Türkmenistanyň halk artisti Kakajan Aşyrow

Ýurdumyzda giňden bellenilýän Hasyl toýudy. Aşgabat atçylyk-sport toplumyndaky baýramçylyk çäresi ir säherden başlanypdy. Toplumyň töweregi adamlardan ýaňa hyň berýärdi. Hemmeler baýramçylyk keýpinde. Şowhunly tanslaram, folklor ansambllarynyň çykyşlaram, milli oýunlaram, sport çärelerem, mahlasy, medeni we sport çäreleriniň ählisi tomaşaçy baryny üýşüripdi.

Ine-de, bir ýerlerden biziň ýanymyzda Türkmenistanyň halk artis- ti, belli teatr režissýory hem kino aktýory Kakajan Aşyrow peýda boldy. Adaty saglyk-amanlykdan soň söhbedimiz mesawy gürrüňe ýazdy. Onuň yzy teatr sungatyna sapdy. Elbetde, tanymal artistleriň töweregi sungata sarpa goýýanlardan dessine dolýar. Bu gezegem şeýle boldy.

Biziň söhbedimize bu ýerdäki oturan oglanlaram goşuldylar. Aşgabat atçylyk-sport toplumynyň hünärmeni Gurbangylyç Baýsähedowyň yzly-yzyna berýän sowallary söhbediň ugruny kino sungatyna öwürdi. Onuň sowallary Kakajan Aşyrowyň «Meniň dostum Meleguş» kinofilminde Altynyň keşbini döredişi hem-de şol filmdäki Meleguş hakynda boldy. Kakajan onuň sowallarynyň birinem jogapsyz goýmady. Başardygyndan ählisine jogap berdi.

Kakajanyň aýdýan gürrüňleri bu ýerdäkileri barha özüne çekýärdi. Sowal yzyna sowal döräp, ýatlamalar Kakajanyň oglanlyk ýyllary Mary etrabynyň «Ýeňiş» daýhan bir- leşiginiň Hojaýap obasynda geçipdi. Oba oglanlarynyň häsiýeti özüňize belli. Polady ýumşak oba oglanlarynyň durmuşy göbek ganynyň daman ýerine baglanan bolýar.

—  Obamyzyň mirabynyň owadan hem syrdam boýly, daýaw aty bardy. Biz bilen tirkeşýän oglanlaryň aglabasy bu ýaşulynyň atynyň töweregindedi. Onuň atyny kä özünden sorap, kä özüne bildirmän alyp münerdiler. Dogrusy, ol aty obamyzyň mirabynyň özüne-de ýetirmezdiler. Kä günler-ä, ol oglanlardan bizar bolup, atynam işe münmän, olara galdyryp giderdi. Ine, şeýle günlerde obamyzyň mirabynyň atyny oglanlar bolup, gezek-gezegine münüp, çapyp hezil ederdik — diýip, Kakajan Aşyrow oglanlyk ýyllaryny ýatlaýar.

Sungata, onda-da teatr sungatyna bolan çäksiz söýgi ony erksiz baglapdy. Ykbal dartyp, nesibe çekip, durmuş Kakajany ýürekde besleýän arzuwyna — sungata, teatr aktýorlygyna getirdi. Ol bu ugurdan Moskwanyň Şepkin adyndaky ýokary okuw mekdebinde okap, bilim aldy.

Onuň talyplyk ýyllarynyň käbir pursatlaryny ýatlamagam, belki-de, okyjylarymyz üçinem gyzykly bolardy. Ýokary okuw mekdebiniň ikinji ýylyny tamamlan ýaşlar tomusky dynç alşa çykýarlar. Türkmenistanly talyplar tomusky dynç alyş döwründe hem ýokary okuw mekdebinde alan bilimlerini berkitmek maksady bilen Aşgabada gelip, oz ugurlaryndan tejribe geçýärler. Olar dürli mazmunly gysgajyk sahnalar, degişmeler, etýudlar görkezmek, goşgulary labyzly okamak boýunça sahna hereketlerini, sahna ussatlyklaryny görkezip başlaýarlar. Şeýle günleriň birinde...

— Öz talyp ýoldaşlarym bilen Aşgabadyň köçeleriniň birinden ýöräp barýardyk. Erte-birigün şol wagtky Ýaş tomaşaçylar teatrynda çykyş etmelidik. Bir seretsek, belli aktýor, kinorežissýor Alty Garlyýew ýetip gelýär. Bagtly pursady elden bermedik. Hormat bilen salamlaşdyk. Özümiziň kimdigimizi, nirede okaýandygymyzy birin-birin aýtdyk. Biz bilen gadyrly saglyk-amanlyk soraşan Alty aga bize ýürekden guwandy. Gowy okamagymyzy, sungata tüýs ýürekden berilmegimizi nesihat etdi. Biz Alty aga erte-birigünki etjek çykyşymyza gatnaşmaga çykylyk berdik. Ol çakylygy höwes bilen kabul edip, hökman barjakdygyna biziň çykyşlarymyza tomaşa etjekdigine ynandyrdy. Alty aga çykyşlarymyza tomaşa etdi. Degerli maslahatlaryny, atalyk ündewlerini berdi. Käbir oglan-gyzlarymyzyň atlaryny belleşdirip aldy. «Siz bilen aragatnaşyk saklap duraryn. Siz biziň sungatymyza gerek adamlar» diýibem, her birimiz bilen mähirli hoşlaşdy — diýip, Kakajan Aşyrow şol bagtly pursatlary ýatlaýar.

Durmuşda nesibe diýip bir zat bar. Tötänlik diýibem. Kähalatlarda şol tötänligiň nesibä öwrülýän halatlaram bolman duranok. Bu Kakajanyň durmuşynda hem gabat gelipdi. Tomusky dynç alyşdan gelen talyplar ýene Moskwa gelip, öz okuwlaryny dowam etdirip başlapdylar. Okuw ýylynyň başlanyna onçakly köp wagt hem geçmändi. Kakajana Aşgabada — kino düşmäge çakylyk gelipdi. Ýöne ýokary okuw mekdebiniň öz kada-kanunlary bolýar. Çakylyk bolany bilenem talyby ur-tut kino düşmäge iberibermeýärler. Käbir kynçylyklar, päsgelçilikler ýüze çykýar. Ýöne az wagtdan Kakajany sorap Aşgabatdan ýörite gelen wekil welin, bu kynçylyklary, päsgelçilikleri çöp döwlen ýaly edýär. Ýokary okuw mekdebiniň ýolbaşçylary bilen ylalaşyga gelinýär. Şol günüň özünde-de talyp ýigit uçarly Moskwadan Aşgabada gaýdýar. Türkmenistana gelen pursatyndanam, ony göni kinonyň düşürilýän ýerine — Bagyr obasyna alyp gelýärler.

Bu wagt bu ýerde ýazyjy Anna Paýtygyň edebi ýazgysy esasynda Muhammet Söýünhanow bilen Anatoliý Karpuhiniň režissýorlyk etmeginde «Meniň dostum Meleguş» atly çeper film surata düşü-rilýärdi. Dogrusy, bu film öňräkden bäri, surata düşürilip ýördi. Ýöne onda baş keşpleri janlandyrýan Alty bilen Dilberiň keşplerini özbe-gistanly tanymal aktýorlar ýerine ýetirýärdiler. Haçanda filmiň käbir görnüşlerini synlan Alty Garlyýewiň oňa göwni ýetmeýär. Alty aga şol wagtlar «Türkmenfilmiň» çeperçilik guramasyna-da ýolbaşçylyk edýär eken. Alty aga bu filmiň baş keşbine Moskwada okap ýören talyp  Kakajan Aşyrowyň laýyk boljakdygyny maslahat beripdir.

Şundan soň filmiň käbir görnüşleri surata düşürilenem bolsa, ol gaý-  tadan baş keşpde Kakajan Aşyrowyň ýerine ýetirmeginde surata düşürilip başlanypdyr.

— Talyp döwürlerimiziň başky ýyllarynda maňa ilkinji gezek ýazyjy Anna Paýtyk bilen Moskwada duşuşmak miýesser etdi. Ýazyjy şol wagtlar Moskwada dramaturgiýa ugrundan okaýan eken. Özem film üçin edebi ýazgy ýazypdyr. Menem sungat ugrundan okap ýöremsoň, ony maňa okap görmegimi haýyş etdi. Dogrymy aýtsam, bu ugurdan entek meniň doly tejribäm ýokdy. Şonuň üçinem oňa baha bermekden ejiz gelýärdim. Ýöne Anna Paýtygyň edebi ýazgysy göwnümden turdy. Bu bolýan zatlara sered-ä. Sanlyja ýyl mundan ozal okan edebi ýazgy esasynda goýulýan filmde surata düşýärin.

Muňa ykbal diýjegimem, nesibe diýjegimem, tötänlik diýjegimem bilemok — diýip, Kakajan Aşyrow gürrüň berýär.

Hawa, 1972-nji ýylda ekrana çykan «Meniň dostum Meleguş» diňe bir öz güneşli ýurdumyzda däl, hatda ondan daşarda hem meşhurlyk gazanypdy. Ol diňe bir tomaşaçylaryň arasynda meşhurlyga eýe bolman, eýsem-de bolsa, oňa tomaşa eden ynsanlaryň kalbyna gozgalaň salmagy başarypdy. Hatda täze hünäre-de — atşynaslyga-da ugrukdyrypdy. Biziň bu aýdýanlarymyzy Kakajan Aşyrowyň şu sözlerem tassyklasa gerek.

— Megerem, mundan ýigrimi bäş-otuz ýyl töweregi ozal bolsa gerek. Maňa Russiýadan bir hat geldi. Ilki bukjanyň daşky ýazgylaryna se- retdim. Salgysam, haty iberenem nätanyş. Bukjany açyp okap başla- dym. Ony ahyryna çenli tolgunman mümkin däldi. Nätanyş ýigit «Meniň dostum Meleguş» — meniňem dostum» diýip ýazýardy. Sere- dip otursam, ol Russiýada «Meniň dostum Meleguş» çeper filmine to- maşa edipdir. Onda-da birýa iki gezek däl. Birnäçe gezek höwes bilen tomaşa edipdir. Her gezegem kino-teatrdan uly tolgunmalar, täze duý- gular bilen gaýdypdyr. Ol şol çeper filme tomaşa edenden soň, hususy at edinipdir. Ahalteke atlarynyň näzikligi, syrdamlygy, olaryň özboluşly dünýäsi ony erkine goýmandyr. Soňra ol atlarynyň sanyny köpeldipdir. Şeýdibem hususy ahalteke atlaryň eýesi bolup, atşynas bolup ýetişipdir.

Hawa, rus ýigdiniň ýürekden syzdyryp ýazan hatynda ynsan kalbyny ajaýyp duýgulara gaplamagy başaran, atşynaslyga uly höwes hem söýgi döreden «Meniň dostum Meleguşa», Meleguşuň hak dosty Alta çyn ýürekden sagbolsun aýdylýardy. Bu, bir tarapdan, ýaş aktýoryň özüne ynanylan keşbi ynandyryjy ýerine ýetirip, tomaşaçyny biparh goýmandygyndadyr. Onda ýaş aktýor filmiň üsti bilen russiýaly tomaşaçyda ahalteke atyna bolan çyn söýgini oýaryp bilipdir. Ýeri gelende aýtsak, filmde Meleguş bolup çykyş edýän Akbilek atly bedew at ýazyjy Berdi Kerbabaýewiň «Aýgytly ädim» romany esasynda Alty Garlyýewiň döreden adybir çeper filminde baş gahryman Artyk Babalynyň wepaly syrdaşy bolup, tomaşaçylara özüni tanadypdy. Soňra ol «Meniň dostum Meleguşda» hem Meleguşuň keşbinde çykyş edipdi. Diýmek, biziň behişdi ahalteke bedewlerimiz diňe bir aýlawlarda geçirilýän at çapyşyklarynda bäsleşmän, eýsem, filmlerde aktýorlar ýaly keşp döredip, öz janköýerlerinem, tomaşaçylarynam begendirip, buýsandyryp bilýär. Bu hut şeýle-de bolaýmaly. Çünki ynsan kibi duýgur, düşbi, gyzdan gylykly, dal boýun, kelle tutuşlary owsunjy mara ogşaýan, parahat bakyşly ahalteke bedewlerimiz tawus kimin daranyp, orta çykanlarynda seni biparh goýmaýar. Ýa bolmasa, sahnadyr sirk arenasynda peýda bolanlarynda ýüregiň heýjana gelýär. Geçirilýän baýramçylyk çäreleri bolsun, filmlerde surata düşmek bolsun, parhy ýok, keşbe girip, ylla diýersiň, aktýorlar ýaly döredýän keşplerini ynandyryjy ýerine ýetirip, kalbyňa gozgalaň salýar. Bu beýik Taňrynyň ýaradan behişdi bedewiniň gaýtalanmajak gylyk-häsiýetinden, düşbüligidir duýgurlygyndan nyşan bolsa gerek. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Gadymy we şöhratly türkmen halkynyň nepis halysy, altyn-kümüş şaý-sepleri ýaly milli baýlyklarynyň biri-de onuň gamyşgulak bedew atydyr. Halkymyzyň durmuşynda bedew atyň aýratyn orny bar» diýip belleýär. Dogrudan-da, uçmahy ahalteke atlarynyň özüniň aýratyn mynasyp ornunyň bardygyna gündelik durmuşda magat göz ýetirýäris. Gahryman Arkadagymyzyň atçylyk babatda ýöredýän asylly syýasaty netijesinde Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda bu ugurda taryhda görlüp-eşidilmedik işler ýerine ýetirildi. Ol häzirki günlerde hem milli Liderimiziň tagallasy netijesinde, gowşamaýan depginlerde dowam etdirilýär.

 

Annabaýram PAÝAÝEW.