Pursatlar

Enejan Orazmyradowa, Türkmenistanyň halk artisti:

-  Halkymyzyň arasynda uly ussat hökmünde tanalan «Aýgytly ädim» kinosynda Aýnanyň keşbine ses beren aktrisa Täçbibi Gafurowa bilen tanyşmagy diýseň arzuw edýärdim. Meniň bu aktrisa bilen tanyşlygym talyp döwürlerim boldy. 1962-nji ýylda ussat režissýor Ýakow Sedman belli dagystan şahyry Resul Gamzatowyň goşgy bilen ýazylan «Dagly gyz» atly eserini sahnada goýupdy. Şonda men baş gah- ryman Asiatyň keşbini döretdim, Hajy Annamämmedow bolsa, Ýusubyň keşbini janlandyrypdy. Şol sahna oýunda Täçbibi Gafurowa ejemiň keşbini ýerine ýetirýärdi. Oýnuň dowamynda Täçbibi Gafurowa balasyny goraýan ene hökmünde okuwa gitmegime garşy bolup, maňa elini galdyran kakamyň elinden tutdy-da, gaharly nazar bilen seretdi welin, kakamyň keşbini janlandyrýan Bazar Amanowy-ha bilemok, meniň-ä gözüme ýaş aýlanyp gitdi. Onuň sahnadaky ähli hereketleri kämildi. Ýöne Täçbibi gelnejäniň şol hereketleri welin, meniň hiç ýa- dymdan çykanok. Men islendik keşbi ýerine ýetirenimde hem, şol pursat elmydama hakydamda janlanýar. Şondan bäri hem şolar ýaly ýürekden hereket etmäge çalyşýaryn. Biz ýaş, tejribämiz azrak bolansoň, Täçbibi gelneje maňa artistlik käriniň inçe syrlaryny, sahnada özüňi nähili alyp barmagy, sözleriňi nähili aýtmagy, garaz, ähli zady öwretmäge ýaltanmazdy. Soňabaka bu nurana ýürekli artist meniň iň ýakyn maslahatçyma öwrülip gitdi. Ol meni daşary ýurt kinolaryny terjime etmäge gatnaşmak üçin kinostudiýa hem äkidip, kämilleşmegim üçin jan edýärdi. Men nähili üstünliklere ýeten bolsam, durmuşymda nähili şowly pursatlar bolup geçen bolsa, şolaryň ählisinde Täçbibi Gafurowanyň yhlasly zähmeti bar. Ol diýseň mylaýym, işine ezber, talapkär ussatdy. Ol örän işeňňirdi, teatra-da, kinostudiýa-da, maşgalasyna-da ýetişerdi. Ol sahnada-da, durmuşda-da ajaýyp, mähriban enedi.