Türkmenistanyň halk artisti Çaryýar Seýitliýew

Her bir hünäriňem özüne ýetik azaby, kynçylygy bolýar. Käbir hünärde islendik adam erjellik bilen zähmet çekse, işiniň ussady bolmagy başarýar. Emma käbir hünärlerde ussatlyk derejesine ýetmek üçin hökman ylahy zehin, aňyrdan berlen ukyp-başarnyk gerek bolýar. Artistçilik käri hem hut şeýle hünärleriň biri. Zehiniň aňyrdan berlen bolup, käriňe ak ýürekden ýapyşmasaň, saňa aňsat-aňsat per bermez. Türkmenistanyň halk artisti Çaryýar Seýitliýew hem öz hünäriniň ussady bolmagy başaran halypalaryň biri.  

— Çaryýar aga, «Owal akan ýerden akarmyş aryk» diýilýär. Bu nakylyň siziň käriňize dahylly ýeri barmydyr?

— Umuman, edil nesilme-nesil sungat adamy bolup gelmesegem, agam Nurgeldi Seýitliýew şahyr adamdy. Şahyr Mämmet Seýidowy özüniň halypasy hasaplardy. Meniň çagalygymdan bäri, öýümizde görenlerim belli şahyrlar Berdinazar Hudaýnazarow, Mämmet Seýidow dagy şygyr aýdyşyp, ýazyjy Arap Gurbanowyň wäşiligi, ussat bagşy Orazgeldi Ylýasowyň aýdym aýdyp, alaýaz edip, adamlara hezil berişleri boldy. Hatda bir gezek Orazgeldi Ylýasow öýde ertire çenli aýdym aýdyp oturdy. içerde oturara ýer ýokdy. Biz çagalar ýer bolmansoň, goş goýulýan sekiniň üstüne çykyp, Orazgeldi Ylýasowyň ýakymly owazyny teşnelik bilen diňläpdik. Şol günlerdenem halk aýdymlary meniň ýüregime ene hüwdüsi ýaly bolup ornap gitdi. Türkmen sazlary, halk aýdymlary meniň arzuwlarymyň ilkinji gönezligi diýsem hem bolar. Şu ýerde bir wakany ýatlasym gelýär. Bir gezek ejemi gününe goýman, aňzakly gyş günleriniň birinde daýymlara dutar almaga äkidipdim. Howanyň sowuklygy üçin ejem meni pürenjeginiň ujuna dolaýardy. Men bolsa şatlygymdan ýaňa guş bolup uçaýjak bolýardym.

Dutaryň kiçijik ellerime agram salýandygyna garamazdan, öýe ýelgamak ýaly ýüwrüp gaýtdym. Dutar meniň hakyky dostuma öwrülip gitdi.

— Sungat älemine ilkinji gadamlaryňyz hakynda aýdaýsaňyz?

— Ýaş wagtlarym günümiň köpüsini Medeniýet öýünde geçirýärdim. Annaberdi Atdanow, Saparmyrat Babaýew we beýleki ençeme meşhur bagşylary çykaran «Sazly Bäherden» atly ansambla gatnaýardym. Bir gezek mugallymymyz 10-njy synpda hemmämizden haýsy hünäri saýlajakdygymyzy sorap başlady. Her kim bir zat diýýärdi. Meniň «Moskwanyň teatr institutyna girjek» diýen jogabym hemmeleri geň galdyrypdy. Sebäbi kiçijik obamyzda beýle okuwyň bardygyny köpler bilmeýärdiler. Ýöne men näme üçindir, ilki öz islegimiň garşysyna gidip, hukuk ugrundan okuwa resminamalarymy tabşyrdym. Emma sungata baglanan ýüregim hiç günüme goýmady. Ahyr ýüregimi bire baglap, resminamalarymy yzyna aldym. Bir gün gazetde Moskwanyň Şepkin adyndaky ýokary teatr mekdebine okuwa seçilip alnyşyk bardygy hakynda bildiriş çykdy. Menem ur-tut resminamalarymy tabşyrdym. Synaglarym diýseň üstünlikli geçdi, men artistleriň ussatlyk derejede taýýarlanylýan bu okuw jaýynyň talyby boldum. Şeýdibem arzuwlarymyň wysalyna — artistlik hünärine has içgin aralaşmaga başladym.

— Siz her keşbi janlandyranyňyzda, şol keşbiň içinde ýaşaýarsyňyz-da, şol adama öwrülýärsiňiz. Soňundan özüňizi bir däl-de, birnäçe dostlar ýaly duýýan-a dälsiňiz?

— Meniň bu sowalyňyzyň jogabyny şeýleräk bir waka bilen delillendiresim gelýär. Bir gün Türkmenistanyň oba hojalyk uniwersitetiniň umumy ýaşaýyş jaýynyň ýanyndan geçip barýardym. Birden «Köwlää-äp» diýen aýdym sesi ýaňlanyp başlady. Aýdymy aýdýan mendim. Men geň galyp ýokaryk seredemde, talyp oglanlar magnitofonda meniň aýdymymy goýberip, özlerem: «Ýalkamyş bagşy» diýip, maňa barmaklaryny çommaldyp gygyryşýardylar. Görüp otursam, olar gelýändigimi görüp, aýdymy ýörite goýberen ekenler. Diýmek, halkyň aňynda öz döreden keşplerim bilen ýaşaýan bolsam, şol keşplerimde özüm ýaşaýan bolsam, onda men näme üçin özümi ýeke hasaplamaly?!

— Çaryýar aga, teatr hem sungatynda oýnan keşpleriňiz hakynda aýdaýsaňyz?

— Maňa, köplenç, aşyk ýigidiň keşbini ynanardylar. Galapyn söýgi gahrymany bolup oýnardym. Ilkinji spektakllarymda, «Gedaý bagşy», «Ýalkamyş bagşy» spektakllarynda bagşylaryň keşbini, «Gyzaryp ýaşan şapak» spektaklynda Hajynyň keşbini ýatlamak bolar. Sahna oýnundaky aýdymlarymy, esasan, damana ýolunyň köne heňini tapyp, şony has hem çekip aýdardym.

Kino sungatynda «Ofiser walsy», «Ar alyş jülgesi», «Garagum kölegede 45 dereje yssy» we beýleki çeper filmlerde baş gahrymanlaryň keşbini janlandyrdym.

Ýene-de teatr hakynda bir zady ýatlasym gelýär. Moskwada talyplyk ýyllarym bizi Antonina Petrowna atly opera hem balet teatrynyň aýdymçysy okadardy. Ol maňa mydama: «Ýurduňa baranyňdan soň, opera geçgin» diýip sargyt ederdi. Ýöne men dramany has gowy görüp, özüme ýakyn saýamsoň, teatrda işläp başladym.

Režissýor Bilbil Mämmedow «Göroglynyň sawçylary» atly spektakly sahnalaşdyranda, Kösäniň keşbiniň ynanylmagy meni diýseň tolgundyrdy. Kösäniň keşbi gaty jogapkärlidi, hut halkyň aňynda ýaşaýan Kösäniň keşbini tapyp, şony janlandyrmalydy. Men köp pikirlendim, Kösä meňzeş häsiýetli ençeme adamlaryň hereketini, özüni alyp barşyny göz öňüme getirip başladym. Ahyryn hem telpegini gyşardyp, murtuny jaýtardyp, iki elini ýeňserägine tutup ýöreýän, özün- den göwnühoş Köse bolup, oýnap gökezdim. Muny režissýorlaram makullady. Soň birgün kärdeşim Nury Allaberdiýewe gabat geldim. Ol maňa: «Seniň telpegiňi gyşartjakdygyňy öňdenem bilýärdim» diýip, ýüregine jüňk bolandygyny aýtdy.

Hakykatdanam, artistiň işi diýseň jogapkärli. Iş esasy diýmeli sözleriňi öwreneniňden soň başlanýar. Soň sen şol adamyň içki dünýäsini tapmaly. Ony özüň diýip kabul etmegi başarmaly, gaty kän işlemeli bolýar. Garaz, tomaşaçynyň ynamyny gazanmak üçin tutan ýeriňi goparman aýrylmaly däl.

— Halypalaryňyz, şägitleriňiz hakynda gürrüň beräýseňiz!

— Halypalarym diýip, Hajy Annamämmedowy, Welmyrat Amanowy, Baba Annanowy, Artyk Jallyýewi, Akmyrat Bäşimowy, Sabyr Ataýewany agzamak bolar. Men halypalar bilen nähili gatnaşykda bolan bolsam, olardan nähili ezberlik bilen sungatyň inçe syrlaryny öwrenen bolsam, ýaş artistler bilen hem edil şonuň ýaly gatnaşyk saklaýaryn. Şägirtlerimden Türkmenistanyň at gazanan artistleri Juma Kowuso- wyň, Maýa Annaýewanyň, Jennet Paltaýewanyň we beýlekileriň atlaryny tutmak bolar. Durmuş ýolunda toplan iş tejribämi ýaşlara öwretmekden diýseň lezzet alýaryn. Hormatly Prezidentimiziň halypa-şägirt gatnaşyklary hakyndaky ýörelgesi bizi has hem ruhlandyrýar.

— Özüňiziň döredijilik, ylham çeşmäňiz hakynda-da gürrüň beräýseňiz?

— Men öz ylhamymy jana melhem türkmen topragyndan, sonarly sähralaryň sazakdyr çetiniň, ojardyr gandymyň ysy gelip duran mylaýym şemalyndan, özüne edilen hyzmat üçin ogullaryny beýgeldip duran ata Watanymdan, biz üçin taýsyz tagallalaryny gaýgyrmaýan hormatly Prezidentimiziň howandarlygyndan alýaryn.

— Çaryýar aga, size sungat äleminde uly üstünlikleri arzuw edýäris.

— Sag boluň. Men asuda, parahat ülkämiziň gülleýişli rowaçlygyny, bagtyýar halkymyzyň mizemez agzybirliginiň dowamat-dowamlygyny, hormatly Prezidentimiziň hemişe janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw edýärin.

 

Söhbetdeş bolan Ýazbibi RASULOWA.