Sirk artistleri çagalaryň arasynda

Häzirki mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alşy döwründe  olara medeni hyzmatlary guramak maksady bilen Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň artistleri Gökderedäki “Şöhle”, “Nebitçi” “Altyn ýyldyz” çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde göçme sirk tomaşalaryny görkezdiler. Bu göçme sirk tomaşalarynda masgarabazlar Röwşen Meläýewiň, Pena Myratdurdyýewiň we Arça Meredowyň şadyýan, gülküli çykyşlary çagalarda uly täsir galdyrdy. Arslan Kurraýewiň katuşkalarda deňagramlylygyny saklap, edýän oýunlary, Nikolaý Smirnowyň merdiwany dikligine goýup, oňa ussatlyk bilen erk edip görkezýän tomaşasy, gimnast gyzlar Aýlar Seýitnazarowanyň, Leýla Amangeldiýewanyň, Irada Aliýewanyň   ezberligi bilen özüneçekiji çykyşlary çagalar tarapyndan gyzgyn garşylandy. Şeýle hem Elmira we Zarina Goşaýewalaryň eldekileşdirilen güjüjikler, Aman Meredowyň maýmynlar bilen görkezen tomaşasy çagalarda has täsir galdyrdy.