Türkmenistanyň halk artisti Annamyrat Berdiýew

Teatr – nähili jadyly söz, jadyly dünýä. Ozalky Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademik drama teatrynyň sahnasy. Meşhur teatr ussatlarynyň döreden şowly keşpleriniň şaýady bolan şol gadymy sahna. Şu günler ýurdumyzyň birnäçe halk artistlerini gerdeninde uly söýgi bilen göterip ýören  sahna.

Ynha W.Şekspiriň “Nadaranyň nogtalanyşyndaky” Petruççio ot ýaly, baran ýerini çawlap gelýär. Hemme kişiniň gözi şonda. Gör, ol nähili hörpden tutdy, beýle ýokary perdeden bir başlamak bolarmy? Eger başyny şeýle başlasa, soňuny nähili gutarka? Oňa artistiň güýji berin ýetermikä? Ýöne az wagtdan bu pikirler ýatdan çykýar. Sahnadaky tupan barha güýjäp, tomaşaçyny öz tüweleýine garyp gidýär. Indi şol durmuşdan özge zat barada pikirem edip bileňok. 

Men “Nadaranyň nogtalanyşyny” köp teatrlarda gördüm. Ýöne, boýun alamaga mejbur bolýan, şeýle spektakly, onda-da şeýle Petruççiony göremok. Köp artistler Petruççiony goh-galmagally, özüne juda göwni ýetýän, gopbam adam edip oýnaýarlar. Emma mollanepeslileriň Petruççiosy gaty adamkärçilikli, ynsanperwer, adamyny hemme zatdan ýokary tutýan, oňa guwanýan, ony asmana göterýän  Petruççio. Ol nähili köptaraply. Birden wulkan ýaly ot sowrup dur, birdenem şeýle bir gaýgylanýan ýerleri bar welin, bokurdagyň dolup, gözüň owasyndan ýaşyň gaýdanyny duýman galýarsyň. Ony oýnan artist kimkä? Ony ýerine ýetireniň Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi Annamyrat Berdiýewdigi tomaşaçylaryň köpüsine mälimdi. 

Annamyrat Berdiýewiň Petruççiosy adamyň ruhy dünýäsine, akyl-paýhasyna uly sarpa goýýan adama bolan söýgüni wasp edýän gahryman. Şekspiriň sahna eseriniň pelsepesini, ýagny gumanizme ýugrulan pikirlerini  Annamyrat Berdiýew şol keşbiň üsti bilen tomaşaça ýetirýär. Ýeri gelende aýtsak, şol spektakl Moskwada görkezilende hem Annamyrat Berdiýewiň adyna metbugatda kän öwgüli sözler aýdylypdy. Bu spektaklyň şowly çykmagyna režissýor Kakajan Aşyrowyň kän der dökendiginem hökman ýatlap geçmelidiris. Spektaklyň işlenilýän döwürleri taýýarlyklardan soň režissýor Annamyrat Berdiýew bilen Aşgabadyň köçelerinde gezmeläp edýän gürrüňleri ýadyma düşýär. Gije sagat bir ýa ikidir. Daşarda hümürdi eşidip, boýnuňy uzadarsyň welin Kakajan: “Däde Aman, şindem ýataňok-maý, hany daş çyksana, bir täze pikir bar, oýlanyşyp göreliň-le” diýýändir. Daş çykarsyň, ine onsoň Şekspiriň daşyna geçiler. Her kim bir pikiri orta atar. Annamyrat Berdiýewiň joşup-joşup aýdan aýdýan pikirlerini geň galarsyň. Onsoňam dört sagatlyk taýýarlykdan soň, özünde güýç tapyşyna haýranlar galarsyň.

Teatr barada gürrüňi gozgada oturyber, yzyny özi alyp göterer. Bir zada begenip durandyr, başga bir zada jany ýanyp durandyr.  Özem begenýän wagtyndan, jibrinip duran wagty köp bolýardy, sebäbi köplenç öz edýän işinden, ýoldaşlaryndanam nägiledir. Käwagtlar ýüzi gamaşyp durandyr. “Myrat näme bolýar-aý, keýpiň ýok-la?” diýip söz gatarsyň. “Aý, bizdenem bir artist bolarmy, iýýän çöregmizi ödäp bilemzok, barymyzy kowmaly, iki sagat der döküp işlemäni kyn görýäris, janymyzy emgemejek bolýarys, tomaşaçy gelermi, görkezýän spektakllarymyzyň hili şeýle bolsa, olar indi günaşa telewizorda spektakllara tomaşa edip durlar” diýip, janygyp gürrüň bererdi. 

 Häzir türkmen sahnasynda Aman Gulmämmet, Alty Garlylar ýok. Olar hökman dörär, oňa bizde hemme mümkinçiliklerem bar, ýöne köpimizde Annamyradyňky ýaly teatr diýip ýanyp-köýüp barýan ýürek ýok. Ýürek ody öçen artistden nämä garaşjak? Umuman döredijiligiň özeni, isle edebiýat bolsun, isle-de sungat - joşgunly, ýalynly okgunly ýürekdir.  

Annamyrat Berdiýewlerde uzyn boýly, agajet bir ýaşulyny gördüm. Onuň bilen çaý içişip, kän gürrüň edip oturdyk. Akylyna haýran galaýmaly ýaşuly. Köp sözlänok, emma her bir sözi gurşun guýlan ýaly agyr, her sözi maňzyňa batyp, ýüregiňe siňip gidýär. Biziň birnäçämiz ýokary bilimli bolup, pylança ýyl işläp, bir topar zat bilýän kişi bolup ýörüs. Ýöne şol ýaşulynyň gürrüňinden soň, nähili ýüzleý pikir edýändigiňe, ýeňlesdigiňe pugta gözüň ýetýär. Ine, ýer ýaly giň hem agras türkmen ýaşulusy, ol seniň howada bulam-bujar gaýyp ýören pikirleriňi ýere düşüräge-de, hatara duran esger ýaly, tertibe salyp goýberýär. Onuň ene ýer hakda, edep-terbiýe hakda, durmuşyň ajysy-süýjüsi hakda gürrüňlerini hiç bir kitapdan okap-öwrenip bilmersiň. Ol ýaşuly Annamyradyň kakasy Berdi aga. Obanyň iň bir sylaýan, hormatlaýan ýaşulusy. Ine, soň-soňlar onuň bilen Aşgabatda-da, dogduk mekany Murgapda-da kän gezek duşuşmak miýesser boldy. 

“Alma agajyndan daş düşmeýär”. Onsoň Annamyrat nirä gitsin, kime çeksin? Onuň köki juda sagdyn, asylly, berk. Ine şol ruhy sagdynlygam, asyllylygam, kiçigöwünliligem, işjanlylygam onuň ganynda bar. Gan bilen giren – diňe jan bilenem çykar. 

Okap ýören ýyllarymyz ýadyma düşýär. Obadan gelen oglana Moskwanyň dünýä belli Lunaçarskiý adyndaky teatral institutynda okamak, üstesine-de teatr äleminiň iň uly ýyldyzlary bolan, juda talapkär, hut K.S.Stanislawskiniň okuwçylary bolan professorlar Olga Iwanowna Pyžowanyň, Boris Wladimirowiç Bibikowyň elinde okaýmak aňsat däl. Özem ýigidiň rus dilini bilşem ýabygorly. Eliň sowasa sowabermeli. Diňe çydamlylyk, erjellik, ýadamazlyk gerek. Annamyrat bäş ýylyň dowamynda köp-köp zatlary öwrenip, iň öňdäki talyplaryň hatarynda instituty tamamlady. Rus dilinem öwrendi. Annamyrat gaty synçy adamdy. Oýunlyga salar, gülüşdiren bolar welin, soň öz gürrüňdeş bolan adamlary barada ýiti bellikleri aýdar oturar. Olaram artist üçin uçursyz gymmatly zatlar, adam häsiýetleri, olaryň gürleýişleri, oturyp-turuşlary ertiki gün sahnada keşp döredeniňde gymmatly zatlar ahyry. 

Berdi Kerbabaýewiň “Suw damjasy – altyn dänesi” spektaklyndaky Nowçenko ýadyma düşýär. Jansyz ýatan, gorkunç,   uly Garagum çöli. Heý, beýle mähnet zady-da bir boýun egdirip bolarmy? – diýip, pikir edeniňi duýman galýarsyň. Emma boýun egdirmeli, ony gülzarlyga öwürmeli. Ine-de Annamyrat – Nowçenko sahna girýär. Ýene-de şol tüweleý sahna giren ýaly bolýar. Nowçenko – onuň sahna çykaran keşpleriniň naýbaşylarynyň biridir. Annamyrat Berdiýew şol keşp bilen özüniň ussatdygyny ýene bir gezek tekrarlady. Nähili häsiýet, nähili sap ynsap, ägirt güýç, çöli ýeňjegine bolan ynam sahna çykaryldy! Köpden bäri türkmen sahna Annamyrat Berdiýewiň şeýle şowly keşbini görmändi.

Nowçenkony görenimde, şol adamy bir ýerde gören ýaly boldum durdum. “Niredekä?” diýip, kän pikir etdim. Birdenem mugallymymyz B.W.Bibikow ýadyma düşdi. Edil özi, bu hut şol ahyry. Gowuşgynsyzlyk, nalajedeýinlik, biperwaýlyk, adalatsyzlyk gördügi, myrryhy atlanyp, gany depesine urup, demi-demine ýetmän ýüregi ýarylyp barýan ýaly: “Ugra, ugra şu ýerden, garaň görünmesin” diýip, iki metrden uzynrak boýy bilen ör boýuna galyp, garşydaşynyň üstüne abanyp durany ýadyma düşäýdi. Ol ony gaharyna bäs gelip bilmän edenokdy. Ynsap, aňyrdan gelýän terbiýe oňa başga hili bolmaga mümkinçilik berenokdy. Nowçenko-da edil şonuň ýaly adam-da. Meniň üçin-ä şonuň ýaly adam, mylaýym, hiç adama peýdasy degmän, azarsyz-bizarsyz ýaşap ýören adamlaryň müňüsinden gowy. Dogrysyny aýtsaň, Annamyrat Berdiýewiň özünde-de şol häsiýetler ýok däldi. Ýaşy duruşdygyça Boris Wladimirowiçe meňzäp barýardy. 

Nowçenko göze ildi, ilmezçede däldi. Ol keşbi tomaşaçylaram gaty halady. Annamyrat Berdiýew şol keşp üçin Magtymguly adyndaky halkara baýraga mynasyp boldy. 

Annamyrat Berdiýewiň teatrda döreden keşplerini sanap geçjegem bolsaň aňsat däl. Ýöne W.Şekspiriň “Riçard III-däki” Riçardyny, N.Pogodiniň “Tüpeňli adamyndaky” Şadrinini, G.Figeýredonyň “Ezobyndaky” Ezobyny, A.Kekilowyň “Söýgüsindäki” Akmyradyny, N.W.Gogolyň “Derňewçisindäki” Hlestakowyny, E.Hemingueýiň “Ret bol, ýaragyndaky” Genrisini ýatlaman geçseň, bir zat ýetmeýän ýaly bolup dur. Men Annamyrat Berdiýewiň oýnan keşplerine seljerme bermek islemedim. Men diňe öz döwürdeşim bolan uly artistleriň biri barada öz pikirimi aýdasym geldi. 

Her bir artist teatra öz dünýäsi, öz mowzugy bilen gelýär. Merhum Gara Seýitliýewiň Annamyrat barada Aman Gulmämmet bilen eden gürrüňi ýadyma düşýär. “Aman aga, türkmen artistleriniň içinde intelligent adamlaryň keşbini oýnap bilýäni ýok diýip zeýrenýärdiň welin,  tüweleme, şu ýigid-ä baryp ýatan intelligent. Nähili begzadanyň keşbini berseň beräý, edil şaňkylladaýar, sizem, teatram şeýle artist bilen gutlaýaryn” diýdi. Aman aganyň ýüzi ýagtylyp gitdi, giňden bir ýylgyrdy-da: “Sag bol, Gara, şundan-a biziňem tamamyz uludyr”   diýdi.  

Annamyrat Berdiýew Aman agany ýüňsakal etmedi. Teatrda goýlan spektakllardaky intelligent adamlaryň aglabasyny Annamyrat sahna çykardy. Özem kemsiz-kössüz çykardy...

Hemme kişi ýatandyr. Annamyrat ikimiz çaý süzüp, mesawy gürrüň edip oturardyk. Başy agyrdylmaýan mowzuk barmyka? Durmuş barada, gazet-žurnallar barada, artistler, edebiýat barada-da gürrüň edilerdi. Ýöne özümizem duýman ýene-de teatrly gürrüňe dolanyp gelýärdik. Teatr-teatr bolýar, ol biziň işimiz. Agyry-ynjymyz, öýümiz, durmuşymyzyň manysy ahyry.

Käwagtlar goňşy-golamam, teatr işgärlerem derdinişmek üçin biziň ýanymyza gelerdiler. Annamyradam degşip-gülşüp, olaryň öňünde demini alyp duran ajyja çaý goýar-da gürläp başlardy. Gürrüň degişmeden başlasa-da kem-kemden gyzyşyp, has uly mowzuklara syrygardy. Annamyrat üçin bolsa teatrdan uly mowzuk ýokdy. Ol gür berer, daşynda tegelenişip oruranlar bolsa wagtyň bir çene baranynam unudyp, şol diňläp oturandyrlar. Wagt ýarygijeden ep-esli geçensoň dargalar.  

Myhmanlary ýola salyp, öýe gireris. Ertir ir bilen päkize geýnen Annamyrat garaşyp: “Aman daýy, çykawer-how” diýip durandyr. Ýolda bolsa uzyn gije uklap bilmändigini, täze ýerine ýetirmeli keşbi barada oýlanandygyny, oňa degişli materillary tapyşdyrandygyny, täze tapan zatlaryny nobatdaky boljak taýýarlykda synap görjekdigini gürrüň berer. Taýýarlykdan soň bolsa kinostudiýa, radio ýa-da telestudiýa barmalydyr. Ol ýerlerde-de edýän işiniň kemini goýmaz.  Annamyrat Berdiýew şeýle-dä.

Agşam bolsa spektakl ýa-da oňa taýynlyk. Ýene-de öz etini özi iýäýjek bolup gelýän Annamyradyň bardyr. Eden işinden razy däldir. Gowy oýnandygyna gözi ýeten güni bolsa guş bolup uçup geler, öýündäkileriň hemmesini aýaga galdyrar. Degşer, gülşer, ýaz ýaly bolup durandyr. Şol pursatlar ol nähili nurana, ýakymly, görmegeý bolýar, ýöne ol juda seýrek bolýan ýagdaý...

 

Aman Baýramberdiýew, Türkmenistanyň halk artisti.