Gulmyrat Agabaýewiň degişmelerinden

Teatrda sahna oýnuna taýýarlyk görlüp ýörkä, arakesmeden peýdalanyp, Gulmyrat aga kofe içýär. Artist kärdeşleri bolsa ony gürletjek bolýar. Şonda ol: «Gulmyrat aga-da Gulmyrat aga bolşup maňa hormat goýýanyňyzy bilýärin. Ýöne şu kofe içip otyrkam, maňa «Salawmaleýkimden» başga söz gatmasaňyz, şol maňa gaty uly hormat goýdugyňyz bolýar, ýigitler» diýýär.

* * *

 

Artistleriň biri: «Aşa özüňe göwnüýetijilik bilen döreden keşbiňden razy bolsaň, onda indiki keşpleriň pese düşdügi biläýgin diýýärler weli, şol, dogrudanam, şeýlemi, Gulmyrat aga?!» diýip ondan soraýar. Gulmyrat aga ýüzüniň ugruna: «Sen ilki bir şol zeýilli keşp döret-dä, han ogul, ondan soň men ony saňa aýdaýyn!» diýýär.

* * *

 

Bir gün üýşüp duran artistleriň arasynda biri: «Gulmyrat aga puly gowy görýärmiş diýýärler welin, men-ä ynanamok şoňa, Gulmyrat aga?!» diýip onuň özünden soran bolýar. Heý, ondan gep gutuljakmy: «Sen ilki şo-ol menden alanja puluňy yzyna gaýtaryp ber, men onsoň seniň bu sowalyňa giňişleýin jogap bereýin!» diýip, Gulmyrat aga köpmanyly ýylgyrypdyr.

 

Toplan Batyr ÇARYÝEW.