Baba Annanow, Türkmenistanyň halk artisti

—  Aktýor dürli häsiýetli gahrymanlaryň keşplerini döretmeli bolýar. Ýöne keşp bar, keşp bar. Kino ýa-da teatr sungatynda janlandyrmaly keşbiň bolýar, ol edil ýel ykdyran kagyz ýaly uçup gidýär. Başga bir keşp bar — halkyň arasyna siňýär-de, dilden-dile geçip, uzak ýaşaýar. Aktýory Arşa çykarýanam, ony ussatlyk derejesine ýetirýänem şeýle keşpler bolýar.

* * *

 

—  Ýyl geçdigiçe aktýoryň ussatlygy taplanýar. Hemişeki ýüzleý garan, manysyna üns bermän eden zatlaryň düýbünde häzir giden bir dünýäni görýärsiň, režissýoryň aýdýan zatlaryny köre-körlük bilen ýerine ýetirmän, eýsem öz pikiriňem aýtjak bolýarsyň. Şonda aktýor öz dünýägaraýşynyň gitdigiçe giňeýändigini duýýar. Bu kämillikden nyşandyr.

* * *

 

—  Meniň pikirimçe, aktýor giň düşünjeli bolmalydyr. Özüň özüňligiňe galyp, başganyň pikirini açyp bilýän ussat bolmak hökmandyr. Aktýor öz zehini bilen tomaşaça söýmeli bolsa söýdürýär, kähalatda ol tomaşaçynyň özünden garaşmaýan kino gahrymanynyň ruhy dünýäsini açyp görkezýär. Ine, aktýoryň belent maksady, ýetsem diýýän arzuwy.

* * *

 

—  Aktýor näçe zehinli bolsa-da, ol öz zehinini halka bagyşlap, halkyň belent söýgüsini gazanyp bilmese, sungatyň geljegi hakynda alada edip, şägirt ýetişdirmese, ol hakyky aktýor bolup bilmez.