Türkmenistanyň halk artisti Anna Meläýew bilen söhbetdeşlik

Biz «Magtymguly Pyragy» medalynyň eýesi, şahyryň keşbini sahnada janlandyrmakda uly işleri amala aşyran Türkmenistanyň halk artisti Anna Meläýew bilen teatr sungatynyň aýratynlyklary dogrusynda söhbetdeş bolmagy makul bildik.

— Anna aga, ilki bilen mynasyp bolan «Magtymguly Pyragy» medalyňyz bilen tüýs ýürekden gutlaýarys.

— Sag boluň, biz sungat işgärlerine öz hünärimizde netijeli zähmet çekmäge döredip beren ajaýyp mümkinçilikleri üçin eziz Arkadagymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun! Hormatly Pre- zidentimiziň: «Nusgawy şahyryň eserlerinde dünýä edebiýatynyň sütünleriniň biri saýylýan Şekspiriňki ýaly ýalynly hyjuw, Puşkiniňki ýaly mähriban halkyna bolan söýgi, Omar Haýýamyňky ýaly ynsan kalbyna gönükdirilen filosofik ündewleriň şahyrana çuňlugy öz beýanyny tapýar» diýip belleýşi ýaly, şahyryň keşbini döredeniňde juda jogapkärçilik bilen çemeleşmeli bolýar.

Biz hem talyp ýaşlar bilen şahyryň ömür hem döredijilik ýoluna bagyşlap «Şamçyrag» atly spektaklymyzy sahnalaşdyrdyk. Elbetde, Magtymguly Pyragynyň keşbini döretmek ýeňil bolmady. Ol şahyryň ruhy dünýäsine bütin düýrmegiň bilen girmegi talap edýär. Durmuşa, dünýä Pyragynyň nazaryýetinden seredýän ýaly bolup seretmek üçin, şeýle- de tomaşaçyny ynandyrmak üçin köp «çorba sowatmaly» boldy.

— Siz kino sungatynda-da, teatr sungatynda-da özboluşly döredijilk ýoluna düşen artist hökmünde tanalýarsyňyz. Döreden keşpleriňiziň aýratynlyklary dogrusynda kelam- agyz aýdaýsaňyz?

— Meniň bu käri saýlamagyma «Hasyl bolan arzuwlarym» diýsem ýalňyşmasam gerek. Sebäbi heniz okuwçykam hem mekdepde goýýan sahnalarymyz bilen etraplara döredijilik bäsleşiklerine yzygiderli gatnaşardym. Soňra «Türkmenfilm» öňki Alty Garlyýew adyndaky kinostudiýasynda işe başladym. Ilkinji gezek «Jemalyň daragty» kinofilminde surata düşdüm. Ol ýerde ussat artistler Baba Annanow, Hommat Müllük, Meret Atahanow, Ata Döwletow, Ata Durdyýew dagy bilen bile işleşip, ussatlaryň kämillik mekdebini geçmegiň nesip eden- digi üçin özümi juda bagtly hasaplaýaryn. Esasan hem, Türk- menistanyň sungatda at gazanan işgäri Öwülýäguly Hojagulyýewden teatryň birtaraply däl-de, köptaraply bolmalydygy hakyndaky öwrenen iş tejribelerim soňlugy bilen döredijiliigime diýseň uly täsir etdi.

Esasy bellemeli zatlaryň bi- ri bolsa, özümiň nähili keşbi döretmäge has ukyplydygyma göz ýetirmäge bu halypalaryň uly goldaw bermegi boldy. Men teatra gelen ilkinji günümden başlap, hemişe «Nädip bu sungaty kämilleşdirip, dünýä derejesine çykaryp bolar?» diýen pikir bilen dem alýardym. Teatrlarymyzda goýýan spektakllarymyzy dünýä derejesine çykarmak, şol bir wagt-da bolsa, dünýä teatrlarynyň, folklorlarynyň nusgawy, kämil ugurlaryny, özboluşly taraplaryny öz milli ruhumyza siňdirip, täsirli spektakllary döretmegi baş maksadym edip goýdum. Şeýlelikde, ilkinji gezek türkmen teatrynda bir aktýorly spektakl goýmaga girişdim. Dünýä belli iňlis dramaturgy W.Şekspiriň «Korol Lir» spektaklynda Korol Liriň, «Gamletde» Gamletiň keşbini döretdim, şeýle-de maşgalam hem kärdeşim Urmathan Meläýewa bilen sahna- laşdyran «Medeýa», «Edip şa» ýaly spektakllarymyz halkymyz tarapyndan gyzgyn garşylandy. Olary daşary ýurtlaryň birnäçesinde hem görkezdik. «Aşyklar şasy», «Jelaleddin soltan» ýaly spektakllarymyzy hem aýratyn gowy görýärin.

Mono-teatrda esasy zat diňe bir artistiň sözlerine hem-de here-  ketine bagly bolman, ol ýerde ýiti reňkler, ýüz keşbi, saz hem uly ähmiýete eýedir. Eger-de reňkleri saz, hereket bilen sazlaşdyryp ulanyp bilseň, olar seniň tomaşaça ýetirmek islän zadyň köpüsini aýdyp bilýär. Meniň pikirimçe, reňkler dünýäde bar bolan zatlaryň şertli alamatlary bolsa, saz olaryň ruhy alamatlary bolup durýar.

— Şu wagt dünýä edebiýatynyň eserleriniň köpüsiniň adyny tutduňyz. Bu spektakllarda milliligiň şöhlelenişiniň näderejededigi hakynda hem aýdaýsaňyz?

— Elbetde, bu sahna eserleriniň her birinden millilik eriş-argaç bolup geçýär. Ony türkmen dilinde ýerine ýetirmegiň özi hem millilik. Eseriň haýsy ýurda degişlidigine garamazdan, ondan umumadamzada degişli meseleleri süzüp alyp, özümize mahsus häsiýetleri siňdirmeli bolýar. Beýik eserler haýsydyr bir halka degişli bolman, bütin adamzada degişlidigi bilen hem beýikdir.

Biz artistler hem haýsy eseri sahnalaşdyrsak, isle, ol öz eserimiz  bolsun, isle, dünýä edebiýatynyň eseri, tapawudy ýok, hökman oňa öz milli ruhumyzy siňdirýäris. Özi hem millilik seniň erkiňe bagly bolmazdan, keşbiňe siňýär. Beýik rus dramaturgy A.N.Ostrowskiniň aýtmagyna görä «Milli teatr milletiň kämilliginiň alamatydyr». Biziň ýurdumyzda bolsa, indi ençeme ýyllardan bäri milli teatrlarymyzda täsirli keşpler döredilip, halkymyza hyzmat edilip gelinýär.

— Siz üçin haýsy has ýakyn:    komediýamy, durmuş dramasymy ýa-da...

— Teatrda üç hili artist bolýar. Biri güldürýän, biri agladýan, biri bolsa bulary saýlamagy özüňe goýýan artist, ýagny onuň döreden keşbine görä, ol hakda ony tomaşaçy düýpli pikirlenip netijä gelmeli bolýar. Halypalarym maňa: «Sen dartgynly keşpleri döretmäge has ukyply» diýip köp aýdardylar. Aslynda, F.Şilleriň: «Oňat artistiň hiç haçan ýaramaz keşbi bolmaýar» diýip belleýşi ýaly hakyky artist islendik keşbi hem ussatlyk bilen döretmelidir. Emma barybir onuň haýsy hem bolsa, bir häsiýeti döretmäge has ukyplydygy aýdyň bolýar. Şol sebäpden hem režissýorlar şol ukyplara görä, keşp paýlaýarlar. Şeýdilse goýlan sahnanyň has göwnejaý ýerine düşmegi üçin gowy bolýar.

Ynsan paýhasa tarap näçe köp ädim ätdigiçe, durmuşyň syrly taraplary şonça-da köpelýär. Teatr bize syrly zatlaryň köpüsini ýiti sözi, aýdyň keşpler bilen düşünmäge kömek edýär. Onuň üçin bolsa, artistiň tomaşaçy bilen bütewi bir ruha girmegi hökmany.

Artist ussatlygy bilen tomaşaçyny özi bilen bile dem almaga ynandyrmaly. Tomaşaçyny özi bilen sessiz, ruhy taýdan söhbede çekmeli. Diňe şonda artist teatr sungatynyň düýp mazmunyny to- maşaçynyň öňünde has aýdyňlygy bilen açyp biler.

— Sahna oýnuny goýmak bilen keşp döretmek başga zat...

— Hawa, sahna goýýan režissýor bilen keşp döredýän artistiň käri başga-başga zatlar. Ony şeýleräk meňzetme bilen düşündirse bolarmyka diýýärin. Haýsydyr bir saz çalynmaly bolsa, artist — saz guraly, režissýor bolsa, ol sazy çalýan adam diýse bolardy.

Režissýor üçin paýhas hem ugurtapyjylyk esasy zat bolsa, artist üçin esasy daýanç — zehin. Teatrda üç hili baglanyşyk bolýar. Režissýor haýsydyr bir uly zady maksat edinip sahna eserini goýýar. Artist ony öz ussatlygynyň derejesine laýyklykda janlandyryp keşp döredýär. Tomaşaçy bolsa, öz düşünjesiniň derejesine laýyklykda, ony kabul edýär. Şeýlelikde goýlan sahna eseri her tomaşaça bir hili täsir edýär. Ondan her kim özüniň görmek, bilmek isleýän zadyny alýar. Şol sebäpden hem teatr sungatyna ençeme kesgitlemeleriň bardygyna seretmezden, onuň has köptaraplydygyny aýtmalydyrys.

— Tebigy zehin bilen erjelligiň netijesinde gazanylan ukybyň aratapawudy sahnada hem göze ilýän bolsa gerek?

— Edil beýle hem däl. Sebäp höwes bilen yhlasyň ynsanda tebigy ýok bolan ukyplary oýar- ýandygynyň ençeme ýyllardan bäri şaýady bolup gelýäris. Saňa tebigy zehin näçe berlen bolsa hem, zähmet çekmeseň, yhlas etmeseň, ol zehin ýitmek bilen bolýar. Emma hünäriňe bolan gyzgyn söýgini kalbyňda göterip, yzygiderli çekilen zähmet netijesinde şeýle kämil keşpleri döretmek hem köplenç artiste başardaýýar. Şahyr Gurbannazar Ezizowyň aýdyş ýaly, «Her birimiz özümiziň zergärimiz, mydam özümizi ýonup ýörmeli».

Şeýlelikde zähmet kem-käsräk zehiniň hem polat ýaly taplanmygyna getirip bilýär. Teatr sungat hem yzygiderli zähmet çekmegi talap edýär. Az-küş däl, juda kö zähmet çekmeli. Diňe şonda tomaşaçynyň kalbyndan parran geçýän keşbi döredip bolar.

— Siz häzirki wagtda Türmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatrynda artistlik, režissýorlyk hünärlerini saýlap alan talyp ýaşlar bilen täze spektakllary sahnalaşdyrýarsyňyz...

— Talyp ýaşlary teatr sungatynda kämillige tarap ugrukdyrmak diýseň jogapkärli wezipeleriň biri. Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy biler türkmen teatrlarynyň kämilleşmegi, dünýä derejelerine çykmagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär. «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly halkara teatr festiwalynyň geçirilip durulmagy, bir tarapdan, halklaryň mizemez dostlugyny pugta- landyrsa, ikinji tarapdan, dünýä halklarynyň teatr sungatynyň ýokary derejelere göterilmegine ýardam berýär. Biz hem talyp ýaşlaryň sahnalaşdyrmagynda bu festiwala birinji gezek «Leýli-Mežnun», ikinji gezek bolsa, «Habyl bilen Kabyl» atly spektakllarymyz bilen gatnaşdyk. Daşary ýurtlardan gelen sungat ussatlary spektakllarymyza diýseň ýokary baha berdiler.

Mundan başga-da, «Kämillige ýol açan döwür», «Durna umydy» ýaly spektakllarymyza, birnäçe gülküli sahnalarymyza tomaşaçylar gyzgyn söýgi bilen tomaşa edýärler.

— Sahna älemi dogrusynda beren gyzykly gürrüňleriňiz üçin, köp sag boluň. Size döredijilik, sungat ýolunda has uly rowaçlyklaryň ýaran bolmagyny arzuw edýäris.

 

Söhbetdeş bolan Yazbibi RASULOWA.