Oguljan Bekiýewanyň Degişmelerinden

«Balyň bal bolsa...»

Oguljanyň orta ýaşly durmuşa çykmadyk jorasy:

—  Gül ýaly görmegim bar. Biş-düşem aňry ýany bilen oňarýan. Şonda-da entek özüme mynasyp ýigit söz aýdanok-da — diýip, otursa-tursa aýdar eken. Onuň görenine göwni ýetmän, her kime bir at dakyp ýörendiginden habarly Oguljan:

—  A gyz, sen «Balyň bal bolsa, siňek Bagdatdan geler» diýen nakyly eşitmänsiň öýdýän — diýip ýylgyrypdyr.

 

«Et bermen»

Bir gün Oguljanyň goňşusy arz edip gelipdir:

—  Oguljan, seniň pişigiň şu gün meniň jüýjelerimiň ikisiniň ýoguna ýanypdyr.

—  Şeýlemi, goňşy jan, onda bu gün pişigime jinnek ýaljak-da et bermen — diýip, Oguljan goňşusyny köşeşdiripdir.

 

Sowal

Oguljana goňşusy sowal berýär:

—  Maşgalada aýaly adamsynyň puluny milliona ýetirip bilermi?

—  Biler, eger onuň puly öň milliard bolan bolsa.

 

«Işdäm ýok...»

Joralary bir üýşmeleň etseler, bar nahary Oguljana bişirdipdirler. Onuň nahar bişirip bolandan soň, ur-tut işdäsi kesilýän eken. Oguljan bir gezek bu ýagdaýdan çyny bilen zeýrenipdir. Şonda joralarynyň biri:

—  Sen her gezek naharyň duzuny dadaňda, şol bir çemçe nahary başga bir gaba guýuber — diýip maslahat beripdir.

Oguljan onuň diýşi ýaly edipdir. Nahar bişýänçä, ullakan bir tabak dolaýypdyr. Oguljan näme üçin işdäsiniň bolmaýandygyna ahyryn dü- şünipdir.