Annaçary Kakabaýew, Türkmenistanyň at gazanan artisti

— 1988-nji ýylda talyp döwürlerimdi. Şol wagtky Mollanepes adyndaky akademiki drama teatrynda sahna bezegçisi bolup işleýärdim. Her hepdäniň şenbe, ýekşenbe günleri ýakyndaky daýhan birleşiklerine oýun görkezmäge gidilerdi. Bir gezek döredijilik toparymyz bolup, «Bally molla» spektakly bilen Gökdepäniň daýhan birleşiklerine sapara gitdik. Türkmenistanyň halk artistleri Abdylla Ýakubow bilen Ýagşymyrat Akyýewiň sahnada ulanýan hasalary bardy. Hersiniň hasasynyň aýry ölçegdedigini bilýärdim, ýöne üns bermändirin. Oýnuň dowamynda bolar-bolgusyz gep-gybat gözläp ýören Annapilpiliň kowalanýan pursady bar. Birden halypamyz Abdylla Ýakubow: «Wah, sen-ä bir gep-gybat gezdirip ýörmez ýaly mazalyja eýiňi ýetirerdim welin, hasamy tapamok. Ýagşyň hasasy niredekä?» diýip käýinip başlandan, etmeli işimi ýerbe-ýer etmändigime düşündim. Men ol hasalary öz goýmaly ýerinde goýmandyryn. Halypalar oýunda säwligiň sepini bildirmänem, köp zatlary öwredip bilýärler.