Töre Annaberdiniň degişmelerinden

Töre Annaberdiýew diýlende, ilki bilen, onuň döreden gülküli keşpleri, gürrüň beren degişmeleri ýadyňa düşýär. Onuň bilen sähel sa- lymlyk gürrüňdeşligem ýazyp ýören adam üçin ullakan baýlyga öwrülýärdi. Sebäbi onuň gürrüňleriniň gahrymanlaryny suratlandyrmak, häsiýet bermek ukyby ussatlygyň çür başydy. Bir ýola onuň bilen gazet üçin söhbetdeşlik taýýarlamaga şol wagtky Mollanepes adyndaky akademiki drama teatryna bardym. Söhbetdeşlige başlamazdan öňürti tas iki sagada golaý ondan-mundan gürrüň edip oturypdyrys. Ol gürrüňdeş- ligiň esasy bölegem degişmelerden ybarat bolupdy. Onsoň söhbetdeşlik üçinem geregimi edinip, teatrdan çykyp barşyma, entek iş ýerime ýetýänçäm, öz ýanymdan söhbetdeşligi taýýarlap bolupdym. Ony diňe kagyza geçiräýmek galypdy.

Onuň degişmeleriniň içinde «Peýdaly maslahatlar» uly orun eýeleýärdi. Bu barada ol: «Töräniň peýdaly maslahatlary» diýip, bir kitap çap etdiräýesim-ä gelýär. Ýöne munuň üçin wagt gerek. Ol bolsa bizde — döredijilik adamynda iň gyt zatlaryň biri» diýip degşerdi.

Umuman, ussat artistiň degişmeleri tema taýdanam, görnüş taýdanam dürli-dürlüdi. Onuň degişmeleriniň arasynda «Parasatly pikirler» özboluşlylygy bilen tapawutlanýardy.

Töre Annaberdiýew degişmeleriniň öňünden giriş etmegi gowy görerdi. Her gezegem, maýy bolsa, degişmelerini tema bölüşdirip aýtmaga çalşardy. «Men göwräme «timar bermek» üçin naharhana barýan. Hat-da işden soň, öýe gaýdyşyn ýolugra naharhana sowla- ýasym gelip dur-da» diýip, naharhanaly degişmelerine başlar: «Naharhanada öňüme jamy aldym-da, gowrulan jüýjäniň bir çetinden gi- rip ugraberjek bolsam, hiç eýgerder ýaly däl. Onsoň nätjek, ýene-de şol hyzmat edip ýören ýigitden haraý isleýär-dä adam. Çagyrdym. Ýanyma gelendenem oňa jamy görkezip: «Inim, siziň munyňyz inkubatoryň jüýjesi öýdýän» diýip soradym. Olam maňa belet bolansoň, gaýtam: «Ony nämeden diýdiň-aý, Töre akga?» diýip, likirdäp, özüme sowal berýär: «Aý, ene mährini görer jüýjäniň beýle gaty bolmaga haky ýok» diýenimden soň ýagdaýa düşünen ýigit elim däki jamy alyp, aşhana tarap ýumlugaýdy».

Töre Annaberdiýewiň degişmeleriniň köpüsi maşgala durmuşy bilen baglanyşykly «Bir gün, irden turup, çaý paýdan geregimi edindim welin, aýalym gapdalyma geçäge-de, näzirgäp ugrady.

— Gy-yýw, sen näme şeýdip hiç zat diýmän oturjakmy? Hany, ony-muny alyşdyrmaga gitmerismi?

Menem näme, şeýle kereşmäniň soňunyň gowulyk bilen gutarmajagyna-ha akylym ýetipjik dur welin, ýöne näçe pikirlensemem, hiç zat kelläme gelenok. Onsoň bimany nazar bilen gelnejeň ýüzüne aňkarylyp otyryn. Olam ýagdaýy görüp, ýasama näzini bir gyra pylçap urdy-da, hemişekije bolşuna geçdi: 

— Gy-yýw, bolşuň nähili seň? Näme, indi meni gutlajagam dälmi? -  diýip, şumjarjak ýalam edýär. Meňem şunça pikirlenip, bar tapanjam şu boldy: «Näme, bu gün seniň doglan günüňmi?». Olam gitdigiçe kejigdi:

— Ana, ana-da, men görgülide maňlaý ýokdur-la bolmanam. Illeriň ärler-ä «sýurpriz» diýýä, «garpyz» diýýä, garaz, öňünden sowgat alyp, ýanýoldaşyny begendirmäniň ugrunda. Bu bolsa 8-nji Mart güni, iň bolmanda, gury söz bilen gutlamagam bilenok.

Walla, çynym, beýle zat ýadyma düşmese näme? Onsoň aňkarylyp oturyşyma, bolşuna göräräk özümi aklamaga durdum:

— Aý, nätdiň-aý, keýwany, eýýäm bir ýyl geçäýdimi? Entek geçen 8-nji Martam süňňümden çykyp ýetişenog-a...».

 

Myrat HUDAÝGULYÝEW.