Teatryň baýramçylyga sowgady

Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda «Bir bakyşda» atly spektakl görkezildi. Dramaturg G.Nazarowyň edebi esasyny ýazan pýesasy boýunça režissýor D.Hudaýberdiýewiň sahnalaşdyran spektaklynda Türkmen kölüniň boýundaky obalaryň birinde ýaşaýan ýaş juwanlaryň başdan geçirýän wakalary barada gürrüň berilýär. Türkmenistanyň Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli sahnalaşdyrylan spektaklda S.Hanalyýew, E.Akmyradowa, N.Mollaýewa, G.Babaýew, O.Gurbanowa ýaly artistler baş keşpleri janlandyrdylar.