Artistleriň durmuşyndan

Türkmenistanyň at gazanan artisti Şat Halykow şäher içindäki dükanlaryň birine girip barýarka ony bir ýigit saklapdyr-da:

— Agam, sen artist dälmi? — diýip sorapdyr.  Şatdan «hawa» diýen jogaby alanyndan soňra, ol ýigit has beleň alyp: «Bol, onda meni güldür-dä» diýipdir. Şadyň yhlas edip düşündirjek bolmasy ýigidiň ýele ýanyndan hem geçmändir. Şat özelenip: «Inim, gülesiň, göwnüňi açasyň gelýän bolsa, teatra baraý» diýse-de, ýigide täsir etmändir. Muňa meňzeş ýagdaýlaryň telimsinden baş alyp çykmaga werziş bolan Şadyň ahyry kellesine gowy bir pikir gelipdir.

— Inim, özüň näme kär edýärsiň?

— Bazarda süýji satýaryn.

— Hany, onda bir kilojyk gowja süýji çek.

— Aý, nätdiň-aý, agam, şu taýda men saňa süýjini nireden alaýyn, bazara bar, gürrüňi bolmaz.

— Ýok, süýji satýanyň çynyň bolsa, bir kilojyk çykar ýanyňdan.

Ol ýigit Şadyň oýun edýänine düşünmän, gara çyny bilen ýanynda süýjiniň ýokdugyny düşündirjek bolupdyr. Onuň bolup durşuna nebsi agyran Şat:

— Inim, edil seniň ýanyňdan süýji çykmaýşy ýaly, gülki hem meniň jübimde däl — diýipdir.

* * *

 

Bir gyş Magtymguly etrabynda Türkmenistanyň halk artisti Haýtmyrat Durdyýew dagynyň çykyşy üçin petekler satylanyndan soň, ýoluň sürçekligi sebäpli olar çykyşa baryp bilmändir. Çykyş soňa süýşürilipdir. Hemişe bular bilen söz uruşdyryp ýören Batyr Çaryýew bu habary eşideninde: «Tebigat eýýäm näçenji gezek magtymgulylaryň arkasynda durup, olary Haýtdan aman saklap gelýär» diýip gülýärmişin.

* * *

 

Bazarda Batyr Çaryýewe biri duşup: «Siziň düýnki görkezen «Bir bakyşda söýen ýarym» atly spektakldaky keşbini döreden Rahadyňyz gaty şowly çykypdyr, hezil etdik, höwri köp bolsun» diýse, öten agşam teatryň tomaşasynyň azlygyna jany ýanyp duran Batyr: «Hä, düýnki şol zalda oturan sizmidiňiz?» diýip gatyrganýarmyşyn.

* * *

 

Daýy-ýegen artistler Şat Halykow bilen Batyr Çaryýew ikisi «Watan» kinokonsert zalynda bassyr dört gezek şol bir kino tomaşa edenlerinden soň, Batyr: «Göwnüme bolmasa, şu kinony biz öňem gören ýaly bolup durus, daýy» diýipdir. Ýegeniniň sadalygyna içi ýanan Şat: «Görmesine-hä biz bu kinony eýýäm dördünji gezek görýäris, ýöne dogrymy aýtsam, şu gün kinodaky aktýorlar öňkülerinden has çynlakaý oýnaýarlar» diýýär.

* * *

 

Artist Batyr Çaryýew dükana barsa, satyjy gyz: «Men öňem sizi bir ýerde-hä gören ýaly bolup durun» diýipdir. Batyram özüniň tanalanyna monça bolup, satyjy gyza: «Teatrda gören bolaýmasaňyz» diýipdir. Ol gyzam, içiň ýansyn diýýän ýaly, Batyrdan:

— Ahmal, siz haýsy teatra gatnaýarsyňyz? — diýip sorapdyr.

* * *

 

Teleýaýlymda «Sungat söhbedi» atly gepleşigiň alyp baryjysy aktýor Şat Halykowdan: «Siziň pikiriňizçe, häzirki wagtda ýaşlardan ýurdumyzda iň meşhur artist kim?» diýip soranynda, Şat ýüzüni agras tutup, «Biz köplük» diýip jogap beripdir.

 

Toplan Begli GOWŞUDOW.