Türkmenistanyň halk artisti Akjagül Suwhanowa

Teatryň kaşaň binasyna girenimde, töweregiň dym-dyrslygy birbada howumy basman durmady. «Iş güni dälmikä?» diýen içgepletmeler bilen basgançakdan ýokaryk galyp ugradym. Şol pursat tomaşa zalyndan sazyň, yz ýanyndanam artistleriň şatlyk-şowhunly sesleri eşidildi. Zala bakan ýöräp ugradym. Sahnada täze spektaklyň görkezilişi bolup, teatryň işgärleriniň ählisi diýen ýaly şol ýerde eken. Yzky oturgyçlaryň birinde oturyp, gahrymanymy sahnadan gözledim. Ýöne halypa artist Akjagül Suwhanowany olaryň arasynda görmedim. Az pursatlyk ara- kesme yglan edildi. Şol wagt öňdäki oturgyçlaryň birinde oturan zenan maşgala ýerinden galdy-da: «Aýnabat, gyzym, bir dem aýak çeksene!» diýip, sahnadaky gyzlaryň birini ýanyna çagyrdy. Oňa: «Gyzym jan, sen soňky sözleriňi mylaýymlyk, mähribanlyk bilen aýtmaga çalyş. Bu aýdyşyň birhili, gödegräk bolýar. Ynha, şeýle» diýdi-de, hälki zenanyň keşbini özboluşly ýerine ýetirip görkezdi. Ony ünsli diňlän, synlan artist gyz ýylgyryp baş atdy-da, halypanyň öwredenini gaýtalamaga durdy. Şägirdinden göwnühoş bolan halypa: «Ine, munyň bolýar» diýdi-de, ýerinde oturdy. Men ony tanadym. Asyl, halypa artist Akjagül Suwhanowa bu gezek ýaşlara orun berip, özi olaryň synçysy eken.

Teatr sungatynyň jadyly gapysyndan ilkinji ädimleri ätlän pursady ol hem şu gyzlar ýaly ýaşdy, juwandy. Ol mundan kyrk ýyla basalykly wagt ozal şol döwürdäki Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet aka- demiki drama teatrynyň ýanyndaky teatr-studiýany tamamlap, Mosk- wanyň teatr sungaty institutyna okuwa girýär. 1979-njy ýylda bu ýokary okuw mekdebi tamamlandan soňra zehinli ýaşlar bilen bile Lebapda täze açylan Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet drama teatryna işe iberilýär.

«Biziň aramyzda soňra adygyp giden zehinli sahna ussatlaryndan Çary Berdiýew, Kadyr Atabaýew, Begmyrat Gylyjow dagy bardy. Teatryň açylyş dabarasyna bagyşlap, ilkinji gezek ýazyjy Nazar Gel- diýewiň «Seýdi» atly drama eserini sahnalaşdyrdyk. Şol döwürde tejri- beli režissýorlar, artistler ýetmezçilik edýärdi. Onsoň Marynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň halypa artistleri Abdylla Ýakubow, Begdurdy Şalykow dagy bize kömege geldiler. «Seýdi» atly spektakl şowly çykdy. Onda men serkerde şahyryň uýasy Orazbibiniň keşbini döretdim. Bu meniň ilkinji döreden keşbim bolupdy» diýip, ol öz döredijiligindäki ýatdan çykmajak pursady ýatlaýar.

Soňra Akjagül dramaturg G.Muhtarowyň «Allan aganyň maşgala- sy», ýazyjylar Atajan Taganyň «Iň owadan gyz», Ýazmyrat Mämmedi- ýewiň «Çyn güller jöwzada-da solmaýar» atly sahna eserleri boýunça goýlan spektakllarda dürli häsiýetdäki keşpleri döredýär.

Teatrda «Iň owadan gyz» atly spektakl sahnalaşdyrylýar. Režiss- ýor oňa oba gyzy Gülşadyň keşbini döretmegi ynanýar. Bu keşp Akjagülüň öz häsiýetine ýakyndy. Çünki ol obada önüp-ösdi. Oba gyzy bolup teatra geldi. Şonuň üçin oňa bu keşbi döretmek has ýeňil ýaly bolup göründi. Şonuň üçin ol «Çagalykdan gözümiň öwrenişen zatlary» diýip oýa batmasa-da boljakdy. Şonda-da ol talapkär tomaşaçylaryň öz zehinine goýýan ynamyny ödemek üçin dogduk obasyna gitdi. Sa- gymçy gyzlaryň işlerini ýakyndan synlap, olaryň hereketlerini gaýta- lady. Bu Akjagüle özüne ynalylan keşbi has ýatda galyjy döretmäge ýardam etdi.

Wagtyň geçmegi bilen dürli häsiýetdäki gahrymanlaryň keşplerini döredip, kem-kemden sungatyň belentliklerine aralaşyp, A.Suwhanowa zehinli artist hökmünde tanalyp başlandy. Akjagül «Sakawyň soňuna seret», «Mukaddes ojak», «Gyz edebi», «Baýram han», «Sallahlar», «Küşt hem yşk» ýaly spektakllarda dürli keşpleri döretdi.

— Käbir keşpler artistiň özünem, tomaşaçynam tolgundyrýar. Şonda wagty bilen özüňe gelip bilmän gezýärsiň. Döredýän keşbiň ýürek urgu- syna dogry düşüneniňde özüňem, tomaşaçam ruhy lezzet alýar — di- ýip, ol öz döredýän keşpleri barada gürrüň berýär.

A.Suwhanowanyň teatr sahnasynda janlandyran onlarça keşp- leriniň her birinde dürli häsiýetdäki gahrymanlaryň ýürek urgusy inçelik bilen yzarlandy. Sungata bolan söýgüsi, yhlasy bilen döreden täsin yk- bally zenanlaryň keşpleri tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşy alyndy.

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň halk artisti Akjagül Suwhanowa ýaş artistlere öz bilenini öwredip, olaryň sungatda öz ýoluny tapmagy barada alada edýär. Hormatly Prezidentimiziň milli medeniýetimize, sungatymyza uly üns bermeginden ruhlanan halypa artist «Awazada ak goýun toýy» atly döwrebap spektaklda mährem enäniň keşbini döredýär.

—  Teatr — meniň öýüm. Günde kesbimden kemal tapyp, abraý ga- zanan söýgüli teatryma gelýärin. Uzak ýyllaryň dowamynda ýetişdiren şägirtlerimiň sahnada döredýän keşplerini synlanymda, göwnüm galkynýar. Hormatly Prezidentimize milli medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmekdäki işleri üçin taňryýalkasyn aýdýaryn — diýip, kesbinden bagt tapan halypa artist köňül kelamyny dile getirýär.

 

Keýik UMAROWA.