Türkmenistanyň halk artisti Babageldi Rejebow

Awazanyň kenarynda edebi-sazly kompozisiýalaryň birinde çykyş etmelidi diýen pikir bilen ýola çykan Babageldi Rejebow öňünde nähili bagtly pursatlaryň garaşýanlygyndan bihabardy. Türkmenbaşy şäheriniň Ruhyýet köşgiinde hormatly Prezidentimiziň hut öz elinden «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly adyň şahadatnamasy we döwlet nyşany gowşurylanda, ol ömründe ilkinji gezek taýýarlyksyz sahna çykdy. Gahryman Arkadagymyzyň öz zähmetine beren belent bahasyna hoşallygyny beýan etmek üçin ýürek buýsanjyny aýdan pursady ol adatdan daşary tolgunmanyň ynsana tükeniksiz güýji bagyşlaýanlygyny duýdy.

—  Babageldi aga, sizi ýokary derejeli döwlet sylagyna mynasyp bolmagyňyz bilen tüýs ýürekden gutlaýarys. Köp ýyllap çeken zähmetiňiziň we zehiniňiziň ykrar edilen pursatlary nähili duýgulary başdan geçirdiňiz?

—  Men artist bolmak üçin bu ugurdan sekiz ýyl okadym. Ömrümiň 40 ýyldan gowragyny teatr sungatyna bagyşlap, dürli häsiýetli keşpleriň ýetmişe golaýyny sahnada janlandyrdym. 2010-njy ýylda hormatly Prezidentimiziň Permany bilen maňa «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly at berlipdi. Şol pursat men özüme bildirilen belent ynamy ödemek üçin öňküden has köp işlemelidigime düşünipdim. Bu gezek Gahryman Arkadagymyz mähir bilen elimi gy- sanda, men sungatyň inçe dünýäsiniň syrlaryny özleşdirmek üçin ýigrimi dört sagat işläp, halkyň göwnüni awlaýan eserleri döredip ýaşamagyň beýik bagtdygyna düşündim.

—  Teatr režissýorlary siziň daş keşbiňiziň taryhy şahsyýetlere dogry gelýändigini aýdýarlar. Söhbedimiziň şu ýerinde keşpleri döredişiňiz barada kelamagyz aýdaýsaňyz.

—  «Syrakda» Ärsagyň, «Gyratda» Baly begiň, «Gülpamda» Soltansöýüniň, «Lukman hekimde» Birunynyň, «Basym Gün dogarda» Seýdiniň, «Zöhre-Tahyrda» Babahanyň, Görogly eposyndan «Bibijan»oýnunda Reýhanarabyň, «Ene toprakda» Suwhankuluň  keşplerini ýerine ýetirenimde, şeýle şahsyýetleriň ýaşan döwri hakynda ýazylan eserleri okap, suratkeşleriň olar hakyndaky döreden işlerine seredip, kän zatlary öwrendim. Halkymyzyň asyrlaryň dowamynda döreden medeni we ruhy gymmatlyklary durmuş gatnaşyklaryny düzgünleşdirmäge täsirini ýetiripdir. Jemgyýetçilik pikiriniň güýjüne halk terbiýesinde uly ähmiýet berlipdir. 

—  Döretsem diýip arzuwynda gezýän adamlaryňyzy nähili göz öňüne getirýärsiňiz?

—  Öz döwürdeşlerimiziň keşbini sahnada oýnamak meniň esasy arzuwym. Halk arasynda zaýbanynda edil gunt düşen ýaly sözler, kalbynda mukaddes gymmatlyklar ýaşaýan gyzykly dünýäli adamlaryň ykballaryny sahnada dowam etdiresim gelýär.

—  Siziň pikiriňizçe, sahnanyň täsir edip bilijilik güýji nämelerde jemlenen?

—  Bu hakda gürrüň etsek, has uzaga çeker. Teatryň borjy ynsan akylynyň güýjüni halkyň kalbyna guýmakdan başlanýar. Sahnada döredilýän keşp tomaşaçynyň arassa, halal ýörelgelere gulluk etmegine täsir edip bilse, ana, onda çekilen zähmetiň ýele sowrulmanlygyna begenýärsiň. Artist tomaşaçynyň öňünde aýdýan her bir jümlesini ýürek eleginde süzüp, soň ile hödürlemeli. Kiçi dilden bärden aýdylýan söz ýürege ýetmekden ejiz gelýär. Çyn sözi sungatyň dilinde aýtmagy başarsaň, ol bir ömür ýatdan çykmaýar. Sözüň terbiýeçilik güýjüniň uludygyna ata-babalarymyz bireýýäm göz ýetiripdirler.

—  Siz şunça ýylyň tejribesinden soň, sahnanyň köňülleri gowulygyň hatyrasyna jylawlap biijekdigini ykrar edermisiňiz...

—  Elbetde. Teatrda goýlan oýny gören ýetginjegiň özüni Görogly ýaly alyp barmaga ymtylýanlygyna näçe gezekler şaýat bolduk. Sahnadaky özlerinde täsir galdyran hereketleri çagajyklar öz oýnaýan oýunlaryna girizýärler. Bir enäniň: «Ertir oýnuňyza gelnimi, çagalary- my alyp gelip tomaşa etjek» diýeni ýadymda. Eger teatr maşgala terbiýesine täsir edip bilýän bolsa, biz oňa begenmeli. Asyl-ha sahna medeniýeti tomaşaçynyň içki we daşky dünýäsine täsir edýär. Bir asylly adam bilen ýolda ýoldaş bolsaňyz, siziň şoňa meňzäsiňiz geler. Bir sahna eseri müňlerçe adamlary asylly, ahlakly bolmaga çagyrýan bolsa, onda sungatyň jemgyýetde tutýan orny uludyr. Şonuň üçinem hormatly Prezidentimiz teatr işgärleriniň ýaşlaryň arasynda çykyş edip, olaryň ru- hy dünýäsine täsir etmeklerine aýratyn ähmiýet berýär. Bizem şol ynamy ödemek üçin gijämizi gündiz edip zähmet çekeris.

 

Söhbetdeş bolan Mahym ROZYÝEWA.