Artist Amangül Mämmetýazowanyň degişmelerinden

Goý, begenmesinler...

Amangül bir jorasy bilen toýa ugrapdyr.

Ýolda jorasy oňa ýüzlenip:

— Jora jan, meniň şolara barasym, asla ýüzlerini göresim gelenok — diýipdir-de, yzyna gaýtmakçy bolupdyr. Şonda Amangül oňa:

— Olaryňam seni göresleri gelip duran däldir. Barmasaň guşlary uçar. Baryp içlerini ýak. Goý, begenmesinler — diýip maslahat berip, ony ýoldaş edinipdir.

 

Akylyndan azaşdyňmy?

Kärdeşleriniň biri teatryň režissýoryna:

— Şu gezekki sahnalaşdyrýan oýnuňda maňa esasy keşpleriň birini döretmegi ynanmasaň, gaty görme — diýip, haýbat atypdyr.

Bu ýagdaýy synlap duran Amangül gürrüňe goşulypdy.

— Kärdeş, siz, näme, akylyňyzdan azaşdyňyzmy?

— Ýok, ýok, Hudaý saklasyn!

— Onda berleni bilen oňuberseňem bolar-la.
 
 

«Item aglar, göwherem...»

Bir jorasy Amangülüň ýanynda öwünmek isläpdir.

— Amangül, sen heý, derleýän monjuk görüpmidiň, seret, ynha, meniň şu monjugyma, gara derdir.

— Men aglaýan monjugy-ha görüpdim.

— O nähili?

— «Itiň boýnuna göwher daksaň, item aglar, göwherem» diýipdirler-ä.