«Näzli dildarym» sahna çykanda...

Nähili bolýandyr öýdýäňiz? Sahna-ha şowhuna beslenýär, tomaşa zaly bolsa myhmanlardan ýaňa hyryn-dykyn bolýar. Munuň hut şeýle bolýandygyna dek düýn Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda bu oýna tomaşa edenler göz ýetirendirler. Teatryň döredijilik toparynyň Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlap sahnalaşdyran «Näzli dildarym» atly oýny, sözüň doly manysynda, baýramçylyk sowgady bolupdyr. Sebäbi bu spektaklyň tutuş dowamynda tomaşaça şatlyk, gülki, şähdaçyklyk paýlanýar.

Aslynda, halkymyzda durmuşyň islendik çylşyrymly pursatlaryny gülki bilen, ruhubelentlik bilen ýeňip geçmek — adat. Halk döredijilik eserlerimiziň islendigini alanyňda-da, ugurtapyjylygy, wäşiligi bilen ýadyňdan orun alýan gahrymanlaryň hereketlerine uly orun berilýär. Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gylyçmyrat Kakabaýewiň bu sahna eseriniň esasy many-mazmun özeni hem durmuşa söýgi we ruhubelentlik bilen garamak düşünjesine ýugrulypdyr. Bagta ýaltalygyň, göripligiň däl-de, halal zähmetiň, akýürekliligiň, ýagşy niýetliligiň üsti bilen ýetip bolýandygy barada aýdylýan sözler, nygtalýan çuňňur manyly pikirler spektaklyň terbiýeçilik ähmiýetini has-da artdyrýar. Ýaşlar teatrynyň sahnasynda goýlan spektaklda söýgi barada söhbet açylmagy, elbetde, kanunalaýyk ýagdaý. «Näzli dildarymda» wakalar uzak ýyllaryň dowamynda goňşy oturan Gyraw agadyr Jarçy aganyň maşgalasy bilen baglanyşykly ýaýbaňlanýar. Olaryň perzentleri Böri bilen Durna birek-birege göwün berýärler. Wakalaryň içinden gülküli pursatlaram, käbir düşünişmezlikler sebäpli ýüze çykýan gapma-garşylyklaram eriş-argaç bolup geçýär. Olardan çykalga tapmak üçin, ýaşlaryň özleri-de ýol gözleýärler. Ýöne ahyrky pursatda Gyraw agadyr Jarçy aganyň türkmen ýaşulusyna mahsus parasatly ädimleri ýaşlaryň bagta barýan ýollaryna şugla bolup çaýylýar. Ýaşulularyň hereketlerinde, sözlerinde hemişe agras degişmäniň bolmagy wakalaryň has-da täsirli, özüneçekiji bolmagyna getiripdir. 

Türkmenistanyň at gazanan artisti Handurdy Berdiýew tarapyndan sahnalaşdyrylan bu spektaklda baş keşpleri ýaş artistler Annageldi Gutlyýew (Böri) we Şeýda Gurbanowa (Durna) ýerine ýetirýär. Sahna oýnunyň tutuş dowamynda tomaşaçylara gülki paýlaýan goňşularyň — ýaşlaryň ene-atalarynyň keşbini Türkmenistanyň at gazanan artistleri Döwlet Hanmämmedow (Gyraw aga), Oguljan Bekiýewa (Ýalpyl eje), Göwher Muhammetgulyýewa (Geňlik eje), şeýle-de artist Döwran Hojageldiýew (Jarçy aga) ussatlyk bilen ýerine ýetirýärler. 

Umuman, spektaklda teatryň artistleriniň uly topary çykyş edýär. Şirgeldi Saparow, Tyllagözel Hydyrowa, Akmyrat Annamyradow, Jennet Horasanlyýewa, Gülnar Şüküretdinowa, Humar Bäşimowa, Allaberdi Öwezow, Aýsenem Geldiýewa, Maral Öwezowa ýaly artistler özlerine ynanylan keşpleriň özboluşly dünýäsini açyp görkezmegi, olaryň häsiýetli aýratynlyklaryny tomaşaça inçelik bilen ýetirmegi başarypdyrlar. 

Sahna oýnunyň şowly, täsirli çykmagy diňe bir režissýordyr artistlere-de bagly bolup durmaýar. Yhlasdyr ussatlygyň, iň esasy-da, sungata söýginiň bir sahnada jemlenmeginiň teatryň döredijilik topary üçinem, tomaşaçy üçinem uly utuş bolýandygyna «Näzli dildara» tomaşa edenimizde ýene bir ýola göz ýetirdik. Spektaklyň sahna bezegi-de (Mekan Annamyradow, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Batyr Bekmyradow), saz bezegi-de (Mämmet Hydyrow, Elman Geldimyradow), yşyk bezegi-de (Jeýhun Ataýew) «tüýs ýerine düşüpdir» diýilýänleri bolupdyr. 

Hawa, sahna — gyzykly, jadyly dünýä. Ol jadyly dünýä aralaşýanlaryň — tomaşaçylaryň sanynyň köp bolmagy bolsa teatryň döredijilik toparynyň şowly gözleglerine, ussatlygyna bagly. Biz hem Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň döredijilik toparyna mundan beýläk-de üstünlikleri, tomaşaçylaryň söýgüsine mynasyp bolýan sahna oýunlarynyň sanynyň ýyl geldikçe artmagyny arzuw edýäris.