Halk teatrlarynyň bäsleşigi

Mälim bolşy ýaly, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni ýurdumyzda giňden bellenilýär. Bu baýramçylyk çäreleri medeniýetiň we sungatyň ähli görnüşlerini özünde jemlemek bilen birlikde, türkmen halkynyň köpasyrlyk döredijilik, ruhy tejribesini ýurdumyzda we dünýäde wagyz etmäge şert döredýär. 

Ýokary guramaçylyk derejesinde dowam edýän Medeniýet hepdeliginiň toýly günleri täze täsirler, bagtly pursatlar bilen nurlandy. Toý şatlygyna gurşalýan Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň başynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde yglan eden “Bagtyýarlyk döwrüniň halk teatrlary” atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlenildi. Bu döredijilik bäsleşigiň saýlama tapgyry welaýat merkezlerinde geçirildi. Onda ýurdumyzyň häzirki zaman gazananlaryny we halkymyzyň baý milli mirasyny, milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň gülläp ösüşini beýan edýän halk teatrlarynyň zehinli döredijilik işgärleri hem-de ýaş artistler höwesjeň çykyş edip, özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. 

“Bagtyýarlyk döwrüniň halk teatrlary” atly döredijilik bäsleşiginiň düzgünnamasyna görä, üstünlikli çykyş edip, has tapawutlanan Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap medeniýet bölüminiň I Halk teatry 1-nji orna,   Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap medeniýet bölüminiň Halk teatry 2-nji orna,  Balkan welaýatynyň medeniýet müdirliginiň Türkmenbaşy şäher medeniýet bölüminiň “Altyn asyr” Halk teatry 3-nji orna mynasyp boldular we Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan gymmat bahaly sowgatlary we Diplomlary gowşuryldy. Şeýle hem döredijilik bäsleşiginiň düzgünnamasyna görä, işeňňir gatnaşyp tapawutlanan Ahal welaýatynyň Kaka etrap medeniýet bölüminiň teatr studiýasy, Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrap medeniýet bölüminiň drama topary, Balkan welaýatynyň Serdar etrap medeniýet bölüminiň Halk teatry, Balkan welaýatynyň Magtymguly etrap medeniýet bölüminiň gurjak Halk teatry, Balkan welaýatynyň Etrek etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň dutar mugallymy Ahmet Hojaýew, Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrap  medeniýet bölüminiň Agzybirlik geňeşliginiň Halk teatry, Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap medeniýet bölüminiň B.Öwezow adyndaky oba geňeşliginiň Halk teatry, Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky etrap medeniýet bölüminiň Halk teatry, Lebap welaýatynyň Döwletli etrap Surhy oba medeniýet öýüniň gurjak topary, Lebap welaýatynyň Kerki etrap medeniýet bölüminiň Halk teatry, Lebap welaýatynyň Çärjew etrap medeniýet bölüminiň Halk teatry, Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap medeniýet merkeziniň 3-nji Halk teatry, Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap medeniýet merkeziniň gurjak Halk teatry, Mary welaýatynyň Mary etrap medeniýet merkeziniň Halk teatry, Mary welaýatynyň Murgap etrap medeniýet merkeziniň gurjak Halk teatry, Mary welaýatynyň Ýolöten etrap medeniýet bölüminiň 1-nji Halk teatry, Mary welaýatynyň Wekilbazar etrap medeniýet merkeziniň Halk teatry Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň höweslendiriji baýraklaryna we Hormat hatlaryna mynasyp boldular.