Türkmenistanyň at gazanan artisti Gözel Hajyýewa

Веrкаrаr döwletiň bagtyýarlyk döwründe öz zehini bilen täze keşpleri döredip, tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsine mynasyp bolýan artistleriň biri hem ýurdumyzyň Baş drama teatrynyň artisti Gözel Hajyýewadyr. Ömrüni milli kino we teatr sungatymyzyň ösmegine bagyşlap, ýatda galyjy keşpleriň birnäçesini döredip, kesbinden kemal tapan artist pyýala gözlerini uzaklara aýlap, birden ýaşlyk ýyllaryny ýatlasa, birdenem halkymyzyň gadam basan Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe uly ösüşleri başdan geçirýän milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň ýeten belent sepgitleri barada joşgunly söhbet edýär.

Baryp mekdep okuwçysyka Gözel kino sungaty bilen içgin gyzyk- lanyp başlaýar. Şol döwürde ol öz deň-duşlary bilen çagalar üçin surata düşürilen çeper filmlere ses bermek işine gatnaşsa-da, «Kino we teatr artisti bolaryn» diýip pikir hem etmeýärdi. Ýöne belli artist, dramaturg, kinorežissýor Alty Garlyýew bilen bolan tötänleýin duşuşyk onuň sungatyň inçe ýoluna düşmegine sebäp bolýar. Kinorežissýor A.Garlyýew akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi barada gürrüň berýän täze çeper filmi surata düşürmäge başlanynda Aşgabat şäheriniň mekdeplerine baryp görýär. Onuň islegi daş keşbi bilen, akyldar şahyryň döwründe ýaşan adamlara gabat gelýän dürli ýaşdaky adamlary çeper filme surata düşmäge çagyrmakdy. Şonda Gözeli hem bu täze çeper filmde surata düşmäge çagyrýarlar.

Belli kinorežissýor A.Garlyýewiň sungatyň inçe syrlary baradaky täsin gürrüňleri ýaşajyk Gözeli özüne bendi edýär. Ol ýurdumyzyň zehinli artistleri H.Müllügiň, A.Alowowyň goldaw bermegi bilen Moskwanyň Şepkin adyndaky ýokary teatr artistlerini taýýarlaýan mekdebine okuwa girýär. Gözel bu mekdepde dünýä belli halypa ar- tistlerden tälim alyp, sungatyň inçe syrlaryna aralaşýar. Heniz talyp döwri iňlis dramaturgy W.Şekspiriň «Otello» tragediýasynda Dezde- monanyň keşbini döretmegi bolsa, onuň sungata höwesli göwnüni has-da ganatlandyrýar.

Ol bu ýokary okuw mekdebi tamamlap gelenden soňra, ozalky A.Gulmämmedow adyndaky ýaş tomaşaçylar teatrynda işe başlaýar. Ýurdumyzyň belli artistleri bilen bile işleşen ýyllary teatrda türkmen we doganlyk halklaryň görnükli ýazyjy-şahyrlarynyň eserleri esasynda sahnalaşdyrylan dürli many-mazmundaky spektakllarda birnäçe keşpleri döredip, tomaşaçylaryň arasynda zehinli artist hökmünde adygýar. Ol «Nesiller poemasy», «Uly ogul», «Iki atanyň bir ogly», «Gyzyl şapak», «Magtymguly Pyragy», «Öýlenmek» ýaly spektakllarda dürli ýaşdaky, häsiýetdäki gahrymanlaryň keşplerini döredýär.

Nesibe çekip, ol Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatryna işe geleninde hem, ýatda galyjy keşpleri döretmegiň gözleginde bolýar. Artiste belli ýazyjy M.Myşşyýewiň «Ene» atly dramasy esasynda sahnalaşdyrylan spektaklda mähriban enäniň keşbini döretmek ynanylýar. Üç ogly dünýä inderip, hemişe çagalarynyň ilhalar adamlar bolup ýetişmegini arzuw edýän enäniň keşbi Gözele artist hökmünde uly üstünlik getirýär. Onuň zehini bilen döredilen mähriban enäniň nurana keşbi uzak wagtlap tomaşaçylaryň ýadynda galýar.

Ol bu teatryň sahnasynda sahnalaşdyrylan «Sallahlar», «Ge- linler», «Syrly sandyk», «Söýüň, gara gözlerim», «Perişdeler gijesi», «Galkynyşyň ak gülleri», «Ýürek ody», «Dowamat dowam» ýaly spektakllarda häsiýeti boýunça biri-birinden tapawutly zenan gahry- manlaryň keşplerini döretdi. «Ýürek ody» atly spektaklda döreden keşbiniň öz ýüregine ýakyn bolandygyny aýratyn belläp geçýär. Bu spektaklda ol ykbaly agyr gelen mährem enäniň keşbini döredipdi. Onuň sahnada özüni alyp barşy,  aýdýan sözleri teatr muşdaklaryny jadylapdy. Ol şonda edil öz-özi bilen sahnada ýeke galyp, öz durmuşyny tomaşaçylara gürrüň berýän ýaly duýgyny başdan geçiripdi.

G.Hajyýewa milli teatr we kino sungatymyza bagyşlan ömrüniň ýakymly ýatlamalaryny ýatlanynda, halypa artistleriň belent adam-kärçiligi, olaryň zehini bilen döreden keşpleri baradaky joşgunly gürrüňe başlanyny kem görmeýär. Halypa artist öz halypalaryny ýagşylykda ýatlap, olaryň döredijiligi barada ýaş zehinlere gürrüň berýär.

Baryp mundan elli ýyla golaý wagt ozal, sungatyň inçe syrlaryna aralaşyp, öz kesbinden kemal tapan halypa artist Gözel Hajyýewa ajaýyp döwrümizde uly ösüşleri başdan geçirýän milli kino sungatymyzda ýatda galyjy keşpleriň birnäçesini döredip, kino muşdaklaryny begendirdi.

Ol «Ýumajyk», «Bäşlik» ýaly çagalara niýetlenen gülküli-degişmeli çeper filmlerde täsin ykbally zenanlaryň keşbini döretdi. Artist zenan «Täze ýyl gijesi» atly gülküli-degişmeli çeper filmde hem surata düşdi. Bu çeper film Täze ýyl gijesi görkezilende, tomaşaçylaryň şatlygyny goşalandyrýar. Onuň surata düşen çeper filmleriniň arasynda «Güýz» atly çeper film hem bar. Halypa artist meşhur Kel bagşynyň ömri we döredijiligi barada söhbet açýan, režissýor Ş.Annamyradowyň surata düşüren çeper filminde ol meşhur bagşynyň ýanýoldaşy Aýsoltan ejäniň keşbiniň üsti bilen milli aýdym-saz sungatymyzyň inçe syrlaryny tomaşaçylara ýetirmegi başardy.

Özüniň döredijilikli zehin-başarnygy bilen milli teatr we kino sungatymyzyň ösmegine goşant goşup gelýän halypa artist hemişe täze keşpleriň gözleginde.

Türkmenistanyň at gazanan artisti Gözel Hajyýewa hormatly Pre-zidentimize milli medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmekdäki işleri üçin taňryýalkasyn aýdýar. Biz hem halypa artiste döredijilik üs- tünliklerini arzuw edýäris.

 

Meretgylyç ÝAGMYROW.