýetini, teatr sungatyny ösdürmekde onuň bitiren hyzmatlaryna has aýdyň göz ýetirýärsiň. 

Ol ömrüniň ahyrynda öz mähriban teatrynyň topary bilen “Ynjalyksyz garrylyk” atly spektakly tomaşaçylara hödürledi. Bu spektaklynyň adynyň Lidiýa Nikolaýewnanyň soňky durmuşy bilen nähilidir birhili baglanyşgy bar ýalydy. 

 

Ýelena Prihodko.