«Geçi dawasy» sahnada

Türkmenistanyň Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet-sazly drama teatrynda dramaturg G.Wekilowyň pýesasy boýunça režissýor Ç.Dolyýewiň sahnalaşdyran «Geçi dawasy» atly komediýa görkezildi. Täze spektaklda goňşy bolup ýaşaýan iki maşgalada kemala gelen ýaşlaryň arasynda dörän söýgi barada gülküli wakalaryň üsti bilen gürrüň edilýär. Diňe söýgi hakynda söhbet açýan spektaklda teatryň artistleri O.Arazmämmedowa, A.Jumageldiýew, G.Şaýmerdanowa, G.Jumaýewa, D.Jumaýew, Ç.Rahmankulow dagy özlerine ynanylan keşpleri ýatda galyjy janlandyryp, tomaşaçylarda uly täsir galdyrdylar.